“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri martyň başlarynda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalar üçin türk multfilmleriniň gadagan edilendigini habar berdi.
Neşiriň habaryna görä, çagalaryň türk dilinde gürlemegi türkmen häkimiýetlerini bu gadagançylygy girizmäge iterdi.
Çagalar baglarynda türk multfilmleri bilen bir hatarda, neşiriň ýazmagyna görä, türk dilli telekanallarda efire berilýän çagalar üçin gepleşikleri görkezmek hem gadagan edildi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türk multfilmleriniň gadagançylygy
“Fewral aýynda Lebap welaýatynyň Farap, Saýat hem-de Dänew etraplarynyň çagalar baglarynda geçirilen barlaglardan soň, körpelere köplenç çagalar üçin gepleşikleri we multfilmleri efire berýän türk kanallarynyň görkezilýändigi ýüze çykaryldy” diýip, neşir ýazýar.
“Türkmen dili türk diline golaý bolansoň, çagalar eşiden sözlerini çalt öwrenýärler we olary çagalar baglarynda we öýde ulanýarlar” diýip, neşir dowam edýär
Barlaglaryň netijelerine görä, mekdebe çenli çagalar edaralarynda türk kanallaryny açmak gadagan edildi.
Ýerli polisiýa işgärleri hepdede 2-3 gezek bu kararyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli edildi. Eger-de çagalar baglarynda türk telekanallary görkezilse, terbiýeçilik edarasynyň müdiriniň, terbiýeçisiniň ýa-da islendik günäkärlenýäniň işini ýitirmegi mümkin.
Galyberse-de, mekdebe çenli çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryna çagalaryň öýde türk kanallarynyň öňünde sarp edýän wagtynyň çäklendirilmegi babatda ene-atalar bilen gürrüňdeşlik geçirmek tabşyryldy.
Eurasianet.org neşiri özüniň Türkmenistana bagyşlaýan hepdelik synynda türkmen çagalar baglarynda türk multfilmleriniň gadagan edilmegine üns çekdi, ýöne neşir bu gadagançylygy syýasy sebäplere däl, dil sebäplerine ýordy.
“[Türkmenistanda] senzuranyň oýnaýan gözleri çagalara-da düşdi, ýöne syýasy sebäplerden zyýada, lingwistik sebäpler bilen” diýip, neşir türkmen çagalar baglaryndaky multfilm gadagançylygyna salgylanýar.
Türkmenistanda türk telekanallary meşhurlygyny saklaýar. Döwlet telewideniýesinde gyzykly gepleşikleriň efire berilmeýändigini aýdýan ýurt raýatlarynyň ençemesi daşary ýurt telekanallaryna, şol sanda türk teleýaýlymlaryna tomaşa etmegi saýlap alýarlar.
"Ysnyşýan" gatnaşyklar
Türkmen çagalar baglarynda türk multfilmleriniň gadagan edilmegi baradaky habarlar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan wagtyna, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň birek-biregiň ýurduna sapar edýän wagtlaryna gabat gelýär.
Fewralyň soňky hepdesinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ankara sapar edip, türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglu hem-de türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşdy. Taraplar ýokary derejeli duşuşyklar boýunça hoşallyk beýan etdi.
Munuň yzýany, Türkiýäniň daşary işler ministri Çawuşoglu Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň çäginde, 6-njy martda Aşgabada sapar etdi, türkmen kärdeşi bilen hem-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmen çagalar baglarynda türk gepleşikleriniň gadagan edilmegi iki ýurduň arasynda ýygjamlaşýan ýokary derejeli saparlaryň fonuna gabat geldi.
Türk metbugaty türkmen, azerbaýjan ýa-da beýleki türki döwletleriň ýokary derejeli resmileriniň Ankara edýän saparlarynda köplenç Türk geňeşine, ýa-da türki döwletleriň bileleşigine üns çekýär.
Türk geňeşi
Maglumat üçin aýdylsa, resmi taýdan “Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” atlandyrylýan Türk geňeşi 2009-njy ýylda esaslandyryldy we Azerbaýjan, Özbegistan Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Türkiýe bu bileleşigiň agzasydyr. Bitarap Türkmenistan bu guramanyň agzasy däldir. Özbegistan Türk geňeşine 2019-njy ýylyň oktýabrynda agza boldy.
Bu aralykda, türk döredijilik işleri bilen bagly gadagançylyk diňe Türkmenistanda däl, eýsem Özbegistanda-da girizilýär. Bu gadagançylyk hem edil Türkmenistanyň mysalynda bolşy ýaly, Özbegistan bilen Türkiýäniň arasynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan wagtyna gabat gelýär.
Merkezi Aziýa saparynyň çäginde türk ministri Çawuşoglu 7-nji martda Özbegistana-da bardy, taryhy Samarkant şäherinde türk konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türk metbugatyna görä, dabarada eden çykyşynda türk ministri konsulhananyň “Türkiýäniň ata ýurdy Özbegistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hemişelik doganlygyň täze nyşanyna öwrüljekdigini” aýtdy.
Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Türkiýäniň 2021-nji ýylda Samarkantda konsulhana açmagyny “örän manyly” häsiýetlendirdi we özüniň bu konsulhanany Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkiýäniň sowgady” hasaplaýandygyny aýtdy.
Tomaşaçy bilen hoşlaşan türk seriallary
Ýöne bu mähirli sözlerden birnäçe hepde ozal, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew käbir telekanallaryň ýaýlym ulgamlarynda daşary ýurt kinofilmleriniň hem-de teleseriallarynyň agdyklyk edýändigini aýdandan soňra, ýerli özbek telekanaly bir türk teleserialyny efirden aýyrdy.
Özbek prezidentiniň 19-njy ýanwarda geçiren selektor maslahaty "ruhy we terbiýeçilik ulgamyny düýpgöter kämilleşdirmek üçin, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň bu ugurdaky gatnaşygyny güýçlendirmegiň" zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdy. Munuň yzýany, ýanwaryň aýagynda “Sewimli TW” özbek telekanaly “Ganatsyz guşlar” atly türk serialynyň efire berilmegini bes etdi.
“Sewimli TW” kanalynyň wekili Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde efire berilýän daşary ýurt önümleriniň ornunyň ýerli filmler bilen dolduryljakdygyny aýtdy. “Ganatsyz guşlaryň” efirden aýrylmagy özbek tomaşaçylaryny gynandyrdy. “Ahyryna çenli gaty az wagt galan bu serialyň duýdansyz kesilmegi bizi lapykeç etdi” diýip, türk serialynyň özbek muşdagy özüniň Instagram sahypasynda ýazdy. Ýene bir ulanyjy "Stambuldan gelinlik" teleserialy babatynda-da şonuň ýaly ýagdaýyň bolandygyny aýtdy, sebäbi, “Ganatsyz guşlar” özbek ekranyndan aýrylan ilkinji türk filmi däl.
Özbegistan 2018-nji ýylyň aprelinde Türk Geňeşine goşulmak niýetini mälim etdi, 2019-njy ýylyň sentýabrynda geňeşe agzalyga ýüz tutdy we oktýabrda agzalyga kabul edildi.
Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimow döwründe-de türk teleseriallary gadaganlyga düşýärdi, ýöne 2018-nji ýyldan soň özbek telekanallarynda gadaganlyga düşen türk seriallarynyň sany hem az däl.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna görä, 2020-nji ýylyň tomsunda “Abdulhamidiň tagtyna hukuk” (“Payitaht Abdulhamit”) atly taryh temaly türk teleserialy özbek tomaşaçylary bilen hoşlaşmaly boldy. Şondan biraz ozal, “Çukur” atly türk kino tapgyry “Sewimli TW” kanalynyň ekranyndan aýryldy.
2019-njy ýylda “Zor TW” özbek kanaly “Gara söýgi” türk serialyny efirden aýyrdy. 2018-nji ýylda bu kanal “Howly” atly türk teleserialynyň görkezilmegini hem bes etdi.
Özbegistanda türk teleseriallarynyň özbek telekanallarynda görkezilmeginiň bes edilmegi köplenç ýa olarda zorluk sahnalarynyň köp bolmagy, ýa olaryň ahlak kadalaryna “gabat gelmezligi” ýaly düşündirişler bilen esaslandyryldy.
Ne Türkmenistanyň çagalar baglarynda türk multfilmleriniň gadagan edilmeginiň, ne-de Özbegistanda türk teleseriallarynyň ekranlardan aýrylmagynyň Türkiýäniň Merkezi Aziýadaky “ysnyşygy” bilen ilteşiklidigi ýa-da däldigi mälim.
Gepleşigiň adyndan hem mälim bolşy ýaly, Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýäniň Merkezi Aziýadaky täsirine gönükdirilýär. Eýsem, Türkiýäniň Merkezi Aziýa täsiri barmy, täsiri bar bolsa, ol güýçlenýärmi? Sebitdäki türk täsiri başga haýsy iri döwletleriň bähbidine çapraz gelýär?
Sowet mirasy
Merkezi Aziýa ýurtlary Sowet Soýuzynyň düzümine girýän respublikalar hökmünde 20-nji asyryň birinji çärýeginde esaslandyryldy. Sowet Soýuzy sebit häkimiýetini Russiýa patyşalygyndan miras aldy. Merkezi Aziýa respublikalary Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 20-nji asyryň aýaklarynda öz garaşsyzlygyny aldy. Bu ýurtlaryň garaşsyzlyk statusyny ilkinjileriň hatarynda Türkiýe ykrar etdi.
Soýuzyň dargamagyndan soňra Türkiýe sebit ýurtlary bilen ykdysady we medeni gatnaşyklary ýygjamlaşdyryp başlady. Galyberse-de, türk şereketleri Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda iş alyp bardy.
Türk we sebit halkalarynyň aglabasynyň arasynda dil we medeniýet taýdan juda ýakyn meňzeşlikler bar. Ýöne analitiklere görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Türkiýe bilen gatnaşyklarda ätiýaçly çemeleşip gelýär. Bilermenler bu ätiýaçlylygy Russiýanyň post-sowet ýurtlarda däp bolan güýçli täsiri bilen düşündirýärler.
Türk syýasatçylary türk dilli döwletler bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň Türkiýäniň daşary syýasatynda uly orun eýeleýändigini aýdýarlar.
Türkiýe Türk geňeşiniň esaslandyryjy agzalarynyň biridir. Geňeşiň düzümine girýän ýurtlaryň 144 million töweregi ilaty bar.
Türk multfilmleriniň ýa-da türk teleseriallarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda gadagan edilmeginiň Türk geňeşi ýa-da Türkiýäniň sebitdäki täsiri bilen näme baglanyşygy bar?
Iri döwletler media serişdelerine “ýumşak güýç” hökmünde garaýarlar. Bu nukdaýnazardan çen tutulsa, türk döredijilik işleriniň Merkezi Aziýada gadaganlyga alynmagyna Türkiýäniň “ýumşak güýjüniň” sebitdäki täsiriniň öňüniň alynmagy hökmünde baha bermek mümkinmi?
Rus syýasatçylarynyň garaýyşlary
Türkiýäniň Merkezi Aziýa sebitinde täsiriniň güýçlenip-güýçlenmeýändigi baradaky soraglar rus syýasatçylaryny hem biperwaý goýmaýar.
Şuňa meňzeş soraglara Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Alekseý Ýerhow “Komsomolskaýa prawda” rus neşirine geçen aý, 9-njy fewralda beren interwýusynda jogap berdi.
Neşir Türkiýäniň türk dilli döwletleriň arasynda pantürkçi taglymatlar bilen meşgullanýandygyny, şeýle taglymatlar bilen Ankaranyň öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň käbirini hem öz orbitasyna çekmäge synanyşýandygyny we bu ýagdaýa Moskwanyň nähili çemeleşýändigini sorady.
“Geliň, durmuşdaky anyk ýagdaýlara ser salalyň! Ine, talyplar türk dilini we türk taryhyny öwrenýär. Bu ýagşymy, ýamanmy? Ähtimal, ýagşydyr. Teatr, aýdym-saz we tans toparlarynyň arasynda döwletara we sebitara gatnaşyklar ösýär, bu neneň!? Bu hem, görnüşinden, peýdalydyr. Ýöne, ynha, şowakör tagamly milli aýratynlyk ideýalary “mekirlik” bilen wagyz edilende, bu elbetde, erbet” diýip, Türkiýedäki rus ilçisi “Komsomalsakaýa prawda” neşirine jogap berdi.
Bu tema boýunça soraglar Russiýanyň baş diplomatyny hem biperwaý goýmaýar. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 19-njy fewralda Russiýanyň “RBK” telekanalyna beren interwýusynda Türkiýäniň turançylyk meýilleriniň ýokdugyny, galyberse-de öňki sowet ýurtlarynyň hem şeýle meýillere mähirli garamaýandygyny aýtdy.
