Türkmenistanda “ýeňil bolmadyk epidemiologiýa ýagdaýlary” sebäpli otly gatnawyna täze düzgünler girizildi

Türkmenistanda hereket edýän otly wagonlary

Türkmenistanda, “sebitdäki we dünýädäki saklanýan ýeňil bolmadyk epidemiologiýa ýagdaýlary döwründe sanitariýa-gigiýena talaplaryny berjaý etmäge ýardam berjekdigi” aýdylýan kesgitleme bilen, ýolagçy otly gatnawlary bilen baglylykda täze düzgünler girizildi. Bu barada ýarym-resmi turmenportal internet neşiri “Türkmen gündogary” regional gazetine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, täze düzgünler hem ýolagçylara hem-de hyzmat ediş düzümine degişli bolup, olara laýyklykda ýolbeletler otlynyň ugramagyndan alty sagat ozal, bellenen ýere geleninden soň, şeýle-de hereket edýän mahaly her 3-4 sagadyň içinde dizinfeksiýa işlerini geçirerler.

Ýolagçylarda COVID-19-yň ýokdugy barada, 72 sagadyň içinde berlen ýörite saglyk kepilnamasy bolmady. Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda bu kepilnamanyň 4-nji saglyk öýünde berilýändigi aýdylýar. Hökümetçi neşir ýurduň beýleki sebitlerinde bu kepilnamany anyk nireden alyp bolýandygy barada maglumat bermeýär.

Täze düzgünlere laýyklykda, otla münmezinden ozal ýolagçylaryň gyzgyny barlanar, burnuna oksolin ergini çalynar, şeýle-de elleri zyýansyzlandyryjy ergin bilen işlener.

Otlyda bir kupe üçin, adatdakysy ýaly dört däl-de, iki ýolagçy üçin bilet satyn alyp boljakdygy hem bellenilýär.

Mundan başga-da, otlylaryň ozalky 18-20 wagonyň deregine, 10 wagon sanynda hereket etjekdigi, şeýle-de onuň ýoluň ugrundaky stansiýalarda saklanmajakdygy bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-a ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada gowuşýan aladaly maglumatlara garamazdan, häzirki güne çenli onuň ýeke ýagdaýyny hem hasaba almadylar.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň iýulyndan bäri dürli gadagançylyklary, şol sanda halkara we içerki gatnaw çäklendirmelerini girizdiler. Türkmenistanyň hökümeti bulary gönümel koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrman, olaryň “ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde” geçirilýändigini öňe sürýärler we olaryň möhletini dowamly uzaldyp gelýärler.