Bir ýyl mundan ozal şu gün, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde güýçli harasat turdy. Lebap we Mary sebitlerinde öwezini dolup bolmajak adam ýitgilerine we agyr maddy zyýana ýol açan tebigy betbagtçylygy ýerli ýaşaýjylar gussa bilen ýatlaýar. Häkimiýetleriň betbagtçylyga görkezen biperwaýlygy ýerli ýaşaýjylarda heniz hem gahar-gazap döredýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeş boldy.
Degişli maglumat Analiz: Pandemiýa we harasatdan soňky emelsizlik awtoritar prezidenti hem içerde, hem daşarda gözden düşürdiBir ýyl mundan ozal agşama golaý turan harasat ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş desgalaryna, şäher infrastrukturalaryna, galyberse-de ekin meýdanlaryna agyr zyýan ýetirdi, adam ýitgilerine sebäp boldy.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, diňe harasat güni elektrik sütünleriniň ýykylmagynyň netijesinde Lebapda 10 adam wepat boldy, ýene şonça adam harasatdan soň dörän ýangynlarda aradan çykdy.
Azatlyk Radiosy harasatyň yz ýany azyndan 35 ölüm hadysasy barada habar berdi. Dürli çeşmeler ölenleriň we ýaralananlaryň sanynyň ýüzlerçedigini aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri adam ýitgileri we harasatyň ýetiren zyýanlary barada resmi hasabat çap etmedi.
Aradan bir ýyl geçendigine garamazdan, habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitde heniz hem öz ýaşaýyş jaýlaryny doly dikeldip bilmedik hojalyklar bar.
“Men bular ýaly harasaty ömrümde görmedim” diýip, 82 ýaşy arka atan bir goja gürrüň berýär.
Ýöne ýerli ýaşaýjylar tebigy betbagtçylygyň ýol açan zyýanlary bilen bir hatarda häkimiýetleriň biperwaýlygyna, olaryň harasatdan ejir çeken ilata görkezmedik duýgudaşlygyna deň-derejede gahar-gazap beýan edýärler.
Bir Lebap ýaşaýjysynyň sözlerine görä, harasat aglaba binada üçeklere agyr zeper ýetirdi we köçelerdäki elektrik sütünleriniň agramly bölegini hatardan çykardy.
“Şol harasatdan 25 gün geçenden soň, elektrik üpjünçiligi ýola goýuldy. Soňra bir aýlap diýen ýaly elektrik togy diňe gijelerine bökdençsiz ýola goýuldy. Gündizlerine elektrik wagtal-wagtal kesilýärdi” diýip, ýene bir Lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar özleriniň garaňkyda galan günlerini Türkmenistanda ýurt boýunça 2020-nji ýylyň ahyrynda elektrik togunyň üpjünçiliginde dörän bökdençlik we munuň yz ýany häkimiýetleriň bildiren reaksiýalary bilen deňeşdirýärler.
Degişli maglumat Ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän gijesi howpsuzlyk güýçleri hüşgärligi artdyrdy“2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Aşgabatda we welaýatlarda 2 sagat 40 minut töweregi tok kesilende prezident energetika ministrine berk käýinç yglan etdi. Harasatdan soň biz 25 günläp toksuz oturdyk, ýöne biziň 25 günläp toksuz oturanymyz ne türkmen telewideniýesinde, ne-de metbugatda aýdyldy” diýip, beýleki bir Lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna içini dökdi.
Harasatdan bir ýyl soň, sebitde ýaşaýyş jaýlaryny heniz hem doly dikeldip bilmeýän hojalyklar bu ýagdaýy ähli gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň ep-esli gymmatlamagy bilen düşündirýärler. Türkmenistanda harasatdan ozal hem, harasat günlerinde-de ykdysady kynçylyklar dowam edýärdi. Şol ykdysady kynçylyklar soňky aýlarda barha ýitileşip, ykdysady çökgünlige öwrüldi, meselem, gara bazarda manat dollaryň garşysynda resmi kurs bilen deňeşdirilende 10-12 esse hümmetsizlendi. Munuň bilen bir hatarda, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, gurluşyk harytlarynyň bahalary hem ýokarlanýar.
“Köp adam ozal uçup giden şiferlerini emel edip, täzeden dikledi” diýip, Lebap ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, harasat hususan-da Çärjew, Saýat, Farap etraplarynda we Türkmenabat şäherinde agyr zyýana ýol açdy hem-de adam ýitgilerine sebäp boldy.
Sebitde harasatdan zyýan çeken edara-kärhanalar öz hasabyna gurluşyk işlerini geçirmeli boldular.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebap sebitinde 100 töweregi awto ulaga harasatda zyýan ýetdi.
Bu aralykda, sişenbe güni, 27-nji aprelde Maryda onlarça adam harasatyň birinji ýyl dönüminde häkimiýetlere nägilelik bildirmek üçin welaýat häkimligine bardylar.
Degişli maglumat Harasatyň netijeleri baradaky maglumatlar aradan bir aý geçenden soňra, heniz hem gümürtikliginde galýarAzatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, 40-50 adamdan ybarat topar häkimligiň öňüne baryp, harasatdan soň heniz hem ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň üçeksizdigini, güýçli harasatyň netijesinde ýaralanan ýakyn hossarlaryna gymmatçylyk sebäpli derman satyn almakda kösençlikleri başdan geçirýändiklerini aýtdylar.
“Bize hiç hili ýardam edilmedi! Hatda hökümet biz ýaly adamlary bir gezek hem ýatlamady” diýip, ýygnananlar ýerli-ýerden gygyryşypdyr.
Olar derman serişdeleriniň arzanladylmagyny, harasatda şikes ýeten adamlara dermanlaryň mugt berilmegini talap edipdirler.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, iki häkimlik resmisi ýygnananlary ümsüm diňledi, soňra polisiýa işgärleri olary dargatdy.
Bir ýyl ozal turan harasat Mary sebitine-de agyr zyýan ýetirdi.
Degişli maglumat Syn: Türkmenistandaky netijesiz häkimiýet ilaty proteste itekleýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.