Türkmenistanda ýene zyýanly galyndylaryň howa syzdyrylýandygy mälim boldy

"Galkynyş" ýatagyndaky gaz desgalary

Ýyladyşhana gazlarynyň galyndylaryny anyklamaga ukyply hemra fewral aýynda Türkmenistanda metan syzmasynyň sekiz çeşmesini tapdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berýär.

Kanadanyň howa goýberilýän zyýanly galyndylary hasaba alýan GHGSat Inc. kompaniýasynyň başlygy Stefan Germainiň tassyklamagyna görä, bu ýerde sagatda jemi 10 müň kg çenli metan atmosfera zyňylýar. Ol bu zyýanly galyndylaryň şonça wagtda 250 müň awtoulagyň howa goýberýän gazyna deňdigini aýtdy.

1-nji fewralda birnäçe sagatlap dowam eden ilkinji syzmalar ýüze çykaryldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Neşir Türkmenistanda ýyladyşhana gazlarynyň uly syzmalarynyň ilkinji gezek ýüze çykarylmaýandygyny belleýär.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda bu kompaniýa Korpeje nebit we gaz ýatagyndan syzýan metan zyňyndylaryny hasaba aldy.

Kompaniýanyň wekilleri zyýanly galyndylaryň “Galkynyş” ýatagyndan syzýandygyny aýtdylar, ýöne "türkmen häkimiýetleriniň ýagdaýy düzetmeklerine mümkinçilik bermek" üçin takyk koordinatlary aýtmakdan ýüz öwürdiler.