ABŞ şu aýyň başynda Pars aýlagynda Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusynyň gämileriniň Birleşen Ştatlaryň Kenarýaka gorag gämileriniň üstüne abanandygyny aýtdy. ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri munuň şu ýylyň dowamynda bu görnüşli ilkinji hadysa bolandygyny belledi.
Birleşen Ştatlaryň Harby-deňiz güýçleri 2-nji aprelde ýüze çykan hadysanyň netijesinde hiç hili zeperiň ýa-da şikesiň ýüze çykmandygyny aýtdy.
Eýran bu hadysda barada bada-bat maglumat bermedi.
Bu Waşington bilen Tähranyň 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça gepleşiklere başlaýandyklaryny yglan eden döwrüne gabat geldi.
Eýran bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasyndaky gepleşikler şu aýyň başynda Wenada başlady. Olar 27-nji aprelde Awstriýanyň paýtagtynda dowam etdiriler.
ABŞ-nyň harby-deňiz resmileriniň sözlerine görä, Kenarýaka Gorag gullugynyň iki gämisi Pars aýlagyndaky halkara suwlarynda nobatçylyk çekýärkä, Eýranyň üç sany çalt hüjüm gämisi we Hars-55 kysymly goldaw gämisi olaryň üstüne abanypdyr.
Hars-55 gämisi ençeme gezek USCGC Monomoý we USCGC Wrangel gämileriniň öňüni kesip geçipdir. Kenarýaka Gorag gullugynyň gämileri biri-birine gabat gelip çakyşmagyň öňüni almak üçin, manýowr geçirmäge mejbur bolupdyrlar.
“Birleşen Ştatlaryň şahsy düzümi radio arkaly ençeme gezek duýduryşlary yglan etdi, bäş gezek signal berdi. Hars-55 radio talaplaryny alsa-da, özüniň howply manýowrlaryny dowam etdirdi” diýip, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Bahreýndäki 5-nji flotunyň metbugat wekili komandir Rebekka Rebarih aýtdy.
“Birleşen Ştatlar üç sagada golaý wagt duýduryş berenden we goranyş manýowrlaryny amal edenden soň, [Eýranyň] gämileri ABŞ-nyň gämilerinden uzaklaşdy we arany açdy” diýip, Rebarih belledi.
Ol Eýranyň gämileri bilen bagly şu görnüşli “howply we professional bolmadyk” hadysanyň geçen ýylyň 15-nji aprelinden bäri ilkinji gezek ýüze çykandygyny sözüne goşdy.