Merkezi Aziýada ýolbaşçylygyň mirasdüşer dolandyrylyşy täze ideýa däl. Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ornuna ogly Serdary taýýarlap gelýär. Munuň ýene bir subutnamasy 11-nji fewralda 39 ýaşly Serdaryň üç sany täze wezipäni almagy boldy: premýer-ministriň orunbasary, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellendi, oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşmaga-da mümkinçilik berildi. Onuň wezipä çekilen senesi örän özüne çekiji, sebäbi 2007-nji ýylyň hut şol gününde Serdaryň kakasy prezident bolupdy.
SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝOKARY GÖTERILIŞI»
Ýaş Berdimuhamedow syýasata aralaşandan, onuň her bir hereketine ýakyndan syn edildi. Kakasynyň haçan wezipeden çekiljekdigi hem ogluna öz ornuny gowşurjakdygy barada maglumat gözlediler. Onuň kakasy 2006-njy ýylyň ahyryndan, Türkmenistanyň lideri boldy.
2016-njy ýylyň noýabr aýynda mejlisde dörän boş orun üçin, Serdar deputat boldy. Ol boş ornuň näme üçin dörändigi habarlarda aýdylmady. Serdaryň birden saýlanmagy bolsa saýlawyň möhümligini artdyrdy, sebäbi başga biri saýlanan bolsa, oňa ähmiýet berilmezdi. Serdar muňa çenli eýýäm Oba hojalyk ministriniň orunbasary bolup işledi, soň bolsa uglewodorod baýlyklaryny dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet gullugyna ýolbaşçylyk etdi.
2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu döwlet edarasy ýatyrylanda, prezident Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginde üç sany täze bölüm döretmek barada karara gol çekdi hem Serdary olaryň birine geçirdi.
Uniwersitet bilimli Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda fizika we matematika ylymlarynyň doktory diýen derejäni aldy. Şol wagta çenli Serdar azyk senagatynda işledi we türkmen çakyr önümçiliginde öz derejesini ýokary götermäge çalyşýana meňzedi.
Şeýle-de bolsa, 2008-nji ýylda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň diplomatik akademiýasyna okuwa gitdi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesine bellendi. 2011-nji ýylda okuwy gutardy we soňra Ženewa Howpsuzlyk Syýasaty Merkeziniň studenti boldy. Ol ýerde bolan iki ýylynyň dowamynda, şol bir wagtyň özünde BMG-niň Ženewadaky missiýasynda Türkmenistanyň geňeşçisi bolup işledi.
Geňeşçi wezipeleri möhümdi, sebäbi ol wezipede işläninde, daşary ýurtda ýaşaýan hasaplanmaýar. Konstitusiýa laýyklykda, deputatlar saýlawlara gatnaşmak üçin, soňky 10 ýylda Türkmenistanda ýaşan bolmaly. Prezidentlige dalaşgärler iň bolmanda soňky 15 ýylda ýurduň içinde ýaşamaly.
Parlamente saýlanandan dört aý geçensoň, Serdar kanuny meseleler boýunça parlament komitetiniň başlygy wezipesine bellendi. 2018-nji ýylyň mart aýynda Serdar gaýtadan deputatlyga saýlandy, şondan soňra ol häkimiýet basgançagyndan çalt ýokary galyp başlady.
2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Serdar Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellendi. Bu welaýat Aşgabadyň töwerek-daşynda ýerleşse-de, Türkmenistanyň paýtagty aýratyn statusa eýe bolansoň, resmi taýdan welaýatyň bir bölegi däl. Şol ýylyň iýun aýynda Serdar bu welaýatyň häkimi wezipesine bellendi. 2020-nji ýylyň fewralynda bolsa ýurduň senagat we gurluşyk ministri wezipesine geçirildi.
Serdar 2017-18-nji ýyllardan resmi saparlara gidip başlady. Owaly Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşmak üçin, Moskwa resmi sapar etdi, şol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Soňra Gazagystanda bolup, Merkezi Aziýa sammitinde Türkmenistana wekilçilik etdi ( ýöne beýleki prezidentler bilen suratlarda ol görünmedi). Şeýle hem 2018-nji ýylyň aprelinde Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine belleneninden iki hepde soň, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Belarusda geçen duşuşygyna gatnaşdy.
HÖKÜMET OŇA GEÇERMI?
Döwlet eýeçiligindäki metbugat köplenç Serdaryň kakasy bilen bilelikdäki wideolaryny we suratlaryny görkezýär. Bu 2018-nji ýylyň fewral aýynda Amul-Hazar aralygynda ýolsuz awtoýörişiň başynda bolup geçdi. Şonda döwlet teleýaýlymy prezident Berdimuhamedowyň estafeta taýagyny ogluna geçirendigini görkezdi. Megerem, bu görnüş bir alamaty aňlatmagyň synanyşygy bolsa gerek.
Serdaryň döwlet gullugynda alyp barýan işleri baradaky habarlar döwlet metbugatynda barha köpelýär. Elbetde, onuň iş ukyby barada aýdylýanlardan bir zat aňlamak aňsat däl. Ýöne suratlaryň köpüsinde hem wideolarda, ol özüni oňaýsyz duýýan ýaly görünýär. Russiýada okaýan döwründe, özüni tutuk saklandygyny, güýçli duýgulara meýilli däldigi, prezidentiň ogly bolandygyna garamazdan, özüni adaty bir student ýaly alyp barandygy aýdylýar. Beýlekiler bolsa, mejlise deputat saýlanmazdan ozal onuň telekeçilige höwes bildirip, syýasat bilen onçakly gyzyklanmandygyny aýdýarlar.
Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk edende, Serdaryň administrasiýa binasyna girmek we içerde özüňi alyp barmak boýunça birnäçe täze düzgün girizendigi barada maglumat bar.
Hususan-da, onuň ofisine girmäge diňe birnäçe jogapkär işgäre rugsat berlipdir. Beýleki işgärlere bolsa diňe iň zerur halatynda iş ýerlerini terk etmek tabşyrylypdyr. Olara şeýle hem gaty ümsüm bolmagy buýrupdyr. Binanyň içindäkilere jübi telefonlaryny ulanmak gadagan edilipdir. Serdaryň ofisiniň alnynda garawullar ýerleşdirilipdir, bu öňki häkimleriň döwründe beýle däl eken.
Serdaryň gol astyndakylary köplenç “boýnuňyzy towlaryn” diýip gorkuzýandygy aýdylýar.
Konstitusiýa laýyklykda, prezident öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň wezipesi parlamentiň başlygyna geçýär. Bu 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykanyndan soň şeýle boldy. Dogry, şol wagt parlamentiň başlygy Öwezgeldi Ataýew derrew tussag edildi we tire-taýpa arasyndaky bäsdeşligi öjükdirmekde aýyplandy. Bu ýagdaý ozal tanalmaýan saglyk ministri üçin prezidentlige barýan ýoly arassalady. Gurbanguly Berdimuhammedow prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellendi.
Golaýda geçen saýlawlardan soň, Türkmenistanyň mejlisi iki palatadan ybarat boldy. Döwlet baştutany öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, prezidentiň ygtyýarlyklary mejlisiň ýokarky öýüniň başlygyna geçýär. Serdar bolsa häkimiýetde ikinji adam – ýokarky palatanyň başlygy. Serdara ýokary wezipä dalaşgär hökmünde garalýar.
Şeýle hem Konstitusiýa laýyklykda, prezidentiň azyndan 40 ýaşynda bolmalydygy aýdylýar. Serdar 22-nji sentýabrda 40 ýaşyny doldurýar.
HÄZIRKI PREZIDENTIŇ SAGLYGYNYŇ ÝARAMAZLYGY BARADAKY GEP-GÜRRÜŇLER
Prezidentiň oglunyň wezipe basgançagyndan ýokary çykmagy onuň kakasynyň saglyk ýagdaýy baradaky myş-myşlara gabat gelýär. Gurbanguly Berdimuhamedowda süýji keseliniň bardygy hiç kim üçin gizlin däl, bu kesel olaryň maşgalasynda bar (ondan Serdaryň hem ejir çekýändigi belli däl). Serdar ilkinji gezek parlamente saýlanaly bäri Berdimuhamedowyň azyndan iki gezek süýji keselinden huşuny ýitirendigi barada myş-myşlar ýaýrady. Şeýle hem tebigy däl ýagdaýda uzak wagtlap – 2019-njy ýylyň iýul aýynyň we awgust aýynyň başynda döwlet metbugatynda görünmedi, bu hatda onuň ölümi baradaky çaklamalary döretdi.
Koronawirus pandemiýasy başlaly bäri daşary ýurtlulara Türkmenistana girmek mümkin bolmady, paýtagt hem birnäçe adamdan başga myhmanlar üçin ýapyk boldy. Bu az sanly myhmanlaryň hatarynda doktor Klaus Parhoferiň ýolbaşçylygyndaky nemes lukmanlar topary bar, olar noýabr aýynyň ahyryndan bäri iki gezek türkmen uçarlary bilen Aşgabat şäherine uçdular.
Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň hersi öz ýurtlarynda maşgala häkimiýetini döretmäge synanyşýandygy täzelik däl.
Munuň Gazagystanda bolup biljekdigi barada gürrüňler ýaýrapdy, ol ýurtda Nursoltan Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga prezidentiniň mirasdüşeri hökmünde garalýardy we käbir synçylaryň pikirine görä, ol henizem ýokary wezipäni eýelemegi mümkin.
Özbegistanda käbir adamlar ýurduň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnaranyň kakasy ölenden soň hökümeti öz eline alyp biljekdigine ynanýardylar. Dogry, hökümete derek ony türmä iberdiler.
Merkezi Aziýanyň patriarhal jemgyýetlerinde Dariga Nazarbaýewanyň we Gulnara Kerimowanyň aýal bolmagy olaryň peýdasyna bolmady diýen garaýyş bar. Uzak möhletden bäri Täjigistanyň prezidenti bolup gelýän Emomali Rahmonyň uly ogly Rustam Emomaliniň ýa-da Serdaryň dinastiýa häkimiýetini kabul etmek üçin, has amatly ýagdaýda bolmagy mümkin.
Emma Türkmenistan meselesinde Berdimuhamedow ilkinji prezident däl. Türkmenistanda dowam edýän hökümet görnüşi – şahsyýet kulty, ýagny prezident bolup geçýän we bolup biljek ähli işiň merkezinde durýar. Bu düzgün ozalky prezident Nyýazow tarapyndan döredilip, aňsat ýola goýlupdy.
Hökümeti atadan ogluna geçirmegiň mümkinçiliginiň bar ýa-da ýokdugyny çaklamak kyn, sebäbi Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň geçen 30 ýylynyň ilkinji 15 ýylyny Berdimuhamedow maşgalasyndan bolmadyk adam dolandyrdy.
Türkmenistan Demirgazyk Koreýa ýa-da Azerbaýjan däl, Serdaryň häkimiýet başyna geçmegi örän mümkin görünse-de, onuň ýurduň hakyky ýagdaýlaryna laýyk gelmezligi mümkin.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.