Keselçilik, onuň saglyga täsiri, ölüm. Türkmenistan we COVID-19
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Koronawirus keselçiligi we ölüm dowam edýär. Kesel başdan geçirilenden soň dürli saglyk problemalary döreýär. Türkmenistanda köp adam koronawirus keseline uçrandygyny özleri anyklaýarlar we öz-özlerini bejermegiň ugruna çykmaly bolýarlar. Sebäbi ýurt resmileri COVID-19 keselini resmi taýdan hasaba almaýarlar. Resmi derejede koronawirusa garşy alnyp barylýan çäreler waksinasiýa we ilatyň maskaly ýörmek talabyny berjaý edişine berk gözegçilik ýaly hereklere gönükdirilýär.