Meredow Erdogan bilen duşuşdy, kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Mewlüt Çawuşoglu dokumentlere gol çekýär. Türkmen DIM-niň suraty

Türkiýäniň paýtagty Ankarada Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmen DIM-i 23-nji fewralda habar berdi.

Diplomatlar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy; öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi ugrunda özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikir alyşdylar.

Türkmen DIM-niň başlygy bu duşuşygyň taryhy ähmiýetini nygtap, “hereketleriň bu guralynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine hemmetaraplaýyn itergi berýändigini” belledi.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy doganlyk we dostlukly ýurtlaryň “üçtaraplaýyn formatynyň tutuş sebitiň gülläp-ösüşine we durnuklylygyna ähmiýetli goşant goşýandygyny” nygtady.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki "Dostluk" ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň “ähmiýetliligini we derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Bu Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň bäşinji üçtaraplaýyn duşuşygy bolup, onuň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi.

Şeýle-de, R.Meredow Ankara saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan kabul edildi diýip, Türkmen DIM-i duşuşyk baradaky detallary açmazdan habar berýär.