Din azatlygynyň bozulmagyna degişli habarlary çap edýän "Forum 18" türkmen polisiýasynyň dindarlary tussag etmegi, gorkuzmagy dowam etdirýändigini, degişli resmileriň düşündiriş bermekden boýun gaçyrýandyklaryny habar berýär.
Neşiriň 16-njy martda beren maglumatlary esasan Azatlyk radiosynyň maglumatlaryna esaslanýar. Azatlyk bu mesele barada iki aý ozal maglumat beripdi.
"Basyş hususan-da Farap we Çärjew etraplarynda güýçli" diýip, neşir 20 töweregi adamyň tussag edilendigini, olaryň biriniň kellesiniň zor bilen syrylandygyny, alkogol içmäge mejbur edilendigini, şeýle-de polisiýanyň tutulanlara hapa sögendigini habar berýär.
Degişli maglumat ABŞ resmileri 'neo-stalinçi' döwleti goldamak amerikan bähbitlerine däl diýýärBu syn Azatlygyň Maryda dindarlaryň metjitden kowulandygy barada çap eden maglumatynyň yz ýanyndan peýda boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri 9-njy martda Marydaky baş metjitde gelip, Miraj gijesinde ýagşy dileg edýän ýaşaýjylary kowdular, sebitiň ähli ýerinden diýen ýaly gelen adamlar hiç kime päsgel bermän, metjidiň daşky diwarlaryna ýaplanyp, töwerekdäki oturgyçlarda oturyp, doga okaýardylar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 10-njy mart güni giçlik habar berdi.
Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň dine uýmak ýa-da uýmazlyk azatlygyny doly kepillendirýär, emma muňa garamazdan, ýurtda döwlet gözegçiligindäki dindarlar bilen "beýlekiler" diýilýän dindarlaryň arasynda uly tapawut goýulýar; döwlet goldawyny alýan we ýurtda çuň ornan şahsyýet kultuny goldaýan dindarlara artykmaçlyk berilýär, öýünde, özüçe namaz okaýan adamlar wahhabist ýa ýene bir zat bolmakda güman edilýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.
"Forum 18" tutulan adamlaryň "günäsini" anyklamak üçin 16-njy martda türkmen parlamentiniň degişli resmisine, adam hukuklary boýunça ýörite wekiliň edarasyna, Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyna telefon edýär, emma hiç bir resmi bilen gürleşip bilmeýär.
Degişli maglumat 'Wahhabist üýşdümi?' diýip, adamlary metjitden kowdularDin azatlygy boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hatarynda galýan Türkmenistan Azatlyk radiosynyň soraglaryna hem resmi düşündiriş bermeýär.
Türkmen häkimiýetleri dindarlary 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berk iki topara bölüp, özüne ygrarly hasaplamaýan adamlaryna, hatda olaryň maşgala agzalaryna hem örän ýowuz daraşýar.
Aşgabatly Şiri mollanyň ykbaly munuň anyk mysallarynyň diňe biri bolup biler. 73 ýaşly Şiri Geldimyradow 2010-njy ýylyň tomsunda türmede ýogaldy. Şol wagt Bäherdende ýaşaýan graždan aktiwisti Sazak Durdymyradowyň tassyklamagyna görä, Şiri mollanyň ýedi ogly ýapyk sudda, gümürtik aýyplamalar esasynda, uzak möhletli tussaglyga höküm edildi. Emma Azatlyk bu adamlaryň soňky ykbaly barada hiç bir maglumat alyp bilmedi.
Şeýle-de, Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň aprelinde we soňra Türkmenistanda "gülençilikde" güman edilip tussag edilen, gazaply gynalandygy aýdylan we ýapyk sudlarda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlar, olaryň käbiriniň türmedäki ölümi, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwren ýaşlaryň yzygiderli, käte gaýtadan türme tussaglygyna höküm edilişi we beýleki maglumatlar barada düşündiriş almak synanyşyklaryny etdi.
Degişli maglumat Balkanda täze metjit açyldy, synçylar diniň hakykata garşy ulanylýandygyny aýdýarlarTürkmenistanda dindarlara görkezilýän basyşlar türkmen-türk mekdepleriniň ýapylmagy, ykdysady çökgünligiň ýyl-ýyldan çuňlaşmagy bilen utgaşyp, adaty bir zada öwrüldi diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly dindar aýtdy.
Onuň pikiriçe, ýurtdaky garyplygyň we deňsizligiň ýyl-ýyldan ösmegi adamlary ynanç, nähilidir bir gudrat gözlemäge mejbur edýär.
Mundan başga, Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen iki dindaryň pikiriçe, döwletiň metjitleri we dini bir adamyň şahsyýet kultunyň we propagandanyň hyzmatynda goýmak synanyşyklary daşyndan seredeniňde netije berýän ýaly görünse-de, köp adamda gahar, nägilelik, resmi ideologiýa barha kän ynamsyzlyk döredýär. Döwletiň hasabyna haj zyýaratyna gidýän, döwletden aýlyk alýan dindarlaryň ýeňsesinden gürrüň edýänler, olary ýaňsylaýanlar, göwnüme bolmasa, soňky ýyllarda has köpeldi diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlygyň habarçylarynyň we "Forum 18" habar gullugynyň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri diňe ýurt içindäki raýatlaryň däl, eýsem daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň hem döwlet gözegçiliginden daşardaky dini ynançlaryndan uly alada galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.