Aşgabatda polisiýa zibil dörýänlere garşy 'göreşi' täze derejä çykarýar

Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.

Aşgabatda polisiýa işgärleri zibil dörýän adamlara garşy 'göreşi' güýçlendirýär. Indi häkimiýetler jemagat gullugynyň işgäriniň eşigini geýen adamlara hem zibil dörmegi gadagan edýär.

Mundan ozal, türkmen polisiýasy zibil dörýän adamlardan jemagat gullugynyň eşigini geýmegi talap edipdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň dürli sebitlerinde zibil dörýän adamlaryň sany barha köpelýän wagtynda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda zibilden plastik gap gözleýän adamlara polisiýa gözegçiliginiň güýçlenýändigini habar berýär.

Geçen anna güni habarçynyň şaýat bolan bir wakasynda polisiýa işgäri jemagat gullugynyň eşigindäki bir aýal adamdan zibil dörmegi bes etmegi talap etdi.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy dilegçiler we zibil dörýänler bilen 'göreşýär', olaryň köpüsi çagalar we aýallar

Jemagat gullugynyň işgäriniň sözlerine görä, plastik gap kabul ediş nokatlary her bir plastik gap üçin 20 teňňe töleg töläp, adamlardan plastik gap kabul edýär. Plastik gaplar önümçilikde ulanylýar. Ol zibilhanadan plastik gap gözleýär.

Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, adamlara zibilhanalardan kardon kagyzlaryny we plastik gaplary çöplemek gadagan edilipdir.

Polisiýa jemagat gullugynyň işgärinden zibil dörmezlik barada iş ýerinde olara duýduryş berlip-berilmändigini soraýar.

Işçi özlerine 800 manat möçberinde aýlyk hakynyň tölenilýändigini we munuň “hiç zada ýetmeýändigini” gürrüň berýär.

800 manat dollaryň resmi alyş-çalyş nyrhy boýunça 228 dollara, gara bazar nyrhy boýunça tas 20 dollara barabar bolýar.

Habarçynyň sözlerine görä, polisiýa jemagat gullugynyň işgärinden plastik gaplary yzyna goýmagy talap edýär.

“Gadagan diýildimi, diýmek gadagan!” diýip, habarçy polisiýa işgäriniň zibil dörýän aýal adama aýdan sözlerini getirýär.

Martyň ahyrlarynda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy türkmen polisiýasynyň zibil dörýän adamlara we dilegçilere garşy göreşýändigini, olardan zibilhanalara baranlarynda jemagat gullugynyň işgäriniň eşigini geýmegi talap edýändigini habar berdi.

Degişli maglumat Toýa gap alyp, ähli çagasy bilen gelýän köpeldi, dükançylar söwdadan zyýan çekýär

Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar barha ýitileşýär. Ykdysady kynçylyklaryň barha ýitileşmegi bilen zibil gözleýän adamlar, köçelerde gedaýçylyk edýän adamlar we zähmet çekip, gazanç etmeli bolýan çagalar has köpelýär.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda ykdysady mümkinçilikleri pes hojalyklaryň toý we ýas ýerlerine ýanlary bilen ýörite gaplary we tabaklary alyp barýandyklaryny we olaryň galan-gaçan naharlary ýanlary bilen öýlerine alyp gaýdýandyklaryny habar berýärler.

Käbir adamlar iýmitlendirmek üçin çagalaryny ýany bilen getirýärler diýip, habarçylar gürrüň berýär.

"Çagalaryň açlygy aýratyn täsir galdyrýar. Çagalar stoluň üstündäki zatlaryň hemmesini derrew iýýärler. Käte çagalar jedelleşýärler we süýji kökeleriň üstünde uruşýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Türkmenistanyň ilaty agyr ykdysady krizis, işsizlik we azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hökümet sosial-ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän wagtynda, has köp maşgala döwlet kömek pullaryna we pensiýalara garaşly galmaga mejbur bolýar, pula gan tabşyrmak isleýän adamlaryň nobatlary artýar. Bu şertlerde dilegçilik we zibil dörýänler köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.