Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizen çäklendirmelerini gowşadýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda kafeler, barlar, restoranlar, söwda merkezleri we toý zallary açylýar. Koronawirus keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny hasaba almadyk ýurt geçen ýyl girizilen çäklendirmeleri ýatyryp başlady. Bu aralykda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän häkimiýetler ilata waksina edýärler, munuň çäginde koronawirus bilen keselländigini görkezýän antitela, ýagny organizmiň kabul etmeýänini anyklmak üçin gan barlagyny geçirýärler.