Türkiýede türkmen aktiwistlerine basyş edilýär

Türkiýede türkmen raýatlary protest geçirýär (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň mundan owal beren maglumatlaryna görä, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly mart aýynyň başlarynda Aşgabada eden saparyndan soňky metbugat ýygnagynda prezident Berdimuhamedowyň çakylygy bilen prezident Rejep Taýyp Erdoganyň iýun ýa iýul aýynda Türkmenistana sapar etjekdigini aýdypdy.

Erdoganyň bu saparyna birnäçe aý galanda, Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine türk häkimiýetleriniň basyş edýändigi barada adam hukuklary boýunça düýbi Moskwadaky “Memorial” merkezi we düýbi Bolgariýadaky “Türkmen Helsinki Fondy” maglumatlar ýaýratdylar.

Olara maglumat beren aktiwist Dürsoltan Taganowa 14-nji aprelde Stambulyň migrasiýa edarasyndan telefon arkaly çagyrylyp, 15-nji aprelde bolan söhbetdeşlik barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Meni 14-nji aprelde migrasiýa gullugyna telefon arkaly çagyranlarynda, Türkiýedäki ýaşaýyş rugsadyň barada maslahat etmekçi diýip, wagt bellediler. Men 15-nji aprelde migrasiýa gullugynyň edarasyna bardym. Menden bosgunlyk yagdaýym, aktiwistlige haçan we näme üçin başlandygym, deportasiýa lagerine haçan girendigim we haçan çykandygym, daşary ýurtlardaky oppozisiya liderleri bilen gatnaşyklarym barada soradylar. Türkiýede näme etmegi göz öňünde tutýarsyňyz diýip hem soradylar” diýip, Taganowa belledi.

Degişli maglumat Türkiýe bilen Russiýanyň Merkezi Aziýadaky basdaşlygy: Türkmenistan Türki geňeşden 'gaça durýar'

Taganowa özlerini migrasiýa gullugynyň işgarleri diýip tanadan iki şahsyň ähli türkmen aktiwistiniň Türkiýede işjenligini togtatmagyny talap edendigini habar berdi.

“Türkiýede hiç bir hereket etmäň diýdiler. Onsoňam diňe maňa däl-de, köpçülige ýüzlenip aýdan ýaly duýdurýarlar. Bulary maňa döwletiň adyndan duýdurdylar. Türkiýede hiç bir işjeňlik, hereket etmegiňizi islämizok diýdiler “ diýip, ol sözüne goşdy.

Olaryň şeýle talabynyň sebäplerine düşündirişleri barada Dürsoltan Taganowa Azatlyk Radiosyna jikme-jik gürrüň berdi.

“Men Türkiýede dymyp bilmeýändigimi aýdyp, Türkmenistandaky ýagdaýlary düşündirdim. Olar Türkmenistan barada meniň aýdyp beren zatlarymdan has doly maglumatlara eýe eken. Emma olar Türkmenistanyň we Türkiýäniň gatnaşyklarynyň örän ynjykdygyny aýtdylar. Hut şonuň üçinde, biziň Türkiýede hiç-hili hereket etmeli däldigimizi duýdurdylar” diýip Taganowa belledi.

Emma Dürsoltan Taganowa bu basyşlara garamazdan, Türkiýäniň kanunlaryna laýyk işjeňligini has-da güýçlendirmek isleýändigini aýdýar we prezident Erdogandan kömek soraýar.

“Men aktiwistligimi öňkülerden has güýçli dowam etdirmekçi. Sebäbi, biz demokratik Türkiýäniň hiç bir kanunlaryny bozmadyk. Türkiýede söz azatlygy barada kanun bar we ol türk, daşary ýurt raýatlaryna degişli. Şonuň üçinde, biz Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana ýüzlenýäris. Biz prezident Erdoganyň Türkmenistanyň diktator prezidenti Berdimuhamedowyň däl-de, daşary ýurtlarda ejir çekýän türkmen halkynyň arkasyny tutmagyny, aktiwistlere basyş etmezligini haýyş edýäris” diýip, Dürsoltan Taganowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýöne Taganowa bilen Stambulyň migrasiýa gullugynda edilen söhbetdeşlik bilen bagly türk resmilerinden kommentariýa alyp bolmady.

Mundan owal Taganowa Stambulyň deportasiýa merkezinde üç aý galypdy.

Ynsan hukuklaryny goraýan guramalaryň çagyryşlary netijesinde 2020-nji ýylyň oktiýabrynda Taganowany merkezden boşatdylar we ol Türkiýeden başpena sorap, arza bermäge mümkinçilik aldy.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar Dürsoltan Taganowa bilen ilteşikli bu hadysany tankytlap, türk häkimiýetlerini ynsan hukuklary barada gol goýan halkara ylalaşyklaryna we öz kanunlaryna hormat goýmaga çagyrýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, türk häkimiýetleriniň Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine owalam basyş edendigini garaşsyz çeşmeler bildiripdi.

Şu ýylyň fewral aýynda türkmen aktiwistleri ýaş pälwan Süleýman Tursunbaýewiň ölümine Stambulyň merkezi Taksim meýdançasynda ýekelikde protest geçirmekçi bolanda, türk polisiýasy rugsat etmedi.

Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar.