Berdimuhamedow ykdysadyýet toplumy boýunça maslahat geçirdi, on bir resmä käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

10-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýet toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata ykdysadyýet toplumy boýunça hökümet başlygynyň orunbasary, bank we maliýe pudagynyň ýolbaşçylary we beýleki ýokary derejeli resmiler gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar (TDH) agentligi habar berýär.

Bu maslahat bilen prezident Berdimuhamedow soňky birnäçe günüň dowamynda eýýäm dokuzynjy gezek 2020-nji ýylyň jemleri boýunça hökümet resmileri bilen yzly-yzyna ýygnak geçirýär.

Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet pudagyndaky düzümleriň işini berk tankyt etdi. Ol beýleki talaplar bilen bir hatarda maliýe resmilerine ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagynyň gazanylmagyny, milli puluň hümmetiniň durnukly saklanylmagyny, walýuta amallarynyň düzgünleşdirilmegini talap etdi.

Prezident Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmeýändigini, munuň netijesinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergileriň emele gelendigini aýtdy.

“Bu bolsa, 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar” diýip, TDH prezidentiň sözüni getirýär.

Şeýle-de, prezident manadyň hümmetini berkitmek işlerine banklaryň ýolbaşçylarynyň goşulmaýandygyny aýtdy.

Prezidentiň bu bellikleri ýurtda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň resmi kursdan 8-9 esse ýokary galýan wagtyna gabat gelýär. Merkezi bankda 1 dollar 3,5 manat, gara bazarda onuň bahasy geçen hepdelerde 32 manatdan aşdy.

Berdimuhamedow maslahatda resmilere mälim edilen dürli kemçilikler bilen baglylykda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbandurdyýewe “käýinç”; maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe, “Türkmenistan” bankynyň başlygy Meýlisgeldi Hajyýewe, “Türkmenbaşy” bankynyň başlygy Jumagylyç Jumagylyjowa, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy Serdar Baýramowa, “Daýhanbankyň” başlygy Sahymyrat Aganiýazowa, “Halkbankyň” başlygy Myrat Arabowa, “Senagat” bankynyň başlygy Täçmuhammet Täçmuhammedowa “berk käýinç” yglan etdi.

Prezidentiň ýylyň jemleri boýunça geçirýän ýygnaklary hem-de ýokary derejeli resmilere yglan edýän "käýinçleri" ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna, adamlaryň ýeňillikli azyk önümlerini satyn almak üçin döwlet dükanlarynda köplenç uly nobatlary emele getirýän pursatyna hem-de gara bazarda milli puluň öz hümmetini ep-esli ýitirýän mahalyna gabat gelýär.