Saud şazadasy: Saud Arabystany Eýran bilen "gowy we aýratyn" gatnaşyklary isleýär

Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Muhammed bin Salman

Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy telewideniýede eden çykyşynda Eýran babatynda ozalkylardan tapawutlylykda has ýumşak gepledi, şeýle-de Saud Arabystanynyň we ABŞ-yň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň iki tarapy hem alada goýýan aglaba meseleler boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.

“Eýran goňşy bir döwlet. Biz Eýran bilen gowy we aýratyn gatnaşyklaryň bolmagynyň tarapynda çykyş edýäris” diýip, täç geýdirilen şazada Muhammed bin Salman 27-nji aprelde telewideniýede eden çykyşynda belledi.

Ol Saud Arabystanyň Eýranyň kyn ýagdaýa düşmegini islemeýändigini aýtdy. “Tersine, biz Eýranyň ösmegini... şeýle-de, regiony we dünýäni rowaçlyga tarap eltmegini isleýäris” diýip, Salman belledi.

Iki ýurduň gatnaşyklary 2016-njy ýylda, haçanda eýran protestçileri şalykda belli şaýy ruhanysynyň öldürilmegine garşy saudlaryň diplomatik missiýasyna hüjüm etmeginden soň kesilipdi.

Iki döwlet Ýemende hem garşylykly taraplary goldaýar. Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Eýran bilen ilteşikli Huthi jeňçilerine garşy söweşýär.

Şazada Salman mundan ozalky interwýularynda Tährany regionda durnuksyzlygy öjükdirmekde aýyplap, tankyt edýärdi.

Şeýle-de, ol Saud Arabystanynyň Baýdeniň administrasiýasynyň iki tarapy hem alada goýýan meseleleriň 90%-i boýunça ylalaşandyklaryny we galanlary boýunça ylalaşmandyklaryny aýtdy. Ol bu babatynda jikme-jik maglumat bermedi.