Prezident Berdimuhamedow indi parlamentiň ýokarky palatasynyň agzasy hem boldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyldy. Bu barada 29-njy martda prezidentiň öz geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi. Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ilkinji sanawynda ýokdy we onuň saýlanylmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy.