Gyrgyzystanyň hökümeti "Meerim" ynsanperwerlik missiýasynyň çäginde, Yrakda galan graždanlarynyň 79 çagasyny ýurda gaýtaryp getirdi. Ýörite uçar 16-njy martda irden Bişkekde gondy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik 79 çaga ýörite taýýarlanan saglygy dikeldiş merkezine äkidildi. Ýöne bu çagalar öz watanyna ene-atasyz dolandylar.
“Iki doganymyň çagalary gaýdyp geldi”
Gyrgyzystana getirilen çagalaryň arasynda Oş oblastynyň Arawan raýonyndan bolan Marlisiň (ady üýtgedildi – redaksiýanyň belligi) iki doganynyň çagalary-da bar. Olaryň hossarlary maşgalalary bilen 2014-nji ýylda Yraga gidipdi. Marlisiň gürrüňine görä, doganlarynyň söweş meýdanynda dereksiz ýitirim bolandygyny eşidipdir, olaryň hersinde bäş çagasy bolan aýallary bolsa türmä düşüpdirler.
«Maňa jaň edip, çagalary getirendiklerini aýtdylar. Iki doganymyň hersinde 5 çaga bar. Iň ulusy 12 ýaşynda. Olaryň baryny getirendirler diýip çaklaýan, sebäbi Yrakda indi gyrgyz çagalarynyň galmandygyny aýdýarlar. Men 10 çaganyň ählisine seredip bilerin. Eger hökümet berse, ene-atasyz galan beýleki çagalara-da eýe çykyp, olary terbiýelemäge taýyn. Men hojalyk işleri bilen meşgullanýan, kiçeňräk biznesim bar. Hökümetimizden örän minnetdar. Olaryň ejeleri-de yzyna gaýdyp gelsediler. Gepleşikler geçirilýärmiş diýip eşitdim. Eneler çagalaryna ýakyn bolmaly» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.
Çagalaryň iň kiçisi 2 ýaşynda
Gyrgyzystanyň hökümeti gyrgyz çagalaryny Yrakdan yzyna gaýtarmak kampaniýasyny "Meerim" ynsanperwer guramasynyň hyzmaty diýip belledi. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, hökümet getirilen çagalara hemmetaraplaýyn kömek eder hem-de olaryň reabilitasiýa edilmegi we reintegrasiýasy, şeýle-de parahat howpsuz durmuşa dolanmaklary üçin, ähli çäreleri görjekdigini wada berýär.
«Gyrgyzystanyň häkimiýetleri 2018-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Fondy (UNISEF), Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti hem-de Yrak häkimiýetleri bilen gepleşik geçirip geldi. Emma, gynansak-da, dürli sebäplere görä, şu güne çenli bu wezipe amala aşmady. Indi bolsa Gyrgyzystanyň täze ýolbaşçylarynyň syýasy erki bilen bu wezipäniň ýerine ýetirilendigini aýdyp bileris» diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew aýtdy.
Daşary işler ministrligi çagalaryň getirilmeginiň Yrakda galan eneleriniň razyçylygy bilen amala aşyrylandygyny aýdýar. Iň kiçi çaga bary-ýogy 2 ýaşynda, iň ulusy 18 ýaşynda. Olaryň köpüsi Gyrgyzystanda doglanlar, soňra ene-atalary bilen söweş meýdanyna gidipdi. Olaryň käbiri eýýäm Yrakda doguldy.
Saglygy saklaýyş ministriniň orunbasary Aliza Soltonbekowa Yrakda çagalaryň ejeleri bilen bilelikde, türmede saklanandygyny aýtdy.
«Çagalar ejeleriniň ýanynda türmede bolupdyrlar. Häzir özlerini ejelerinden uzakda duýýandygy üçin olaryň ýagdaýy erbet. Çagalaryň reabilitasiýasy barada hökümet ýolbaşçysynyň karary çykdy hem şeýle meýilnama işlenip düzüldi. Psihologlar gije-gündiz çagalaryň ýanynda işlärler, zerur bolsa şol ýerde ýatyp-turarlar. Olaryň ýanynda göçme klinika bar, wraçlar çagalara medisina barlaglaryny geçirýärler. Biz her çaga bilen aýratynlykda işleşeris. Okamagy başarmaýan çagalar bar, ýöne indi çagalara has köp güýmenje bermek zerur, olary şatlandyryp, ýaramaz pikirlerden daşda saklamaly. Munuň üçin biz çagalary sirke, gurjak teatryna alyp gitmek ýaly çäreleri göz öňünde tutýarys» diýip, ministriň orunbasary aýdýar.
Resminiň sözlerine görä, çagalaryň resminamalary bilen baglanyşykly meseleler çözüler hem-de belli wagtdan soň çagalar garyndaşlaryna gowşurylar.
Soltonbekowa häzirlikçe garyndaşlaryň çagalar bilen duşuşmandygyny aýtdy, ýöne olaryň garaşýandyklaryny, çagalary öz hossarlygyna kabul etmäge razylyk berýändigi hakda arza ýazandyklaryny-da mälim etdi.
