Berdimuhamedow ogly Serdara we beýlekilere ‘Watan goragçysy’ adyny dakdy

«Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyň döşe dakylýan nyşany

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji martda ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Hormatly at dakylanlaryň sanawynda ilkinji orunda wise-premýer, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Amanowyň ady, ikinji orunda bolsa täzelikde birden üç wezipä bellenen, wise-premýer, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, polkownik Serdar Berdimuhamedowyň ady gelýär.

Hormatly at dakylanlaryň arasynda goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýew, IIM-niň başlygy, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Çakyýew, baş prokuror Batyr Atdaýewe, Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri Gurbanmyrat Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ýazgeldi Nuryýew, adalat ministri Begmurat Muhamedow we beýlekiler hem bar.

Bu adyň Watana köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üçin berlendigi aýdylýar.