“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýada türkmen režimine garşy syýasy işjeňlik görkezen iki türkmen aktiwisti, ýagny Moskwanyň aeroportunda wagty syýasy gaçybatalga almaga synanyşan Rozgeldi Çöliýewiň we Elistada pikete çykany sebäpli suda çekilen Mälikberdi Allamyradowyň ykballary bilen bagly käbir netijeler belli boldy. Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň direktory Witaliý Ponamarew bu barada penşenbe güni giçlik mälim edip, muny “bir günde iki hoş habar” diýip häsiýetlendirdi. Bu barada "Memorial" toparynyň öz websaýtynda hem 12-nji martda beýanat çap boldy.