Degişli maglumat "Ýigidiň yzyndan gitdi". Ata gyzyny Siriýadan getirmek üçin, hökümetden kömek soraýarBu aralykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary gyrgyz hökümetiniň Yrakdan 79 çagany yzyna getirip bilmegini gutlady. Degişli beýanat ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy.
«Gyrgyzystanyň hökümetiniň çagalaryň gaýdyp gelmegine kömek etmegi, olaryň çaltrak reabilitasiýasy hem-de jemgyýete täzeden uýgunlaşmagy, howpsuz we parahat durmuşa girişmegi üçin, ähli çäreleri görýändikleri sebäpli öwgä mynasyp» diýlip, beýanatda aýdylýar.
ABŞ-nyň ilçihanasy dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda, Merkezi Aziýanyň Siriýadan hem Yrakdan öz graždanlarynyň köpüsini yzyna getirip bilendigini aýratyn belläp, beýleki ýurtlary hem muňa eýermäge çagyrdy.
Din howpsuzlygy boýunça bilermen Ikboljon Mirsaidow beýleki bir meselä ünsi çekdi:
«Yrakdan diňe çagalaryň getirilmeginiň sebäbini ene-atalary söweş meýdanynda ölendir ýa-da olara günä bildirilip, türmede saklanýandyr diýip hasap edýän. Yragyň kanunlaryna görä, türmedäki daşary ýurtlulary boşadyp bolmaýar. Megerem, Gyrgyzystanyň hökümetiniň synanyşyklary netije bermedik bolsa gerek. Munuň üçin beýleki diplomatik kanallary peýdalanmak zerur bolar. Yragyň türmelerinde Gyrgyzystanyň raýatlary bar. Siriýada galan gyrgyzlar bolsa bosgunlar lagerlerinde. Meniň pikirimçe, häkimiýetleriň indiki ädimi graždanlary Siriýadan gaýtaryp getirmek bolar diýip pikir edýärin.»
Siriýadaky gyrgyzystanlylar
10-njy martda Žogorku Keneşiň mejlisinde Adalat ministriniň orunbasary Marat Kanulkulow hökümetiň Siriýa uçar ibermek barada buýruk berendigini aýtdy. Ýöne bu çäräniň haçan amala aşjakdygyny takyklamady.
Hamida Ýakubowa häzirki wagtda Siriýadaky “Al-Hol” lagerinde bolýan gyzyny Gyrgyzystana gaýtarmak hakda alada edýär.
«Siriýadan gyrgyzystanlylary getirmek barada häzire çenli hiç hili maglumat ýok. Bu mesele boýunça Milli howpsuzlyk komiteti we Daşary işler ministrligi bilen habarlaşdym, maňa ilkinji nobatda Yraga uçar iberiljekdigini aýtdylar» diýip, Hamida Ýakubowa aýdýar.
Bosgunlaryň köp bölegi Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Al-Hasakada ýerleşýän “Al-Hol” lagerinde saklanýar. Ol lagerde Gyrgyzystanyň graždanlarynyň bardygy hakda maglumatlar bar. Mundan başga-da, Siriýa bilen Türkiýäniň serhedine golaýlykda ýerleşýän "Rož" lagerinde hem bosgun köp. Käbir maglumata görä, şol lagerde-de Gyrgyzystanyň graždanlary bolmaly.
Käbir bilermenler lagerlerde iýmitiň ýeterlik däldigini habar berýärler, şol ýerde saklanýanlaryň 90%-niň aýallar we çagalardygy aýdylýar. Lagerdäki bosgunlaryň öz ýakynlaryna aýtmaklaryna görä, lagerde berk düzgün dowam edýär, düzgüni bozýanlara yzygiderli fiziki jeza berilýär.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň 2018-nji ýylda beren resmi maglumatlara görä, Siriýanyň hem Yragyň territoriýasynda hereket eden terrorçy toparlara goşulmak üçin, 850 çemesi gyrgyzystanly gidipdir, olardan 150 adam söweş wagtynda ölüpdir. “Yslam döwleti” diýilýän topara 140 çemesi gyrgyzystanly aýallar goşulypdyr .
Gazagystanyň, Özbegistanyň hem Täjigistanyň hökümetleri öz graždanlaryny Siriýadaky we Yrakdaky söweş zolaklaryndan yzyna getirdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adamlary, şol sanda Gyrgyzystanyň raýatlary 2014-nji ýylda söweş barýan ýere gidip başladylar. 2013-nji ýylda Siriýadaky Rakka şäherinde "halyfat" döredilendigi yglan edilipdi. Dünýäniň köp ýurdy "Yslam döwletini" terrorçy toparlar diýip ykrar etdiler.
Şol wagtlar Yrakda hem Siriýada uly territoriýany ele geçiren ol topar öz güýjüni ýitirdi, müňlerçe söweşiji söweş meýdanlarynda öldüler, ýüzlerçesi ol iki ýurduň türmelerinde galdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.