ABŞ-da 100 million adama waksina berildi

Waksinasiýa edilýän ýer, Kaliforniýa, ABŞ, 15-nji mart, 2021

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, 100 million adama waksina etmek üçin möhüm tapgyra gadam basýar we saglyk işgärleriniň wirusyň täze görnüşleriniň ýokaşmagy zerarly keselçilik derejesiniň ýokarlanmagy baradaky duýduryşlary bilen bir wagtda ykdysadyýetiň täzeden açylmagy ugrunda tagalla edýär.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň 1-nji aprelde beren maglumatlaryna görä, 99,6 milliondan gowrak adam ýa-da ABŞ-nyň ilatynyň 30% koronawirusa garşy waksinanyň azyndan bir dozasyny alypdyr.

56 million töweregi adam doly sanjym alypdyr.

Prezident Jo Baýden 20-nji ýanwarda Ak tama baranda, ilkibaşda iş başyndaky ilkinji 100 gününde 100 million adama waksina bermegi maksat edinipdi. Täze maksat 200 million sanjym dozasyny bermekden ybarat.

"Moderna" we "Pfizer-BioNtech" sanjymlary iki tapgyrlaýyn edilmegini talap edýär.

Başga bir gowy habarda, Pfizer we nemes hyzmatdaşy BioNTech, COVID-19 sanjymynyň uzak möhletli täsiri barada täzelenen netijeleri yglan etdiler.

Kompaniýalar sanjymyň simptomatiki kesellere garşy 91% täsirlidigini we iki dozaly sanjymdan alty aý soň agyr keseliň öňüni almakda has goraglydygyny aýtdylar.