Internetdäki tankydy çykyşlary sebäpli türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanan türkmenistanly student Rozgeldi Çöliýew 2-nji martda Stambuldan Moskwa barandan soňra, “Şeremetýewo” aeroportunda saklandy. Bu barada "Türkmenistanyň hronikasy" habar berýär.
Türkmenistanly ýigit Moskwanyň aeroportunda sosial ulgamlar arkaly paýlaşan wideosynda özüniň Stambul – Moskwa gatnawy bilen 2-nji mart güni agşam sagat 6:40-da Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportuna baryp düşendigini aýtdy.
Geçen dekabrda adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” hem-de “Türkmen Helsinki fondy” guramalary bilelikde beýanat ýaýradyp, Russiýanyň Garaçaý-Çerkez uniwersitetinde bilim alan 26 ýaşly student Rozgeldi Çöliýewiň YouTube ulgamynda türkmen hökümetine gönükdiren birnäçe tankydy çykyşyndan soňra, türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanýandygyny we yzarlanýandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Türkmen režiminiň tankytçysyny "internet terrorçylygynda" günäkärleýärlerDüýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa programmalary boýunça ýolbaşçysy Witaliý Ponamarýew 3-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Çöliýewiň aeroportdan Moskwa goýberilmändigini hem-de onuň aeroportda saklanýandygyny tassyklady.
“Düýn agşam sagat 7 töwereklerinde ol “Aeroflot” gatnawy bilen Moskwa geldi. Bu ýerde ony [Moskwa] goýbermek islemediler. Onuň öz tanyşlarynyň üsti bilen iberen maglumatlaryna görä, entek pasport barlaglaryndan ozal, ony saklapdyrlar. Meniň düşünişime görä, ony, ähtimal, yzyna Türkiýä ugratmaga synanyşypdyrlar, ýöne ol gaçybatalga soramak isleýändigini aýdyp, muny ret edipdir. Şonda ony galdyrypdyrlar” diýip, adam hukuklaryny goraýjy aýtdy.
Şeýle-de, ol çarşenbe güni Çöliýewiň heniz hem aeroportda saklanýandygyny, irden resmileriň Çöliýew bilen iki gürrüňdeşlik geçirendigini gürrüň berdi.
Rus resmileri Çöliýewe koronawirus sebäpli Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýa goýberilmeýändigini, onuň Stambula ugradyljakdygyny we şol ýerde türkmen konsulhanasynyň wekilleriniň onuň bilen gyzyklanmalydygyny düşündiripdirler. Ýöne Çöliýew bu teklibi ret edipdir, şondan soň resmiler onuň meselesini Moskwadaky türkmen konsulhanasyna tabşyrjakdyklaryny aýdypdyrlar.
Şeýle-de, Ponamarýew Çöliýewiň aeroportuň halkara gatnawlar bölümindedigini we onuň bilen habarlaşmagyň kyndygyny aýtdy.
Galyberse-de, adam hukuklaryny goraýjynyň maglumatlaryna görä, 2-nji martda Çöliýewiň Garaçaý-Çerkez uniwersitetinde bilim alýan aýaly hem umumy ýaşaýyş jaýynyň komendanty tarapyndan sorag edilipdir.
Degişli maglumat Hukuk toparlary türkmen oppozisiýasynyň ýaş pälwanyň ölümi bilen bagly daşardaky işjeňligi barada beýanat ýaýratdy“Türklmen Helsinki fondunyň” hem-de “Memorial” guramasynyň dekabrda çap eden beýanatyna görä, Çöliýew YouTube ulgamynda türkmen režimine garşy gönükdiren tankydy çykyşlaryndan soň, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň, bilim alýan ýokary okuw jaýynyň hem-de Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň basyşlaryna sezewar bolupdyr, onuň Türkmenistanda ýaşaýan hossarlaryna-da basyş edilipdir.
“Memorialyň” maglumatlaryna görä, Çöliýew Russiýanyň Garaçaý-Çerkez döwlet uniwersitetinde 2018-nji ýylda okuwa başlapdyr, onuň aýaly Mährijemal Hudaýnazarowa hem bu uniwersitetde bilim alýar. Çöliýew 2020-nji ýylyň ýanwarynda okuwdan çykarylypdyr we soňra taýýarlyk kurslaryna ýazylypdyr.
Daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleri işjeňleşýän mahaly, Çöliýew YouTube ulgamynda türkmen prezidentini, hökümetini we emeldarlaryny tankytlaýan wideo ýüzlenmelerini çap etdi. Munuň yz ýany, “Memorial” we “Türkmen Helsinki fondunyň” maglumatlaryna görä, onuň Türkmenistanda ýaşaýan kakasy we ejesi türkmen polisiýasy tarapyndan sorag edildi.
Çöliýew haýbatlara garamazdan, protest hereketiniň gatnaşyjylary bilen aragatnaşyk gurmak üçin 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkiýä bardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.