Halkara adam hukuklary guramasy Human Rights Watch (HRW) tarapyndan 19-njy aprelde çap edilen hasabatda, Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýerleşýän Sinjiangda adamzada garşy jenaýatyň dowam edýändigi aýdylýar. Hytaý hökümeti uýgurlary we beýleki musulmanlary köpçülikleýin tussag etmek, gynamak, olary medeni däpleri üçin yzarlamak kampaniýasyny giňden we yzygiderli ýöredýän syýasaty üçin jogapkärdir. Ynsan hukuklaryny goraýjylar halkara jemgyýetçiligini beýle işleri amala aşyrýanlary jogapkärçilige çekmek hem-de Hytaý hökümetine basyş etmek üçin utgaşdyrylan çäreleri görmäge çagyrýarlar.
«ADAMZADA GARŞY JENAÝAT ÖLÇEGLERINE LAÝYKLYKDA»
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Hytaý döwletiniň musulmanlara garşy "gaýtadan terbiýeleýiş" prosesi meselesinde "genosid" sözüni eýýäm ulanýar. Hytaý genosidi inkär edýär, Sinjiangda bolup geçýän wakalary bolsa öz "içerki işi" hökmünde häsiýetlendirýär. Pekin sebitdäki döredilen lagerleriň "iş-hünär tälimini berýändigini" hem-de "yslam ekstremizmine garşy" kömek edýändigini öňe sürýär.
Hytaýyň uýgurlara we beýleki türki musulmanlara garşy “Olaryň neslini kesiň, köküni syndyryň” atly göreşini HRW adamzada garşy jenaýat hasaplaýar hem ol ýerde giň çäkde adam hukuklarynyň bozulmalarynyň barýandygyny görkezýär:
- Hiç bir esassyz köpçülikleýin tussag edilmeler;
- gynamalar;
- zor bilen ýitirim etmeler;
- köpçülikleýin yzarlamalar;
- medeniýeti we dini ýok etmek;
- maşgalany bölmek;
- Hytaýa mejbury gaýtaryp getirmek;
- mejbury zähmet;
- jynsy taýdan zorluk;
- köpeliş hukugyny bozmak.
«Gynamalar toparyna “ýolbars oturgyjy” diýilýän elektrik tokly oturgyçda oturdyp sorag etmek we beýleki zorlukly usullar; urup-ýençmeler, uzak wagtlap bir adamlyk kamerada saklamak, jynsy zorluk we tussaglary iýmitden ýa-da suwdan mahrum etmek ýaly çäreler girýär» diýlip, hasabatda aýdylýar.
Adam hukuklary guramasy tarapyndan çap edilen hasabat Adam hukuklary we gapma-garşylyklary çözmek klinikasynyň hem-de Stenford hukuk mekdebiniň kömegi bilen taýýarlandy. Hasabatda ynsan hukuklarynyň bozulmalary baradaky ýokarda görkezilen sanaw "musulman ilatyna garşy giňden ýaýran we yzygiderli dowam edýän hüjümiň bir bölegi" hökmünde görkezilýär.
«Hytaýyň häkimiýetleri türki musulmanlaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, olaryň dinini hem medeniýetini yzygiderli yzarlaýarlar. Munuň bilen Pekin "hünär okuwyny", şeýle-de olaryň "radikallaşmagyna garşy" çäräni üpjün edýändigini aýdýar, ýöne bu ritorika adamzada garşy edilýän aýylganç jenaýatyň hakyky ýüzüni örtüp bilmeýär» diýip, HRW-niň Nýu Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň Hytaý boýunça direktory Sofi Riçardson aýdýar.
Hasabatda "medeni yzarlama" diýilýän çäre bilen baglanyşykly geçirilýän birnäçe iş sanalýar. Bularyň arasyna metjitleriň we beýleki dini ýa-da medeni taýdan möhüm ýerleriň ýykylmagy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriň musulman aýallaryna mejbury goýulmagy, türki dilli musulmanlar bilen lagerleriň içinde hem daşynda “aýratyn” iş alnyp barylmagy girýär diýip, HRW belleýär.
Degişli maglumat "Demografik genosid". Sinjiangdaky uýgurlarda hem gazaklarda çaga dogrulyşynyň azlygy üçin, Pekin tankytlanýarSoňky ýyllarda türki musulmanlaryna edilýän zulum Sinjiangda "görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdi, köpçülikleýin tussag edilmeler we yslam dinine uýmak hereketiniň çäklendirmeleri ýaly usullardan başga-da, mejbury zähmetiň ulanylýandygy, yzarlanmalar hem-de çagany bikanun ýagdaýda öz maşgalasyndan aýyrmak artdy diýlip, hasabatda görkezilýär.
«Hytaý hökümetiniň Sinjiangdaky türki musulman ilatyna garşy alyp barýan syýasatlarynyň we iş ýüzünde amala aşyrýan çäreleriniň halkara jenaýat kanunlary esasynda, adamzada garşy jenaýat ölçeglerine laýyk gelýändigi has aýdyň görünýär. Jenaýaty amala aşyrýanlar barada çäre görmekden geçen, hökümetiň bu jenaýatlary bes etmezligi aýgytly hem utgaşdyrylan halkara çäreleriniň zerurdygyny görkezýär» diýip, Stenfordyň Adam hukuklary we halkara adalat kazyýet merkezinden Bet Wan Şaak aýtdy.
«UTGAŞDYRYLAN GLOBAL ÇÄRELERIŇ ZERURLYGY»
Hasabatyň awtorlary BMG-niň Adam Hukuklary Komitetinde adamzada garşy jenaýat aýyplamalaryny derňemek, hyýanatçylyklar üçin jogapkär işgärleri kesgitlemek we jogapkärçilige çekmegiň ýollaryny teklip etmek hukugy bolan bir organy döretmäge çagyryş edýärler.
Hasabatda wiza we syýahat gadagançylygyny girizmek, Sinjiangda musulmanlara garşy edilen jenaýatlar üçin jogapkär adamlara garşy sanksiýalar, şeýle hem Hytaýda mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmäge gönükdirilen söwda çäklendirmeleri we beýleki çäreler maslahat berilýär.
«Hytaýyň adamzada, türki dilli musulmanlara garşy ýöredýän jenaýatyny bes etdirmek üçin, utgaşdyrylan global çäreleriň zerurdygy has aýdyň ýüze çykýar. Onuň nähili güýçli döwletdigini göz öňünde tutup, Hytaýy jogapkärçilige çekmek aýratyn möhüm» diýip, Sofi Riçardson aýdýar.
2021-nji ýylyň fewralynda Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Sinjiang ilatyna garşy geçirilen 60 jenaýat işini seljerendigini mälim etmek bilen türmä atylan adamlaryň köpüsiniň hiç bir jenaýat etmändigini aýtdy.
«Hytaý häkimiýetleriniň "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerini" ulanmagy halkara derejesinde gahar-gazap döretdi, ýöne Sinjiangda musulmanlaryň tussag edilmegi meselesine resmi kazyýet ulgamy tarapyndan kän bir ähmiýet berilmedi. Edilen jenaýatlaryň käbiri kanuny ýaly görünýänem bolsa, Sinjiang türmelerinde oturanlaryň köpüsi adaty durmuş ýörelgeleri hem dini amallary üçin günäkärlenýän ýönekeý adamlardyr» diýip, Human Rights Watch guramasynyň Hytaý boýunça barlagçysy Maýýa Wan aýdýar.
Degişli maglumat "Meniň Şinjiangdaky yzarlanmalary aýtmazlygym üçin, saraýymyzy otladylar"Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.