Azatlygyň 'esger açlygy' habaryndan soň prezident harby hojalyklara aýlandy

Gurbanguly Berdimuhamedow harbylara gök ekerançylygyň ähmiýetini düşündirýär.

G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň goşunda düýpli özgertmeleri geçirmek wadasyny berdi, harby gullukçylar üçin täze jaýlar salyndy, esgerleriň egin-eşik, aýakgap, azyk üpjünçiligi gowulandyryldy, emma bu başlangyçlar ýurtdaky korrupsiýanyň we ykdysady çökgünligiň gurbany boldy.

Türkmenistanyň prezidenti 18-nji martda Köpetdagyň eteginde harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu tanyşlyk Azatlygyň goşundaky açlyk we korrupsiýa barada 10-njy martda çap eden habarynyň bir hepde soňundan geçirildi, emma TDH-nyň habarynda harby bölümlerde emele gelen agyr ýagdaý barada hiç bir söz aýdylmaýar.

Azatlygyň habarçylary goşunda dowam edýän açlyk, korrupsiýa we zorlukly hadysalar barada yzygiderli habar berýärler. Türkmen häkimiýetleri syzyp çykan maglumatlara açyk reaksiýa ýa-da düşündiriş bermän, adatça, ýagdaýy ýuwmarlamak üçin, prezidentiň ol ýa-da beýleki harby bölüme eden sapary, ol ýerde gurlan döwrebap aşhana we esgerleriň ýyly çörek iýmek mümkinçilikleri barada habar berýär.

Degişli maglumat Esgerler aç galýarlar, harby ýolbaşçylar bolsa, gazanç üçin täze ýollary gözleýärler

Harbylaryň Köpetdagyň etegindäki kömekçi hojalyklaryna edilen sapar barada taýýarlanylan telereportažda hem Azatlygyň esger açlygy barada çap eden soňky maglumatyny gytaklaýyn ýalana çykarmak synanyşygy duýulýar.

Azatlygyň habarçylarynyň goşundaky ýagdaý barada beren soňky maglumaty mundan öň şertleri beýleki bölümlere garanda ganymat saýylan harby bölümlerdäki ýagdaýyň hem agyrdygyny tassyklaýar.

Mysal üçin, Akdepede ýerleşýän "Falanga-1" we Büzmeýinde ýerleşýän "Falanga-2" atly gizlin harby bölümlerde-de esgerler sözüň doly manysynda açlyk çekýär diýip, ýagdaýy gowy bilýän çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy. Bu harby bölümleriň ikisi-de Ahal sebitinde, prezident köşgünden we Goranmak ministrliginiň binasyndan uzak bolmadyk aralykda ýerleşýär.

Ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, "esgerleriň iýmiti diňe şugundyr, käşir we ýarma atylan çorbadan ybarat, başga nahar seýrek bolýar".

Şeýle-de, esgerlere sabyn we diş ýuwmak üçin pasta berilmeýär, olaryň içki eşikleri köne... diýip, Azatlygyň habarçylary goşunda ogullary gulluk edýän ene-atalara salgylanyp habar berýär.

Harby we hukuk gurluşlarynyň ýolbaşçylary prezidentiň gök-bakja, maldarçylyk önümlerini ýetişdirmek tabşyryklaryny belläp alýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň harbylaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, goşunda düýpli özgertmeleri geçirmek wadasyny berdi, harby gullukçylar üçin täze jaýlar salyndy, döwrebap ýaraglar, harby tehnikalar satyn alyndy, esgerleriň egin-eşik, aýakgap, azyk üpjünçiligi gowulandyryldy, emma bu başlangyçlar ýurtdaky korrupsiýanyň we ykdysady çökgünligiň gurbany boldy diýip, synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda bolan harby dikuçar heläkçiliginde üç serhetçi öldi

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 55 ýaşly synçy esger açlygynyň öňräkden bäri "açyk syrdygyny", ýöne pandemiýadan ozal goşuny, esger ogullaryny we öz wezipesini bikanun gazanç üçin ulanmaga barha kän ýykgyn edýän serkerdeleri göni manysynda esasan ene-atalaryň ekländigini aýtdy. Bu aýdylýany Azatlygyň öňki ýyllarda esger açlygy barada çap eden habarlary hem tassyklaýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bu maglumatlary hiç wagt inkär etmedi.

Ýurtda ýokdugy aýdylýan COVID-19 çäklendirmeleriniň güýçlenmegi ýyl boýy esger ogullara azyk önümlerini, olaryň serkerdelerine sowgat daşaýan ene-atalaryň ýoluny ýapdy we goşundaky açlyk soňky aýlarda öňki ýyllarda görülmedik derejesine ýetdi diýip, aşgabatly synçy sözüniň üstüni ýetirdi.

G.Berdimuhamedow geçen ýylyň iýun aýynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň türkmen goşunynda synag eden tejribelerine dolanyp, harby gullukçylary we ýaşlary gök, bakja önümlerini öndürmekde peýdalanmak planyny yglan edende hem esger açlygy dowam edýärdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow harbylary gök, miwe öndürmekde, mürepbe gaýnatmakda ulanmak planyny yglan etdi

Onuň harbylary gök önüm ýetişdirmekde, mürepbe gaýnatmakda ulanmak plany geçen ýylyň ýanwaryndan güýçlenen ýeralma bolçulygyny döretmek talaplary bilen utgaşdy.

Şu aralykda, howanyň ilki maýlap, soň aşa sowamagy netijesinde ekilen kartoşka tohumlary zaýalandy, ir güllän miweli baglaryň berjek hasylyna uly zyýan ýetdi. Emma prezidentiň saparynda harbylaryň kömekçi hojalyklarynda ekilen ekinlere, şol sanda miweli baglara aşa sowuk howanyň nähili täsir ýetirendigi aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.