"Bitarap" Türkmenistan GDA-nyň sanksiýalara garşy beýanatyna goşuldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistan GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň sanskiýalaryň girizilmegine garşy bilelikdäki beýanatyna goşuldy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda 22-nji martda beýanat çap boldy. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bu barada hiç hili habar ýok.

Bellesek, ABŞ Kremliň prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy we haker hüjümlerini amala aşyrandygy baradaky aýyplamalara jogap edip, Moskwa garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar.

Mundan öň, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň “Nowiçok” toparyna degişli nerw agenti bilen zäherlenendigi baradaky tassyklanan barlaglar we onuň soňy bilen tussag edilmegi bilen baglylykda, Russiýa garşy gadagançylyklary girizipdi.

Ýene bellemeli ýeri, Türkmenistan, adatça, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp bu görnüşli halkara beýanatlaryna kän goşulmaýardy. Mundan başga-da, Türkmenistan 1991-nji ýylda döredilen GDA guramasyna 2005-nji ýyldan bäri assosiirlenen agza hökmünde gatnaşýar.

22-nji martda çap bolan beýanatda, oňa gol goýanlaryň “halkara hukuk namalaryna gabat gelmeýän birtaraplaýyn görnüşde girizilýän mejbur ediş, şol sanda ykdysady çäreleriň ýaýbaňlanmagyna çynlakaý alada bildirýändikleri” nygtalýar.

Beýanatyň awtorlary “özygtyýarly döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesiniň wajypdygyna” hem ünsi çekdiler.

Beýanata rus we türkmen daşary işler ministrlerinden başga-da, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň baş diplomatlary gol goýdular.