Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyldy. Bu barada 29-njy martda prezidentiň öz geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi. Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ilkibaşdaky sanawynda ýokdy we onuň saýlanylmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy.
Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisi barada habar berdi.
Hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow 28-nji Ol saýlawlaryň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi” aýtdy. Saýlaw toparynyň başlygy Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli prezident Berdimuhamedowy gutlady.
Hökümet maslahatynda Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa çykyş etdi we “prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm waka bilen, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet baştutany üçin saýlawçylaryň ýüz göteriminiň ses berendigini belledi” diýip, döwlet metbugaty habar berýär.
63 ýaşly Berdimuhamedow parlamentiň ýokarky palatasyna Ahal welaýatyndan saýlandy, şeýlelik bilen ol ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy bolmak bilen bir hatarda kanun çykaryjy organyň agzasy boldy. Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetiniň, ýagny Ministrler Kabinetiniň başlygydyr.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Bellemeli ýeri, geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen konstitusion üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň prezidenti näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary täze prezident saýlanylýança Halk Maslahatynyň başlygyna geçirilýär. Şeýle ýagdaýda, eger-de ol öňümizdäki günlerde ýokarky palatanyň başlyklygyna saýlanylsa, ähtimal, Türkmenistanyň prezidenti ýurtda konstitusion krizisiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biljek ýagdaý döretmegi mümkin.
Türkmenistanyň baş kanuny ýurduň prezidentine parlamentde orun almagy çürt-kesik gadagan edýär.
Konstitusiýanyň 73-nji maddasyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da deputaty bolup bilmeýär.
Galyberse-de, Konstitusiýanyň 87-nji maddasyna görä, Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmeýär.
Şeýle-de, baş kanuna laýyklykda, parlamentiň ýokarky palatasynyň sekiz agzasy prezident Berdimuhamedowyň özi bellemeli.
Azatlyk Radiosy prezidentiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen bagly soraglar boýunça Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.
Ol munuň aňyrsynda ýatan sebäpleri çaklamagyň örän çetindigini aýtdy.
“Konstitusiýa görä, ol [Gurbanguly Berdimuhamedow] şol bir wagtyň özünde ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy we kanun çykarjy ulgamyň agzasy bolup bilmeýär. Bu Konstitusiýada ýazylanlara doly çapraz gelýär. Ýöne beýleki tarapdan, biz elbetde Türkmenistanda konstitusiýanyň manysynyň ýokdugyny bilýäris. Olar ony isleýişleri ýaly uýgunlaşdyrýarlar. Ýöne bu sapar munuň örän aç-açan bozulmagy haýran galdyrýar” diýip, Panniýer aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen Türkmenistanyň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Soňky konstitusion üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň doly görnüşi “Türkmenistan”, “Bitarap Türkmenistan” gazetleriniň 2020-nji ýylyň 26-njy sentýabr sanlarynda köpçülige ýetirildi. Şeýle-de, Konstitusiýanyň soňky rejelenen görnüşi 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda girizilen üýtgetmeler bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda çap edildi.
Eýsem, prezident Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen ol bu edaranyň başlyklygyna-da saýlanarmy?
“Onuň häsiýetinden we hökümet dolandyryşyndan çen tutulsa, onuň islendik edarada ikinji ýa-da üçünji wezipäni kabul etjekdigine ynanmak örän kyn. Bu hiç haçan beýle bolmady. Ol Ýaragly Güýçleriň serkerdebaşysy, ol ýurduň prezidenti. Onuň eýelän her bir wezipesi iň ýokary wezipedir" diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert aýtdy.
Bellesek, şu ýylyň 1-nji mart – 6-njy mart aralygynda metbugatda çap edilen 111 dalaşgäriň ilkibaşdaky sanawynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady ýokdy. Ýöne Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlaryň jemlerine görä, “Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna Türkmenistan boýunça 112 dalaşgäriň hasaba alnandygyny” yglan etdi. Şonuň üçin prezidentiň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagyna garaşylmady.
Bilermenler geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen konstitusion üýtgetmelere we goşmaçalara prezidentiň häkimiýeti ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirmek synanyşygy hökmünde garaýarlar. Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda hökümet başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellenildi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy boldy.
Türkmenistanda 28-nji martda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň gytaklaýyn saýlawlary geçirildi. Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäheriniň ýerli halk maslahatlarynyň agzalary ses berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.