Gazagystanda Hytaý konsulhanasynyň öňünde protest geçiren adam tussaglyga höküm edildi

Polisiýa Almatyda Baýbolat Kunbolatulyny saklaýar. 1-nji fewral, 2021 ý.

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda sud Hytaý konsulhanasynyň öňünde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde tussaglykda saklanýan dogany barada maglumat sorap, piket geçiren gazak raýatyny 10 gün türme tussaglygyna höküm etdi.

10-njy fewralda sud Baýbolat Kunbolatulyny köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanuny bozmakda günäli tapyp, ony 10 gün tussaglyga höküm etdi.

Mundan bir gün öň, Kunbolatuly we ýene-de dokuz adam, aglaba aýallar ýakynlarynyň Şinjiangyň “täzeden terbiýeleýiş” lagerleri atlandyrylýan merkezlerinden azat edilmegini talap edip, Hytaýyň Almatydaky konsulhanasynyň öňünde piket geçiripdiler.

Protestçileriň käbiri hytaý resmileriniň olaryň ýakynlaryny ýurtdan çykarmaýandygyny aýtdy, käbiri hem maşgala agzalarynyň Şinjiangda ençeme ýyllap habar-hatyrsyz saklanýandygyny belledi.

10-njy fewralda Kubolatulynyň ejesi Zauathan Tursyn we başga-da birnäçe aýal ýene-de Hytaý konsulhanasynyň öňüne gelip, tapgyr üçünji gün protest geçirdiler.

Gazagystanda soňky ýyllaryň dowamynda şular ýaly protestleriň ençemesi geçirildi. Demonstrantlar gazak hökümetinden Şinjiangdaky etniki gazaklaryň ykbaly boýunça resmi ýagdaýda goşulmagyny talap edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Şinjiangda 2 milliona golaý uýguryň, gazagyň we beýleki azlyk toparlarynyň agzalarynyň tussaghanalarda saklanýandygyny aýdýar.

Hytaý bu merkezleriň täzeden terbiýeleýiş lagerleridigini ret edýär.