Golaýda Azatlyk Radiosy Bäherdendäki Şähryslam orta asyr şäher galasynda alnyp barylýan rejeleýiş işlerini görkezýän fotosergi çap etdi.
Gadymy galanyň rejeleýiş işleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň çäginde maliýeleşdirilýär.
IX asyrda esaslandyrylan Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm şäherleriň biri bolupdyr. Häzir türkmen arheologlary gadymy galanyň harabalarynda geçmişi öwrenýär.
Türkmenistanyň çäginde tutuş düýrmegi bilen taryhdan sapak berýän gadymy galalara, gadymyýetiň yzlaryna duşmak bolýar.
Gadymy Merw we Köneürgenç ýadygärlikleri, şeýle-de Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Şeýle-de, “Görogly” şadessany, türkmenleriň milli halyçylyk sungaty we “Kuştdepdi” adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ÝUNESKO sanawyna girizildi.
Şähryslam orta asyr şäher galasynyň dikeldiş işlerine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde gatnaşýar.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň web-saýtyna görä, Lebapda Daýhatyn kerwensaraýynyň rejeleýiş işleri, Goňurdepäniň ýerasty guburlarynyň syrça bezegleriniň öwrenilmegi, Daşoguzdaky Ysmamyt-Ata ýadygärliginiň dikeldiş işleri, Änewdäki Seýit-Jemaletdin metjidiniň syrça bezegleriniň we ýazgylarynyň dikeldilmegi, Merwdäki Uly we Kiçi gyz galalarynyň dikeldilmegi, Gadymy Dehistandaky Şir-Kebir ata metjidiniň goralyp saklanylmagy we başga-da birnäçe gadymy ýadygärlikleriň rejelenmegi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany gadymyýetiň ýaňyna diň salýar we türkmen topragynda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleriň halk hakydasynda galdyran yzlaryna nazar aýlamaga synanyşýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar