"Talyban" Türkmenistana sapar edende nämeler boldy?

"Talyban" toparynyň delegasiýasynyň başlygy Molla Baradar Owganystandaky parahatçylyk prosesi, Türkmenistanyň Owganystandaky taslamalary barada maslahatlaşmak üçin Türkmen DIM-niň başlygy Raşid Myradow bilen duşuşdy.

"Talyban" bu hili beýanatlary ozalam edipdi, metbugat wekili Zabihullah Mujahid 2016-njy ýylyň noýabrynda "Talyban" diňe bir halkyň bähbidine bolup, milletiň ösüşine we gülläp ösmegine sebäp boljak ähli milli taslamalary goldamak bilen çäklenmän, eýsem olary goramaga hem ygrarly” diýipdi.

Musulman ekstremist toparynyň wekiliýeti 6-njy fewralda Türkmenistana gelip-gideninden soň, ne “Talyban”, ne-de türkmen resmileri iki tarapyň arasynda geçirilen gepleşikler barada jikme-jik maglumat berdi.

Türkmen paýtagty Aşgabatda geçirilen duşuşyklar barada örän az maglumat berildi we, ine, bilinýän zatlar şulardan ybarat.

Aşgabada sapar eden topara Molla Abdul Gani Baradar ýolbaşçylyk etdi we şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň adaty bolmadyk çalasynlykda çap eden beýanatyna görä, “Talyban” Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik liniýasy we Owganystany demir ýol arkaly Türkmenistana birikdirmek baradaky taslamalar barada gürleşmäge geldi.

Şeýle-de Baradar “Talybanyň” 26-njy ýanwarda Eýrana we 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Pakistana guralan saparyna ýolbaşçylyk etdi.

Degişli maglumat Meredow we Zarif ekstremist toparlaryň regiona abandyrýan howpuny maslahat etdi

Bu saparlar geçen ýyl Kataryň paýtagty Dohada başlanan owgan parahatçylyk gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin guraldy.

Türkmenstanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanaty "Talyban" delegasiýasynyň agzasy Muhammad Suhail Şahiniň gysgaça beýanatyny hem öz içine alýar, ol: "TOPH, TOP we Türkmenistandan Owganystana demir ýol çekilmegi ýaly taslamalaryň gurluşygynyň basymrak başlanmagy, şübhesiz, Owganystanda parahatçylygy we ykdysady ösüşi gazanmaklyga goşant goşar” diýdi.

Şahin "Talybanyň" owgan halkyna peýdaly boljak, ýagny bu ýurtda "durmuşa geçirilýän milli taslamalaryň ählisiniň goralmagyny" üpjün etjekdigini hem sözüne goşdy.

Ol "TOPH taslamasynyň we ýurdumyzdaky beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine we howpsuzlygyna doly goldaw berýändigimizi mälim edýäris" diýdi.

“Talyban” wadasynyň gymmaty

"Talyban" bu hili beýanatlary ozalam edipdi, şol sanda metbugat wekili Zabihullah Mujahid 2016-njy ýylyň noýabr aýynda eden beýanatynda "Talyban" diňe bir halkyň bähbidine bolup, milletiň ösüşine we gülläp ösmegine sebäp boljak ähli milli taslamany goldamak bilen çäklenmän, eýsem olary goramaga hem ygrarly” diýipdi.

Ýöne “Talyban” şol ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda Owganystanyň demirgazygynda Täjigistandan we Özbegistandan elektrik toguny getirýän simleri kesdi.

Bu ýykgynçylyk Owganystanyň demirgazygyndaky sebitleriniň elektriksiz galmagyna we Kabulyň elektrik üpjünçiliginiň düýpli peselmegine getirdi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýanyň owgan serhedine howsalaly gözegçiligi

"Talybanyň" 2016-njy ýylda beren wadasyndan soň, prezidentiň metbugat sekretarynyň orunbasary Şah Huseýin Murtazawi “Talyban” toparynyň bu wadany bermezinden birnäçe aý öň 302 mekdebi, 41 saglyk öýüni, 50 metjidiň minarasyny, 5305 ýaşaýyş jaýyny, 1818 dükany, hökümet binasyny, alty köprini ýumrandygyny, 11 welaýatda 293 geçelgäni we 123 kilometr ýoly ýykandygyny we zaýalandygyny aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian 2020-nji ýylyň maý aýynda "Talybanyň" soňky alty aýyň dowamynda 14 welaýatda 110 jemgyýetçilik taslamasyny weýran edendigini, şol sanda Baglan-e Markazi etrabynda Täjigistandan elektrik getirmek üçin dikilen üç sütüni we Özbegistandan Baglan welaýatynyň Pul-e Humri etrabynyň Dand-e Şahabuddin we Hwaja Alwan etraplaryna elektrik toguny getirmek üçin dikilen iki sütüni ýok edendigini aýtdy.

Sermaýalaryň üýşendiriji howpsuzlygy

TOPH barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan bu gaz geçirijisini gurmagy 25 ýyldan gowrak wagt bäri arzuw edýär, emma Owganystandaky howpsuzlyk problemalary häzire-bu güne çenli bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýol bermeýär.

Žurnalist Ahmed Raşid "Talyban"hakynda ýazylan we iň köp satylan kitabyň awtory we Owganystan boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň biri hasaplanýar.

Degişli maglumat Türkmenistan "Таlybany" Aşgabada çagyryp, TOPH howpsuzlygyny maslahatlaşdy

Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gandhara web sahypasy bilen söhbetdeşlikde "1990-njy ýyllarda, haçanda Aşgabat TOPH gaz geçirijisini gurmak tagallasyny edip başlanda, bu iş "Talybanyň” futbol stadionlarynda aýallary jezalandyryp başlamagy netijesinde ýol almady” diýdi.

“Eger-de indi "Talyban” hökümete gözegçilik etse we olar Kabul režimi bilen eglişige gelip, öz iş usulyny üýtgetmese, Owganystanda bu golaýlarda daşary ýurt maýa goýumlarynyň bolmagy tasdan mümkin däl” diýip, Raşid sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol ýerde mesele diňe daşary ýurt maýa goýumlarynda-da däl, eýsem gurluşyk işleriniň anyk kime tabşyryljakdygy hem sorag bolup durýar.

Eger geçiriji guruljak bolsa, gurluşyk meýdançalaryna zerur enjamlar bilen birlikde, gaz geçirijisini gurmak tejribesi bolan daşary ýurtly işçileriň hem getirilmegi zerur diýip bilinýär.

Ýöne, işçileriniň atyşyk arasynda galyp biljekdigini ýa-da adam galkany hökmünde ulanylmak ähtimallygyny bilip durka, haýsy kompaniýa öz adamlaryny we tehniki enjamlaryny söweşleriň tutaşýan ýerine ýa-da “Talybanyň” gözegçiligi astyndaky sebitlere iberer?

Gaz geçiriji

Türkmenistanyň TOPH geçirijisiniň gurulmagyna bolan mätäçligi hiç wagt edil häzirkisi ýaly uly bolmandy. Bu ýurt hususan-da öz esasy eksporty bolan tebigy gazyna bazar tapyp bilmezligi sebäpli köpelen we çuňlaşan ykdysady kynçylyklara sezewar boldy.

Häzirki wagtda türkmen gazynyň ýeke-täk köp iberilýän ýeri Hytaý bolup, Pekin geçen ýyl iki ýurdy birleşdirýän üç gaz geçiriji arkaly import edilýän türkmen gazynyň mukdaryny ep-esli azaltdy.

Owgan prezidenti Aşraf Gani TOPH geçirijisiniň Hyratdaky dabarasynda söz sözleýär. 23-nji fewral, 2018.

Günbatar Owganystanyň üsti bilen, soňra günortadan Kandagaryň üsti bilen Pakistana we Hindistandaky Fazilka çenli, 1800 kilometrden gowrak aralyga çekilmeli TOPH taslamasy 33 milliard kub metr türkmen gazyny akdyrmagy nazarda tutýar.

Owganystan bu gazyň 5 milliard kub metrini alar, Pakistan we Hindistan ikisi bilelikde 14 milliard kub metr gaz alar, Owganystan we Pakistan tranzit töleglerinden hem peýda görer.

Türkmenistan gazdan geljek girdejilere gaty mätäç we geçen güýzde Aşgabat ahyrsoňy bu gaz üçin Pakistana we Hindistana kesen nyrhyny arzanlatmaga razy bolanyndan soň, TOPH taslamasynyň ilerlemegine täzeden itergi berip başlady.

Hindistan bilen Pakistan Türkmenistanyň eksport etjek tebigy gazynyň bahasyny arzanlatmagyny talap edipdi, Pakistan bu dawa çözülýänçä TOPH geçirijisiniň öz topragyndaky gurluşygyna başlamajakdygyny aýtdy.

Türkmenistan bahany arzanlatmak barada ylalaşsa-da, takyk arzanladyş baradaky gepleşikler dowam edýär we 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan "ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler gutarandan soň eglenmän, TOPH geçirijisiniň Pakistandaky gurluşygyna badalga bermek isleýär" diýdi.

Gazyň nyrhy bilen bagly meseleleriň biri, Yslamabadyň talabyna görä, türkmen gazy Pakistanyň suwuklandyrylan tebigy gaza berýän bahasyndan ep-esli arzan bolmaly.

Ýöne ähli tarap howpsuzlyk kepilliklerine ynanýan bolsa-da, bu ýerde entek TOPH-yň gurluşygynyň amala aşmagyna ýol bermeýän birnäçe päsgelçilik bar.

Aşgabatda näme ara alnyp maslahatlaşyldy?

"Talyban" delegasiýasynyň Aşgabat şäherine eden saparynyň gyzykly elementlerinden biri, olaryň paýtagtda kabul edilmegi boldy.

Türkmenistan daşary ýurtlylara içeri girmqge gaty az mümkinçilik berýän izolirlenen ýurt bolup, türkmen häkimiýetleri geçen ýyl koronawirus pandemiýasy başlaly bäri, ýurdy, hususan-da Aşgabady möhürlemek üçin elinden gelenini etdi.

Netijede, daşary ýurt uçuşlary bir ýyla golaý wagt bäri gündogardaky Türkmenabat şäheriniň üsti bilen amala aşyrylýar.

Şondan bäri daşary ýurt wekiliýetiniň Aşgabat şäherine göni eden ýeke-täk sapary – prezidentiň saglygyny barlamak üçin iki gezek Türkmenistana gelen nemes lukmanlaryny hasaba almasak - Bütindünýä Saglyk Guramasynyň missiýasynyň 2020-nji ýylyň iýulynda, türkmen häkimiýetleriniň ýurt koronawirusdan doly azat diýen geň beýanatlaryny tassyklamagyna umyt baglanan sapary boldy.

Türkmenistan koronowirus hadysalarynyň hiç birini resmi taýdan tassyklamady.

Şeýlelikde, türkmen resmileri "Talyban" bilen nämäni ara alyp maslahatlaşmak islän bolsalar-da, ol söweşiji toparyň wekillerini Aşgabat şäherine getirmek derejesinde möhümdi.

Elbetde, TOPH Türkmenistan üçin örän möhüm bolup durýar, ýöne bellenip geçilişi ýaly, Owganystanyň üsti bilen geçiriji gurmakdaky päsgelçilikler heniz saklanyp galýar we häzirki emele gelen ýagdaý bu gurluşygy tasdan doly mümkin däl edýär.

Gazyň ýerine elektrikmi?

Türkmenistan Owganystanyň parahatçylyk gepleşiklerini özünde geçirmek üçin 2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri azyndan üç gezek teklip bilen ýüzlendi, ýöne 6-njy fewralda bolan duşuşykdan berlen habarlarda bu teklip barada hiç zat aýdylmady. Eger-de "Talyban” wekilleri ýakynda Pakistana we Eýrana sapar edende, owgan parahatçylyk gepleşikleriniň bu ýurtlardaky duşuşyklaryň gün tertibiniň başynda bolandygyny nazara alsak, Aşgabatdaky ýagdaý örän täsin görünýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda "Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň we goramagyň ähmiýeti" barada aýdylan umumy jümleden başga, parahatçylyk gepleşikleri barada hiç zat agzalmady.

Şol bir wagtda, “Talyban” delegasiýasy bilen türkmen hökümetiniň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri, görnüşinden, gaz däl-de, elektrik togy bolana meňzeýär.

Türkmenistan, teklip edilýän 500 kilowoltlyk TOP, elektrik geçiriji liniýa gurlandan soň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik eksport etmekçi bolýar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani 14-nji ýanwarda, TOP-yň birinji bölüminiň - Kerki-Andhoý-Pul-e Khomri elektrik geçiriji taslamasynyň açylyş dabarasyna wideo baglanyşygy arkaly tomaşa etdi.

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygyna, käbiri “Talybanyň” gözegçiliginde bolan sebitlere bireýýämden bäri elektrik energiýasyny eksport edýär.

Möçberleri az bolsa-da, "Talyban" bu sebitleriň ýaşaýjylaryna elektrik togy üçin salgyt salýar. Emma muňa garamazdan, olaryň elektrik üçin alýan pulunyň näçe böleginiň nagt pul kösençligini çekýän Türkmenistana tölenýändigi ýa asla tölenmeýändigi häzirlikçe bize belli däl.

Owganystanyň hökümeti, adatça, eksport edilýän elektrik üçin Türkmenistana töleg tölemäge borçly we jogapkär, emma ýurduň demirgazygynda “Talyban” gözegçiliginde galýan sebitlerde ulanylýan elektrik eksporty üçin Kabulyň Aşgabada näçeräk pul töleýändigi belli däl.

Ýöne “Talybanyň” Owganystanyň demirgazygynda alyp barýan işlerini has-da güýçlendirmek üçin türkmen elektrik energiýasyny ulanýandygy äşgärdir.

Türkmenistan 2018-nji ýylyň iýul aýynyň aýagynda Badgis welaýatynyň paýtagty Kala-e Nau şäherine barýan 110 kilowoltlyk elektrik geçirijini, Owganystana tok iberýän üçünji elektrik liniýasyny işe girizdi.

"Talyban" 2019-njy ýylyň aprelinde Badgisdäki sütünleri partlatmak we bejeriji ussalaryň abatlaýyş işleri üçin bu ýere gelmeginiň öňüni almak bilen, bu ýere gelýän togy kesdi.

"Talyban” 21 oba üçin [Badgisiň Moko etrabynda “Talybanyň” gözegçiligi astynda galýan obalar] elektrik toguny isleýär we olaryň talaby berjaý edildi. Emma bu işi bir günde etmek mümkin däl" diýip, Badgis welaýatynyň şol wagtky häkimi Abdul Gafur Malikzai aýtdy.

6-njy fewralda geçirilen Türkmen-Talyban duşuşygyndan soň, Badgis welaýatynyň häzirki häkimi Hesamuddin Şams AÝ/AR-nyň “Azat Owganystan” radiosyna, “Azadi” ady bilen tanalýan Owgan gullugyna beren interwýusynda “Talybanyň” infrastrukturany bozmazlyk barada beren wadasyny goldaýandygyny we indi "bu wadany iş ýüzünde durmuşa geçirmelidigini” aýtdy.

Emma Şams öz welaýatyndaky gozgalaňçylaryň özüni alyp barşynyň üýtgemändigini we ekstremistleriň Türkmenistandan elektrik energiýasyny getirýän elektrik liniýalaryny nyşana almagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Şams “Talybanyň” Badgis welaýatynda hereket edýän ýeke-täk söweşiji topar däldigini belledi.

"Bala Murgab [etrap] ýaragly oppozisiýanyň esasy merkezi" diýip, Şams aýtdy. “Owgan söweşijilerinden başga-da, bu ýer Özbegistanyň Yslam hereketi bilen baglanyşykly özbek söweşijileriniň hem mesgeni bolup durýar. Ol ýerde pakistanlylar hem bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan başga, türkmen häkimiýetleriniň geçirilen duşuşyk barada tasdan hiç bir maglumat bermek islemezligi täsin bolup görünýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Azatlyk” ady bilen tanalýan Türkmen gullugy döwlet habar beriş serişdeleriniň “owgan delegasiýasynyň” sapara gelendigini aýdyp, olar bilen duşuşan türkmen resmileriniň adyny aýtmakda örän seresap bolandygyny habar berdi, ýöne iň bolmanda bir suratda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowy, onuň gepleşik stolunyň başynda oturandygyny görse bolýar.

Owgan hökümeti bu sapar barada ýöriteleýin düşündiriş bermedi, ýöne “Azadi” radiosyna Owganystandaky ähli toparlaryň owgan halkynyň mundan beýläk ejir çekmezligi üçin ýurduň infrastrukturasyny goramalydygyny aýtdy, şol bir wagtyň özünde-de “Talybany” derrew atyşygy bes etmäge razy bolmaga çagyrdy.

Şu sebäpden, “Talybanyň” Aşgabada sapar etmekden yzarlaýan bähbidi näme bolsa-da, olaryň käbiri ýa-da köpüsi diňe söweşiji topar bilen türkmen hökümetiniň öz aralaryndaky bir zat ýaly bolup görünýär.

Türkmenistan BMG tarapyndan bitarap ýurt hökmünde ykrar edildi we bu Aşgabadyň Owganystan bilen iş salyşmagynda has peýdaly boldy. Türkmenistan uruş sebäpli weýran bolan ýurtda uzak wagtlap dowam edýän konfliktde hiç kimiň tarapyny tutmazlyga synanyşýar.

Hut şu sebäpden hem owgan konfliktine gatnaşýanlaryň hiç biri, durnuklylygy gazanmak meselesinde, Türkmenistany ygtybarly ýaran hasaplap biljege meňzemeýär.

Brýus Panniýer bu makalany “Azadi”, “Azat Owganystan” radiosynyň habarçysy Ikram Karamyň, Türkmen gullugynyň we Gandharanyň dolandyryjy redaktory Abubakar Siddikiň maglumatlary esasynda ýazdy.