Baýden we Merkel Orsýetiň ukrain serhedine goşun çekmegini maslahatlaşdy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel telefonda gürleşdi. Arhiw suraty

Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer Orsýeti serhet ýakasyndaky dartgynlygy ýokarlandyrmaga synanyşmakda günäkärlese, Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burns ABŞ-nyň Senat komitetine Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary serhetde goşun toplanmagyna çynlakaý garamaly diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň Ukraina bilen serhetde toplan goşunlarynyň möçberiniň azaldylmagynyň sebitdäki dartgynlygyň peselmegine kömek etjekdigi barada bir pikire geldi diýip, Merkeliň edarasynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Kansler we prezident ýagdaýy gowulandyrmak üçin Orsýetiň bu ýere soň getiren goşmaça güýçlerini yzyna çekmegini talap etmek zerurlygy barada bir pikire geldi" diýip, german hökümetniň metbugat wekili Steffen Seibert iki lideriň 14-nji aprelde eden telefon söhbetdeşliginden soň aýtdy.

Soňky fotosuratlar, wideo we beýleki maglumatlar rus ýaragly güýçleriniň ukrain serhediniň golaýyna, basylyp alnan Kryma tarap eden uly hereketlerini görkezip, Orsýetiň Ukraina goşun ibermäge taýýarlanýandygy baradaky aladalary güýçlendirýär.

Baýden bilen Merkeliň arasyndaky söhbetdeşlik NATO ministrleriniň geçiren wideo maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg öz çykyşynda rus goşunlarynyň bu sebite 2014-nji ýylda Krym anneksiýa edileli bäri iň köp esgeriniň getirilendigini aýtdy.

Stoltenberg NATO agzalarynyň Orsýeti "özüniň agressiw öjükdiriji hokgalaryny bes etmäge" çagyrýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin Ukrainanyň biraz wagt bäri enjamlar we tälim bilen üpjün edilendigini, Birleşen Ştatlaryň zerur bolan halatynda şeýle goldawy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer 14-nji aprelde Orsýeti serhet ýakasyndaky dartgynlygy ýokarlandyrmaga synanyşmakda günäkärlese, Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) müdiri William Burns ABŞ-nyň Senat komitetine Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary serhetde goşun toplanmagyna çynlakaý garamaly diýdi.

Kramp-Karrenbauer ARD jemgyýetçilik telewideniýesine beren interwýusynda, özünde galan täsire görä, Orsýetiň "reaksiýa döretmek üçin ähli zady synaýandygyny" aýtdy.

"Orsýetiň, aýdaly, NATO tarapyndan herekete garaşýandygy düşnükli, sebäbi şonda oňa öz hereketlerini dowam etdirmek üçin bahana boljak" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýet özüniň günbatar serhedine goşun ibermeginiň sebäbini transatlantik ýaranlygyndan abanýan "howplar" sebäpli geçirmekçi bolýan söweş türgenleşikleri bilen düşündirýär.

Emma Kramp-Karrenbauer, eger-de bu türgenleşik bolsa, "aç-açanlygy we ynamy döredip biljek halkara proseduralary bar" diýip, bu aýdylýana şübhe bildirdi.

Orsýet goşun iberip we referendum gurnap, 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp aldy, emm bu ses berişlik azyndan 100 ýurt tarapyndan bikanun diýip yglan edildi.

Şeýle-de, Moskwa 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada 13 müňden gowrak adamyň ölümine getiren uruşda Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistleri goldaýar.

ABŞ Senatynyň aňtaw komitetinde çykyp gürlän Burns Orsýetiň bu ýurda girmek üçin serhetde ýeterlik derejede harby güýç we enjam toplandygyny aýtdy.

Ozal Orsýetde ilçi bolan Burns, Moskwa babatdaky tejribesine salgylanyp, gürrüňi edilýän harby işjeňligiň "[Ukrainanyň içine] çäklendirilen möçberde goşun salmak üçin esas döredip biljek derejä ýetendigini" aýtdy.

"Meniň saçlarymyň köpüsi [Wladimir] Putiniň Orsýeti bilen işleşen ýyllarynda agardy, onsoň meniň ol ýerde öwrenen zatlarymyň biri prezident Putiniň we rus ýolbaşçylarynyň öz töwerek-daşyna azar bermek usullaryna kembaha garamazlyk boldy" diýip, Burns komitet gazlaryna aýtdy.

Dartgynlylygyň ýokarlanmagy bilen, Baýden Putine sammit geçirmek teklibini etdi, Orsýet bu teklibi ara alyp maslahatlaşýandygyny aýdýar.