Hytaý Kommunistik partiýasynyň Sinjiaň sebitindäki metbugat sekretary şu hepde britan kanun çykaryjylarynyň Hytaýdaky uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna çemeleşilini genoside deňemegini "düýbünden esassyz" we "faktlara ters gelýän" aýyplama hökmünde tankyt etdi.
Azyndan 1 million uýgur we esasan musulman azlyklaryndan bolan adam Sinjýaňdaky lagerlerde tussaglykda saklanylýar diýip bilinýär. Bu ýerde bir topar hukuk bozmalar, şol sanda aýallary zor bilen önelgesiz etmek, mejbury zähmet we esasy azatlyklaryň yzygiderli bozulmagy ýaly köp sanly eden-etdilik hasaba alyndy.
ABŞ hökümeti, Belgiýanyň, Niderlandiýanyň parlamentleri we Kanada Pekini genosidde aýyplaýar.
Britan jemgyýetçilik palatasy 22-nji aprelde Sinjiaň sebitinde uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daralyşyny adamzada garşy jenaýat we genosid diýip yglan edýän parlament teklibini tassyklady.
Kabul edilen we hökmany güýji bolmadyk jarnama kanun çykaryjylaryň arasynda hytaý hökümetine bolan nägileligiň artýandygyny aňladýar.
"Britanlar tarapyndan kabul edilen karar düýbünden esassyz" diýip, sözçi we ýerli partiýa guramasynyň direktorynyň orunbasary Su Guixiang aýtdy.
"Bu karar käbir syýasatçylaryň, käbir akademiki institutlaryň, bilermenleriň, alymlaryň we käbir şaýatsumaklaryň aýdanlary esasynda kabul edildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hytaý hökümeti sebitdäki içerki lagerleriň hünär taýýarlygyny bermek we yslam ekstremizmine garşy göreşmek üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.