Täjigistanda 12 ýaşly gyza öýlenen 46 ýaşly adam 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Illýustrasiýa suraty

Duşenbe şäheriniň Sino etrap kazyýeti 46 ýaşly ýerli ýaşaýjyny 12 ýaşly gyz bilen dini nika baglaşyp, oňa öýlenendigi üçin, üç ýyl azatlykdan mahrum etdi. Täjigistanda gyzlar diňe 18 ýaşyna ýetenlerinde, durmuşa çykyp bilýärler.

Etrap kazyýetinden Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýdylyşyna görä, Dawlatmand Kasirow babatda çykarylan karar güýje girizilýär we iş kesilen geljek üç ýylyny umumy düzgünli koloniýada geçirmeli bolar.

"Hukuk inisiatiwasy" jemgyýetçilik guramasynyň aklawçysy ýaş gyzyň hukuklaryny gorap çykyş etdi. Ol 17-nji martda kazyýetiň 46 ýaşly Dawlatmand Kasirowyň kämillik ýaşyna ýetmedik gyza azgynçylykly ýanaşmakda günäli tapandygyny mälim etdi.

Jemgyýetçilik guramasyndaky çeşme hem aldawa düşen gyzyň mekdebe gaýdyp gelendigini aýtdy. «Kazyýet derňewinde, ol adam azgynçylyk baradaky günäni boýun almady, ýöne psihologiki barlaglar dini nika gyýlan mahalynda, ol gyzyň güýçsüz, hatda özünden uly adamyň erkine tabyn bolmaga mejbur ýagdaýa düşendigini görkezdi» diýip, biziň gürrüňdeşimiz belledi.

Geçen ýylyň 5-nji awgustynda Täjigistanyň Içeri işler ministrligi “Hoja Dawlat” ady bilen tanalýan Dawlatmand Kasirowyň tussag edilendigini habar berdi. Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan taýýarlanan teleýaýlymda berlen habara görä, paýtagtyň Sino etrabynyň 46 ýaşly ýaşaýjysy aldaw ýollar arkaly 12 ýaşly gyz bilen dini nika baglaşypdyr. Teleýaýlymda beren habarda Dawlatmand Kasirow 12 ýaşly gyz bilen dini nika baglaşandygyny boýun alsa-da, ýöne haýsy şertlerde onuň razylyk alandygy belli edilmedi.

Azatlyk Radiosy Hoja Dawlat ýa-da onuň aklawçysy bilen habarlaşyp bilmedi.

Şeýle-de bolsa, Kasirowyň garyndaşlaryndan biri iş kesilen adamyň we onuň aklawçysynyň kazyýetiň karary bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, adwokat çykarylan höküme garşy Duşenbe şäheriniň kazyýetine şikaýat edipdir, ýöne hökümi üýtgedip bilmändir. Ol şeýle hem: «Kasirow Duşenbe şäheriniň kazyýet zalynda, ýaş gyz bilen jynsy gatnaşygynyň bolmandygyny aýtdy» diýip, sözüne goşdy.

Gyzyň ejesiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, I.N. mekdebe gatnaýandygyna garamazdan, henizem psihologyň hyzmatyna mätäçlik çekýär.

«Öňden iki aýaly bolan, üstesine ene-atasyndan gizlinlikde 12 ýaşly gyz bilen dini nika galplygynda aýyplanýan adam üçin, üç ýyl azatlykdan mahrum edilmek örän az» diýip, ene aýdýar. Üstesine onuň salgyt gullugyna hem uly bergisi bardygyny sözüne goşýar.

Aýalyň gürrüňine görä, bulaşyklygyň barysy koronawirus pandemiýasy sebäpli paýtagtda gözellik salonlary ýapylyp, ol işini ýitirenden soň başlanypdyr. «Biz Dawlatmand Kasirowyň eýeçiligindäki kwartirany kireýine aldyk. Kärende üçin 700 somoni töledik. Işimi ýitirenimden soň, Kasirowyň haýyşy boýunça men onuň dükanynda işläp başladym. Edýän işim üçin, azyk iýmitini aldym. Meniň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzym Hoja Dawlatyň aýalynyň öý işlerine kömek etdi. Bir gezek kiçi gyzym ylgap gelip, Hojanyň uly doganyny, ýagny 12 ýaşly gyzymy urýandygyny aýtdy. Men ondan munuň sebäbini soranymda: "Bu seniň işiň däl, ol meniň kanuny aýalym" diýdi. Hoja Dawlatyň jogaby meni haýran galdyrdy» diýip, ene gürrüň berýär.

Aldawa düşen gyzyň ejesi 16 ýyl mundan ozal durmuşa çykypdyr, ýöne adamsyndan aýrylyşyp, indi üç çagasyny ýeke özi terbiýeleýän eken.

Kämillik ýaşyna ýetmedik gyz I.N. Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, Hoja Dawlatyň toruna nädip düşendigini hem-de näme üçin bolan ýagdaýy ejesine aýtmandygyny şeýle düşündirdi: «Hoja menden birnäçe gezek: "Maňa äre çykjakmy?" diýip sorady. Men hiç zada düşünmedim, soň onuň aýaly menden “hawa” diýmegi haýyş etdi. Men diňe "Hawa" diýdim. Gijelerine bolsa meni özüniň we aýalynyň ýanynda ýatmaga mejbur etdi. Men razy bolmadym. Ol meni ýumrugy bilen urup, soňra bogup başlady. Hoja hem onuň aýaly bu barada kimdir birine bir söz aýtsam, meni öldürjekdigi bilen gorkuzdylar.»

2011-nji ýylda Täjigistanda nikalaşmak, gyzlar üçin 18 ýaş diýlip, kanunçylyk derejesinde kesgitlenildi. 2013-nji ýylda Wose etrap kazyýeti ýerli ýaşaýjyny ýedinji synp okuwçysy bilen bile ýaşamakda aýyplap, azatlykdan mahrum etdi.

Golaýda "Hukuk inisiatiwasy" jemgyýetçilik guramasy özlerine diňe geçen ýylyň dowamynda, çagalara garşy zorlamak we beýleki ahlaksyz hereketler barada 12 habaryň gowşandygyny mälim etdi. Ýurt boýunça şeýle hadysalaryň ýene näçesiniň bolup geçýändigini diňe çaklamak mümkin: adatça ýaş pidalaryň ene-atalary däp-dessurlara laýyklykda, wejeralygy aýan etmegi ýa-da dawany islemeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.