Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara garşylyk toparlaryna goşulmazlygy ýene bir gezek duýdurýar

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylar Stambulda türkmen hökümetine garşy protest geçirýär. 19-njy iýul, 2020 ý. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň gündogarynda häkimiýetler daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlary bilen ýygnak geçirip, ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada ýene-de bir gezek duýduryş berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap etrabynda 13-nji aprelde häkimiýetleriň raýatlar bilen geçiren duşuşyklary barada habar berdi.

Farapda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri, ýerli polisiýa işgärleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan ençeme türkmenistanlylaryň ene-atalary we dogan-garyndaşlary gatnaşypdyr.

Duşuşygyň dowamynda häkimiýetler ýene-de bir gezek daşary ýurtlardaky raýatlardan garşylyk toparlaryna goşulmazlygy berk talap etdi, olardan Internet ulgamlarynda hökümete garşy çykyş etmezligi talap etdi.

Degişli maglumat Türkmenabatda Berdimuhamedowa garşy listowkalar peýda boldy, MHM olary çap eden adamlary gözleýär

“Olara esasan Internet ulgamlarynda çykyş etmezligi, Arkadaga garşy toparlara goşulmazlygy berk tabşyrmagy talap etdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdelerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag diýilýär.

Galyberse-de, ýygnaga gatnaşan ene-atalaryň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri raýatlar bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň aňtaw gulluklarynyň daşary ýurtlarda işjeň hereket edýändigini duýdurypdyrlar.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige mälim etmeýär. 2019-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky on ýylyň dowamynda 2 million töweregi raýatyň uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçüp gidendigini mälim etdiler.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklar has köp türkmenistanlynyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmagyna alyp geldi.

Ýöne global koronawirus pandemiýasynyň ara girmegi bilen dünýäde, şol sanda Türkmenistanda halkara gatnawlar çäklendirildi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Farapda geçirilen ýygnakda häkimiýetler halkara gatnawlaryň açylmagy bilen bagly meseläni hem gozgapdyrlar.

Ýygnakda halkara ýollaryň 2023-nji ýylyň martynda açyljakdygy aýdylypdyr.

Türkmen resmileriniň halkara hereketiň 2023-nji ýylda ýylda täzeden ýola goýulmak ähtimallygyny agzamagy birinji gezek däl.

Mundan ozal, mart aýynda Russiýada türkmenistanly talyplar bilen duşuşan bir türkmen diplomaty serhetleriň 2023-nji ýyla çenli açylmajakdygyny aýtdy.

Ýöne Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda gaýtarmak işlerini ýola goýdy, şu wagta çenli ýörite uçar gatnawlary bilen Hytaý, Türkiýe, Russiýa ýaly ýurtlardan raýatlary yza gaýtardy.

Şeýle-de, Farapda geçirilen ýygnakda migrant hossarlaryna daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň arasyndaky ölüm hadysalary barada ýerli häkimiýetleri habarly etmek tabşyryldy.

Azatlyk Radiosy 11-nji aprelde daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň arasyndaky birnäçe ölüm wakasy barada habar berdi.

Degişli maglumat Häkimiýetler garşylyga goşulanlaryň 'dönük bolup', jeza çekjekdigini duýdurýar

Geçen ýyl koronawirus pandemiýasynyň fonunda Türkiýede 60-dan gowrak türkmenistanly migrant ýasama içgiden zäherlenip, jan berdi. Olar Stambulyň bir gonamçylygynda jaýlandy.

Ýygnaga gatnaşan ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, türkmen aňtaw gulluklarynyň daşary ýurtlarda işjeňdigini öňe sürýän häkimiýetler, pajygaly pursatlarda daşary ýurtlardaky türkmenlere ýardam bermek üçin däl, eýsem, olar barada özlerinde bar bolan maglumatlary täzelemek üçin, ölümlerden habarly galmagy zerur hasaplaýar.

“Olara ýardam bermekden söz açmadylar” diýip, Farap ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri mundan ozal hem daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada duýduryşlar bilen çykyş etdiler.

Häkimiýetler 2020-nji ýylyň iýulynda Lebapda we Daşoguzda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hossarlary bilen ýygnak geçirip, olaryň garşylyga goşulmazlygy barada duýdurdylar we protest hereketlerine goşulan adamlaryň “dönük bolup” jeza çekjekdigini aýtdylar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň dürli pikirlilige we tankyda garşy görkezýän basyşlary halkara hasabatlarda-da öz beýanyny tapýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde, türkmen hökümetini tankytlamaga milt edýän türkmenistanlylaryň “watana dönüklikde” aýyplanyp, tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz galýandygy nygtalýar.

Degişli maglumat Oppozisiýanyň YouTube çykyşlary ýerli häkimiýetleri ynjalykdan gaçyrýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.