25-nji maýda ilkinji bolup doglan oglana türkmen paýtagtynyň ady dakylar

Awtoulag ýaňy bolan çaga üçin bezelýär, Aşgabat

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygyna görä, 25-nji maýda ilkinji bolup doglan oglana Paýtagt ýa-da Aşgabat ady dakylar.

Döwlet habar gullugy TDH-nyň habaryna görä, buýruk 26-njy fewralda geçirilen hökümet ýygnagynda berildi.

"Döwlet baştutany paýtagtymyzyň depginli ösýändigini, serhetleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny uly kanagatlanma bilen belläp geçdi. Bu nukdaýnazardan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda dünýä inen ilkinji oglanyň adyny Paytagt ýa-da Aşgabat we gyz çaganyň adyny Merjen ýa-da Maýa diýip tutmagyň simwoliki boljakdygyny aýtdy" diýlip resmi maglumatda habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň pikiriçe, bu "paýtagta bolan söýginiň ykrar edilmeginiň, taryhyna hormat goýmagyň, halkyň bagtly durmuşyna buýsanmagyň alamaty" bolmaly. Prezident Berdimuhamedow täze doglan bäbeklere sowgat berilmegiň bu pursatlaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajakdygyny hem aýdypdyr.