Türkmen görnüşleri - 16-njy hepde
Aşgabat. Daşarda, baglaryň saýasyndaky oturgyçda oturyp, pandemiýa döwründe 'göwün posuny açýan', iç döküşýän joralar. Mart, 2021.
Keselhanadaky nobat. Derman gytçylygy we gymmatlygy ýurduň saglyk pudagynda toplanan çylşyrymly meseleleriň diňe biri hasaplanýar. Aşgabat, mart, 2021.
Ýoldan barýan oglan. Aşgabat, mart, 2021.
Köçedäki maskaly aýallar. Aşgabat, mart, 2021.
Gijeki Aşgabat. Aprel, 2021. Turkmenistan.
Türkmen paýtagtynda bolan syýahatçylar täze gurlan beýik we owadan jaýlaryň arasynda daşaryk çykyp dynç alýan, gezip ýören adamlaryň azdygyny, ýöne awtobus duralgalarynyň köplenç boş bolmaýandygyny aýdýarlar. Aşgabat, mart, 2021.
Ozalky Büzmeýin, häzirki Abadan şäherinde penjirelerine demir gözenek oturdylan jaýlaryň biriniň işigi. Mart, 2021.
Aşgabadyň alkymyndaky Kaka etrabynda bir köçe. Ýurduň etrap, oba ýollarynyň köpüsi otuz ýyl bäri bejergi görenok diýip, habarçylar we ýaşaýjylar aýdýar. Mart, 2021.
Köçedäki çagalar. Aşgabat, mart, 2021.
Türkmenistanly ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul geçirmekde kynçylyk çekýär. "Türkmenbankyň" Aşgabatdaky 11-nji etrapçada ýerleşýän binasynyň ýanyna gelen adamlaryň aladalary hem şu kynçylyk bilen bagly. Mart, 2021.
Mekdepden gelýän okuwçy gyzlar. Aşgabat, mart, 2021.