Darganatada ýuwuş suwy üçin zeýkeşleri ulanmak, şor ýerlere gowaça ekmezlik buýruldy

Zeýkeş boýunda duran çaga

Suw ýetmezçiligi bilen baglylykda garaşylýan pagta hasylynyň bolmajagy diňe daýhanlaryň meselesi bolman, döwletiň hem meselesi bolup durýar, sebäbi hökümet mejbury zähmet esasynda öndürilen pagtanyň belli bölegini biržada satyp, eksport girdejilerini artdyrmaga çalyşýar.

Hökümet mejlislerinde berilýän hasabatlardan tapawutlylykda, Darganatadan gelen maglumatlar daýhanlaryň suw we beýleki kynçylyklarynyň bu ýylam çözülmejekdigini, asfalt ýol, agyz suwy, elektrik togy we gaz problemalarynyň saklanyp galýandygyny tassyklaýar.

Soňky onýyllykda barha kän daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine garaşly bolan ýurduň oba hojalygyndaky çökgünlik, hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, oba hojalyk infrastrukturasyna we suw desgalaryna onlarça ýyllap ideg edilmezligi, nädogry dolandyryş esasynda çuňlaşdy.

Degişli maglumat F.Tuhbatullin: MHM üçin ekologiki howpsuzlyk birinji orundaky problema bolmaly

Sowet ýyllarynda gurlan suw howdanlarynyň netijeliliginiň peselmegi sebäpli, tasdan kadaly ýagdaýa öwrülen suw ýetmezçiligi bu ýylam gaýtalanýar we Darganata etrabyndaky daýhan birleşikleriniň birnäçesinde gowaça ekilmeli müňlerçe gektar ýere ýuwuş suwy tutulmaýar. Bir täzelik, ýerlerde ýygnak geçiren emeldarlar suw problemasyny bölekleýin tassyk etdiler diýip, Azatlygyň habarçysy ýazýar.

Onuň sözlerine görä, Darganatanyň etrap häkimi birinji gün ençeme daýhan birleşigine aýlanyp, oba adamlaryna şu ýyl derýanyň suwunyň az bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Şeýlelikde, Sakararyk daýhan birleşiginiň, Kelle geňeşliginiň ýuwuş suwy tutulmadyk ýerlerini, Toprakgala daýhan birleşiginiň günbatar bölegindäki ýerleri, alajy bolsa, zeýkeşleriň suwy bilen suwarmak tabşyrylypdyr.

Şeýle-de, etrap häkimi bu ýyl daýhan birleşikleriniň başlyklaryna şorlaşan ýerlere gowaça ekmezligi tabşyrypdyr.

"Şor ýerlere gowaça ekmek biderek tehnika, tohum çykadajylaryna getirer, bu işden netije ýok" diýip, häkim aýdypdyr.

Suw ýetmezçiligi bilen baglylykda garaşylýan pagta hasylynyň bolmajagy diňe daýhanlaryň meselesi bolman, döwletiň hem meselesi bolup durýar, sebäbi hökümet mejbury zähmet esasynda öndürilen pagtanyň belli bölegini biržada satyp, eksport girdejilerini artdyrmaga çalyşýar.

Degişli maglumat Daýhan: ‘Şorlukdan kösenýäs’

Türkmenistanyň ýene bir mejbury zähmet girdejisi pileçilik bilen bagly diýip bilinýär. Emma kärende ýerleriniň alynmak haýbaty ýa-da öndürilen pile üçin arzan bahadan mal iýmleriniň berilmek wadasy bilen tutdurylýan gurçuklar, tejribeden mälim bolşy ýaly, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi zerarly, ýylda daýhanlara we býujet işgärlerine artykmaç arzar we zähmet bolýar.

Herhalda, daýhan birleşikleriniň başlyklary bilen duşuşan emeldarlar bu ýyl gurçuk tutmak "azarynyň" berilmejekdigini, sebäbi Hytaýdan gurçuk tohumlarynyň gelmändigini aýtdylar.

Ady agzalan obalarda häkim bilen geçirilen ýygnakda adamlaryň köçeleriň asfaltlanmagy, agyz suwy, tok we gaz kynçylyklary, zir-zibil çelekleriniň bolmazlygy baradaky soraglary jogapsyz galdy, muňa derek, oba adamlarynyň zeýkeşleri arassalamak, suw nasoslaryny bejermek üçin goşant goşmalydygy aýdyldy.

Mundan başga, kartoşka ekip, tohumyny sowuk uran adamlaryň, baglary gülüni döken kärendeçileriň zyýanlary olaryň öz hasaplaryna tölediler, bu barada etrap prokuroryna tabşyryk berildi diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli hünärmenler Türkmenistanda ýuwuş suwlarynyň geljekki hasyl üçin örän möhümdigini, sebäbi Garagum kanaly gurlaly bäri hasapsyz ulanylan suwuň ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagyna, ýerleriň agyr şorlamagyna getirendigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Daýhanlar şu ýyl pile önümçiliginiň tas "nola" deň boljakdygyny duýdurýar. Kärendeçiler tut ýapraklaryny çapmaga mejbur edilýär

Emma ýurduň degişli edaralary ekerançylyk ýerleriniň näçe böleginiň ekişe ýaramlydygyny, zaýalanan ýerleri bejermek üçin çykarylmaly çykdajylar, edilmeli işler hakynda maglumat bermeýär. Bu meseleler barada 1980-nji ýyllaryň ortalarynda başlanan açyk çekişmeler bolsa, metbugata girizlen berk senzura esasynda ýatyp galdy.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti pagtaçylykdaky dowamly problemalary bölekleýin boýun alýar we munuň bir sebäbini ýerleriň şorladylmagy, hasyllylygyň pese gaçmagy bilen düşündirýär, emma bu meseleleriň çözgüdi barada açyk gürrüň edilmän, nobatdaky reformalar yglan edilýär.

Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý ilatyň uly böleginiň işsiz galmagyna, garyplaşmagyna we şäherlerden, daşary ýurtlardan iş gözlemegine getirdi. Ýöne häkimiýetler ýurtdaky işsizligiň derejesini, daşary ýurtlara giden zähmet migrantlarynyň sanyny gizlin saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.