Häkimiýetler Marynyň hususy maldarçylyk hojalyklaryna agram salýar

Illýustrasiýa suraty.

Häkimiýetler Mary welaýatynyň çöl ýerlerinde maldarçylyk bilen meşgullanýan hususy hojalyklara salgyt salýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy fewralda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, gara mallarynyň baş sany 1000-den geçýän hususy maldarçylyk fermalaryndan Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän döwlet maldarçylyk birleşigine goşant goşmak talap edilýär.

“Hökümete ýok diýip bolmaýar” diýip, bir hususyýetçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşliginde aýtdy.

Azatlyk mal salgydynyň jikme-jikligini bada-bat anyklap bilmedi. Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň hususy maldarçylyk hojalyklarynyň eýeleriniň arasynda öň dürli döwlet edaralarynda ýokary wezipelerde işlän adamlar bar.

Degişli maglumat Lebap: Hususy maldarçylyk hojalyklary 'zyýana galýar'

Maryda maldarçylyk bilen meşgullanýan öňki ýokary derejeli resmiler özleriniň goşmaça talaplara boýun egmäge mejbur galýandyklaryny, ýogsa-da, olaryň öz sözlerine görä, “7 ýyl mundan ozal işde kemçilik goýbermekde aýyplanyp, özlerine garşy iş açylmagyndan howatyr edýändiklerini” gürrüň berdiler.

“Esasan-da çölde mal köpeltmek bilen meşgul bolýan hususyýetçileriň köp bölegi öň dürli edaralarda ýolbaşçy bolup işlän adamlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Döwlet media serişdeleri wagtal-wagtal ýurtda maldarçylyk pudagynyň ösdürilýändigini, şol bir wagtyň özünde, maldarçylyk fermalarynyň hususylaşdyrylýandygyny habar berýär. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar maldarlaryň ot-iým ýetmezçiligi ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berýärler.

“Men türkmen maldarçylyk pudagynyň mundan 4-5 ýyl öň çökendigini eşitdim, indi “Türkmenmallaryny” biz ýalylaryň hasabyna dikeltmekçi bolýarlar” diýip, bir maldar telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Sowet Soýuzy döwründe Türkmenistanyň kolhoz-sowhozlaryna degişli bolan mallar garaşsyzlykdan soňra “Türkmenmallary” assosiasiýasyna degişli edildi.

Bu birleşmäniň eýeçilik görnüşi wagtyň geçmegi bilen özgerdi. 2012-nji ýylda Türkmenistanda “Türkmenmallary” assosiasiýasyny gaýtadan guramak hakynda çözgüt kabul edildi. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda Döwlet maldarçylyk birleşigi döredildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk döwlet birleşikleri, şol sanda Döwlet maldarçylyk birleşigi birleşdirildi, olar şol wagt gaýtadan guralan Oba we suw hojalyk ministrligine berkidildi. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berildi. 2018-nji ýylyň aprelinde Azyk senagaty döwlet birleşigi şol wagtky Oba we suw hojalyk ministrligi bilen birleşdirildi. 2019-njy ýylyň ýanwarynda Oba we suw hojalyk ministrligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine öwrüldi.

Degişli maglumat MHM çopanlaryň ‘syr saklamagyny’ talap edýär, VPN ulanmazlyk hakynda dilhaty alýar

2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda täze reformalary durmuşa geçirmek maslahat edildi.

Munuň yzýany, 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) döwlet edaralarynyň garamagyndaky maldarçylyk fermalarynyň tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 90-a golaý maldarçylyk fermasyny hususy eýeçilige aldylar. Hususan-da, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan maldarçylyk toplumlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususy eýeçilige berildi” diýip, 2018-nji ýylyň noýabrynda TDH habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwlet metbugaty birleşmäniň agzasy bolan maldarlara ot-iým üçin 28 müň gektardan gowrak ýeriň bölünip berlendigini habar berdi.

Bu aralykda, ýurtda hususyýetçilik ýaýbaňlanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli telekeçiler dürli döwürlerde bitiren işleri üçin döwletden heniz hem algylaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli telekeçileriň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda tamamlanan gurluşyklar üçin döwletiň öňünde algyly hususyýetçiler bar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda hususy maldarçylyk hojalyklaryna salynýan goşmaça salgytlaryň jikme-jikligi barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy ýyllar boýy Türkmenistanyň maldarçylyk pudagyndaky bärden gaýtmalar, maldarlaryň ot-iým ýetmezçiligi, çopanlaryň gün-güzeran şertleri barada habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.