Britan-şwesiýaly derman öndüriji "AstraZeneca" COVID-19 keseline garşy waksinasy boýunça ABŞ-nyň geçiren barlag synaglarynyň onuň 79% netijelidigini görkezýändigini habar berdi.
ABŞ-nyň barlagyna 30000 meýletinçi gatnaşdy, olaryň üçden iki bölegine sanjym berildi, galanlary plasebo ýagny derman bolmadyk serişde aldy.
Derman kompaniýasy 22-nji martda beren beýanynda COVID-19 waksinasynyň simptomatiki COVID-yň öňüni almakda 79% täsirlidigini we agyr keselleriň hem hassalaryň hassahana düşmeginiň öňüni almakda 100% täsirlidigini aýtdy.
Barlagçylar waksinanyň netijeliliginiň ähli ýaşly adamlaryň arasynda, şol sanda garrylar üçin 80% täsirli bolandygyny öňe sürdüler.
Oksford uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen “AstraZeneca” sanjymynyň 50-den gowrak ýurtda hasaba alnandygyna garamazdan, ABŞ-da oňa entek rugsat berilmedi.
Geçen hepde, esasan Ýewropanyň ondan gowrak ýurdy, "AstraZeneca" waksinasynyň gan damarlary bilen bagly problemalary döredýändigi baradaky habarlardan soň sanjymy ulanmagy wagtlaýynça togtatdy.
ABŞ-nyň barlaglary, "AstraZeneca" waksinasyna global derejede ynamy dikeltmäge kömek edip biler.