Türkmenistandaky döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaý ýaramazlaşýar. Subsidirlenen önümleriň görnüşleriniň azaldylmagy bilen bir wagtda hökümet bahalary hem ýokarlanýar. Ýurduň bazarlarynda hem azyk önümleriniň bahasy gitdigiçe artýar.
Çarşenbe güni irden Aşgabatda Howdan sebitindäki döwlet dükanlary mundan beýläk ýumurtganyň subsidirlenen bahadan çykarylmajakdygyny duýdurdylar.
Azatlygyň habarçysy soňky gezek paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň 8-nji martda satylandygyny habar berýär. Emma ol şonda-da ýumurtganyň bahasynyň eýýäm iki esse gymmat bolandygyny aýdýar.
“Meniň sekiz çagam bar. 8-nji martda, baýram mynasybetli maňa 15 sany ýumurtgany satyn almaga rugsat berildi. Ýöne bahasy eýýäm 1 manatdy. Ozal 11 sany ýumurtgany 5 manatdan, ýagny her sanysyny 45 teňňeden satyn alyp bolýardy. Ýumurtganyň bahasy iki esseden köpräk ýokarlandy. Sekiz çagany 15 ýumurtga bilen doýuryp bolmaz. Şu gün bolsa, mundan beýläk umuman, 1 manatdan hem ýumurtga bolmaz diýdiler”, diýip Howdan etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde zeýrendi.
Degişli maglumat Aýlyk “paýogyň” möçberi azaldyldy, täze çäklendirmeler girizildiÝerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, azyk ýetmezçiliginden we bahalaryň ýokarlanmagyndan başga-da, döwlet dükanlarynda subsidirlenen önümleriň ýany bilen gerekmejek dürli harytlary goşup satmak tejribesi dowam edýär.
“Duşenbe güni öýlän 14-nji döwlet dükanynda şeker satuwa çykaryldy, ýöne ýany bilen pes hilli tüwi 8 manada satyn almaly edildi, şeýle edip 9 manatlyk şekeriň bahasy 17 manada çykdy. Emma şuny-de almak miýesser etmedi. Şol güni azyk daşaýan ýük ulagy gelende tötänleýin dükanyň golaýynda boldum, satyjy birnäçe guty getirdi, içinde şekerli haltalar bar ekeni. 1 kilogram şeker paketleri bary-ýogy 15 adama ýeterlikdi. Ýagny, ullakan ýaşaýyş etrapçasy üçin 15 kilogram şeker satuwa çykaryldy. Şol gün diňe dükana tötänleýin giren adamlar şeker satyn almagy başardylar”, diýip paýtagt ýaşaýjysy aýdýar.
Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysynyň habarçymyza aýtmagyna görä, duşenbe güni 8-nji döwlet dükanynda 19 manatlyk ösümlik ýagy satuwa çykarylypdyr, ýöne onuň ýany bilen möhleti geçen bolmagy mümkin gaýmagy satyn almak mejbur edilipdir.
“Gaýmagyň gutusynda onun öndürilen wagty gaty kiçijik harplar bilen görkezilipdir, ony okamak mümkin däl. Telefonym bilen surata düşürdim we ýazgyny ulaltjak boldum, ýöne hiç zat okap bilmedim”, diýip Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.
Degişli maglumat Türkmen hökümeti ilata kesgitli bahada satylýan azygyň resmi bahasyny ýokarlandyrdyPes hilli tüwiden başga-da, turkmenistanlylar subsidirlenen önümleriň ýany bilen möhleti geçen köke, süýji, zaýalanan gök önümler, hatda kämahal rezin şypbyk ýa-da gaty pes hilli plastik bedre ýaly önümleri satyn almaly bolýarlar.
Çörek, un, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy we towuk aýaklary Türkmenistanyň ilaty üçin iň köp talap edilýän azyk önümleri. Uzaga çeken ykdysady krizis wagtynda azyk önümlerini döwlet dükanlaryndan belli bir bahadan satyn almak ilat köpçüliginiň gün görmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik bolýar.
Subsidirlenen harytlaryň bahasy Türkmenistanda birnäçe ýyl ozal ykdysady kynçylyklar başlaly bäri birneme üýtgewsiz saklandy. Ýöne geçen aýyň aýagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisiň deputatlary bilen duşuşygyndan soň bahalar esli galdy. Şol duşuşykda Berdimuhamedow "ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris" diýp yglan etdi.
Degişli maglumat Azyk krizisi: Ýagyň gapdalyndan rezin şypbyk satyn almak talap edilýär. Hususyýetçilerde bahalar gymmatlaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.