Maryda howanyň üýtgemegi netijesinde ýeralmany sowuk urdy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda howanyň birde maýlap, birde sowamagy ekerançylyga ýaramaz täsir ýetirdi, daýhanlary hem uly zyýana goýdy. Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki, hususanda Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylary fewralyň başlarynda howanyň ýylylygynyň ilki +18 gradusa çenli maýlap, soňra-da birden sowuk howanyň aralaşyp, howanyň temperaturasynyň -10 gradusdan hem pese gaçmagy netijesinde eken hasyly isrip bolan daýhanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldular.