Baýden ABŞ-nyň Siriýadaky howa zarbasy Tährana duýduryş diýýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Siriýanyň gündogarynda Eýran tarapyndan goldanýan milisiýa garşy urlan howa zarbasyna Tähranyň mundan beýläk etmegi mümkin islendik agressiw hereketine duýduryş hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

"Siz jezasyz hereket edip bilmersiňiz" diýip, ol 26-njy fewralda žurnalistleriň bir gün öň yglan edilen howa zarbasynyň manysy barada beren soraglaryna jogap berende aýdy.

"Seresap boluň" diýip, ol tupan sebäpli weýran bolan Tehas ştatynda kömek işlerini barlamak üçin Hýustona eden sapary wagtynda sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti 25-nji fewralda ABŞ-nyň we koalisiýa goşunlarynyň ýerleşýän Yrak bazasyna edilen raketa hüjümlerine jogap hökmünde howa zarbalarynyň urlandygyny yglan etdi we “prezident Baýdeniň amerikan we koalisiýa işgärlerini goramak üçin hereket etjekdigi barada ikuçsuz habar iberendiklerini” aýtdy.

Pentagon iki sany F-15E söweş uçarynyň Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän milisiýa anyk toparlaryna garşy takyk gönükdirilen ýedi sany ok atandygyny aýtdy. Nyşana alnan söweşijiler ABŞ-nyň we beýleki goşunlaryň ýerleşýän ýerine edilen raketa hüjümleriniň arkasynda duran we Eýran tarapyndan goldanylýan toparlar diýip bilinýär.

Pentagon bu zarbalaryň, Baýden administrasiýasynyň geçen aý kasam kabul edeli bäri gňren ilkinji harby çäresi bolmak bilen, Siriýa-Yrak serhedindäki gözegçilik nokadynda "köp desga" zarba urandygyny, şol sanda 'Kaitib Hizballah” we “Kaitib Saýyid al-Şuhada” ýaly yrak şaýy toparlaryny hem öz içine alýandygyny aýtdy.