“Men Türkiýe şeýle maksat üçin synanyşýandyr diýip pikir etmeýärin. Men ozal Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolup, soňra garaşsyz bolan ýurtlaryň bu ideýanyň islendik görnüşini hakyky durmuşda nädip goldap biljekdiklerine göz ýetirip bilmeýärin” diýip, Lawrow aýtdy. Ol Türk medeniýetiniň halkara guramasy we Türk dilli döwletleriň parlamentar geňeşi ýaly guramalaryň dil, medeniýet we bilim ulgamlarynda dürli çäreleri geçirýändigini aýtdy.
Ýöne ynha Russiýanyň sagçy Liberal demokrat partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiýniň dört aý ozal aýdan sözleri welin, rus baş diplomatynyň bu gün aýdýan sözleri bilen ylalaşmaýar.
Oktýabrda Döwlet Dumasynda eden çykyşynda Žirinowskiý rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada bildirdi we Russiýanyň Türkiýäniň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda artýan täsirinden hüşgär bolmalydygyny aýtdy.
Ýatlasak, sentýabryň başlarynda türkmen häkimiýetleriniň orta mekdeplerde rus dilli klaslary ýapandygy barada habarlar ýaýrady. Žirinowskiý deputatlaryň öňünde eden çykyşynda rus diliniň we rus medeniýetiniň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça aladalaryny beýan etdi. Ol Aşgabada eden saparyny ýatlady.
“Rus artistleri dur, rus dilinde pýesalar hem bar, ýöne ählisiniň gözleri gamly. Pýesalar rus dilinde, ýöne awtorlary türkmen. Bizde “Sneguroçka” (Garpamyk – red.) ýa-da “Alisa gözel” bar, ol ýerde başga atlar bar we bu düýbünden maňza batmaýar. Rus dilinde gürläp bolar, ýöne epos keseki, ertekiler keseki...” diýip, Wladimir Žirinowskiý 21-nji oktýabrda Russiýanyň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda aýtdy.
Şol gabatlar, türkmen mediasy rus dili boýunça bar bolan aladalaryň ýerliksizdigini, beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda rus diliniň Türkmenistanda heniz hem uly meşhurlyga eýedigini aýtdy.
100 ýyllyk täsir
Analitikler Russiýanyň 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistana ýetiren oňyn täsirini inkär etmeýärler. Olar 19-njy asyryň soňky çärýeginde türkmen territoriýalarynyň Russiýa birikdirilmeginden soň, hem-de 20-nji asyryň birinji çärýeginde Türkmenistan respublikasynyň Sowet Soýuzynyň düzüminde esaslandyrylmagyndan soň, ähli ugurlarda, şol sanda bilimde, medeniýetde we ykdysadyýetde uly öňe gidişlikleriň gazanylandygyny aýdýarlar.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda garaşsyz döwlet bolan güni Türkiýe Türkmenistany ilkinji bolup ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda Aşgabatda türk ilçihanasyny açdy. Türkmenistanyň Ankarada ilçihanasy we Stambulda konsulhanasy bar. Türkiýe türkmen raýatlaryndan bir aý möhlet üçin wiza talap etmeýär.
Dürli çeşmelere görä, Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Türkiýede ýüzlerçe müň türkmenistanly migrant ýaşaýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň geçen ýylyň ahyrynda çap eden sanlaryna görä, Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurtlularyň sany boýunça Türkmenistan raýatlary ikinji orunda durýar.
Geçen dekabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýa üçin çap eden wideo ýüzlenmesinde özüniň ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň Türk geňeşine goşulmagyna umyt bildirýändigini mälim etdi we türkmen halkyny bitaraplyk baýramy bilen gutlady. Ýöne resmi Aşgabat bu wideo gutlagy ne halkara bitaraplyk konferensiýasynda eşitdirdi, ne-de ony döwlet telewideniýesinde agzady.
Türk geňeşiniň mümkinçiliklerini müň sözden bir surat, ähtimal, has aýdyň düşündirýän çemeli.
Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2018-nji ýylyň sentýabrynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherçesinde geçirilen sammitinde oňa gatnaşan ýurtlaryň döwlet baştutanlary görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ullakan portretiniň öňünde surata düşýär. Suratdan görnüşi ýaly, türk dilli döwletleriň sammiti üçin ýygnanan döwlet baştutanlarynyň arkasyndaky ullakan plakatda ullakan harplar bilen kiril elipbiýinde we rus dilinde Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdan-da uzaga çeker gün” (Asyra barabar gün) diýen sözleri ýazylypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.