Ýene pul ýygnalýar. Ýokardan gelýän bikanun buýruga 'ýok' diýýän ýok

Nobatdaky çäre üçin maşgala býujetiniň hasabyna 'jowur ak geýinmeli bolan' çagalar. Bezeg suraty

Bilim almak hukugy raýatlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, döwlet raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär. Emma bu diňe kagyz ýüzünde şeýle. Sosial adalatsyzlyk käte biwagt ölüme hem getirýär.

Türkmenistanyň çagalar baglarynda we mekdeplerinde bejeriş, abatlaýyş işleri üçin ene-atalardan, okuwçylardan bikanun pul ýygnamaga başladylar. Iň ýokary derejelerde goldanýandygy aýdylýan pul salgydy, adatça bolşy ýaly, bejeriş işlerini 25-nji maýa, soňky jaň dabaralaryna çenli tamamlamak maksady bilen salynýar.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylar munuň häzirki ykdysady kynçylyklar döwründe 'durnanyň üstüne urna bolandygyny', häkimiýetleriň her ýyl ene-atalara, okuwçylara görkezilýän ykdysady basyşlaryň barha köpelýän garyp maşgalalary nä günlere salýandygyna hem baş galdyrmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenabatda mekdep okuwçylaryndan 60-100 manat aralygynda, çagalar baglarynda 40-80 manat aralygyna pul toplanýar.

Ýokardan berlen görkezmä laýyklykda, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň tomusky toparlarynyň, soňky jaň dabaralarynyň geçiriljek ýerleriniň, çagalar meýdançalarynyň 25-nji maýa çenli doly abatlanmagy, reňklenmegi we dabaraly çärelere taýýarlanyp goýulmagy talap edilýär diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň üç mekdep okuwçysy özüni heläkledi

Onuň sözlerinde görä, pikiri soralan ene-atalaryň hiç biri bu ýagdaýdan razy däl, ýöne adamlar açyk nägilelik bildirmekden çekinýärler.

"Döwlet her ýyl Bilim we Saglygy saklaýyş müdirliklerine pul goýberýär, ýöne ol serişdeler harçlanmaly ýerlerine harçlanman, ýerli ýolbaşçylaryň öz arasynda ýitirim edilýär" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, goýberilýän döwlet serişdeleri ýerlikli ulanylsa, Bilim müdirligi her ýyl çagalar baglaryndaky oýun meýdançalaryny abatlamak, reňklemek üçin ene-atalardan pul soramaly bolmazdy.

"Çagalar baglarynyň tölegleri şonsuz hem ýokary, köp adam muňa zordan pul tapýar, üstesine ol ýerde çagalara berilmeli azyk önümleri hem ogurlanýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ene sözüniň üstüni ýetirdi.

Mekdeplerdäki, çagalar baglaryndaky bejeriş, abatlaýyş işleri üçin ene-atalara bikanun salgyt salmak diňe sebitlerde däl, Aşgabatda hem adaty zat hasaplanýar.

Şu gün gelen habara görä, paýtagtdaky mekdeplerde hem ene-atalardan pul ýygnalýar.

"Şäheriň 15-nji mekdebinde mugallymlar her okuwçydan bejeriş işleri üçin 100 manat getirmegini talap edýär" diýip, habarçy aýtdy. Ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, bu mekdepde her okuw ýylynyň aýagynda bejeriş puly ýygnalýar we ol serişdäniň möçberi her ýyl ýokarlanýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň ýene bir mekdep okuwçysy özüni dördünji gatdan oklady

"Iň kyny mekdebi tamamlaýanlaryňky, sebäbi uçurymlar 200 manatdan bermeli" diýip, habarçy aýtdy.

"Biz Russiýa hemişelik göçüp gidýäris diýip, göçýäniň durumyny tassyklaýan dokumentiň göçürmesini hem görkezdim. Emma klas ýolbaşçym soralýan puly tölemegimi haýyş etdi, ýogsa özüniň tölemeli boljakdygyny aýtdy" diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi bikanun pul toplamagyň diňe ene-atalary däl, mekdep mugallymlaryny hem kyn ýagdaýa salýandygyny gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, mekdep direktorlarynda 1-nji klasdan 11-nji klasa çenli her klasda näçe okuwçynyň okaýandygyny görkezýän sanaw bolup, şol sanaw esasynda hem kesgitlenen serişdäni toplamak ýazylmadyk kanun bolup durýar.

Bu 'kanuna' işçilerden başlap, güýç gurluşlarynyň emeldarlaryna çenli, hemmeler tabyn bolýar.

Degişli maglumat Mekdeplerdäki 'arassalaýyş' güýçlenýär, emeldarlar emläklerini 'ýaşyrmaga' çalyşýar

Eger-de ene-atalaryň arasynda kanunyň berjaý edilmeginde gönüden-gňni jogapkär bolan sud, prokuratura, MHM işgärlerinden biri bolup, garşylyk görkezse, direktor ondan "Siz näme, häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen düzgüne garşymy?" diýip soraýar we şol ýerde hem iş tamam bolýar diýip, habarçy aýtdy.

Klasda talap edilýän serişdäni getirmäge gurby çatmaýan çagalar bar bolsa, ýetmedik puly klas ýolbaşçysy töleýär we olar soň ýuwaş-ýuwaş bergilerini üzmäge çalyşýar. Şeýle-de, klas ýolbaşçylary öz çykaran pullaryny gurplurak, maddy ýagdaýy ganymat bolan maşgalalaryň çagalaryndan alýar we pula derek olara 'gowy bahalary goýmak, öňki hatarlarda oturtmak, öwgüli hüsiýetnama bermek ýaly hyzmatlary' teklip edýär diýip, habarçy aýtdy.

Bilim almak hukugy Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, döwlet raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär.
Emma bu diňe kagyz ýüzünde şeýle.

Hakykatda bolsa, resmi häkimiýetleriň ýaşyryp saklamagyna garamazdan, mekdeplerde dowam edýän sosial adalatsyzlyk zerarly, soňky jaň dabaralaryna gabat, garyplyk we kemsitmeler arasynda, öz janyna kast edýän ýaşlar baradaky maglumatlar hem syzyp çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.