Täjigistanda pandemiýa döwründe ýapylan metjitler ýaňadan açyldy

Duşenbe şäherindäki merkezi metjit, 2021-nji ýylyň 1-nji fewraly.

Täjigistanyň metjitleri dokuz aýlyk arakesmeden soň, dindarlar üçin gapylaryny açdy. Metjitler COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirme wagtynda ýapylypdy. 1-nji fewralda ýüzlerçe adam Duşenbäniň merkezi metjidine namaz okamaga geldi.

Täjigistanyň Yslam merkeziniň Ulemalar geňeşiniň başlygy Saidmukarram Abdulkodirzoda namazdan öň metjide gelenleri sanitariýa düzgünlerini we çäklendirmeleri berk berjaý etmäge çagyrdy. Metjide her kim öz namazlygy bilen gelip, namaza durlanda sosial aralygy saklamagy duýdurdy.

Merkezi juma metjidinde, täzeden açylyşyň öňüsyrasynda, ähli jaýlarda dezinfeksiýa geçirildi. Pollar, diwarlar, şeýle hem adamlaryň degip biläýjek zatlary gaýtadan arassalandy. Mundan başga-da, poluň halylaryna ýörite lenta bilen bellik edilip, namaz wagtynda dindarlaryň arasynda bolmaly iň az aralyk kesgitlendi.

Mundan ozal Täjigistanyň Saglygy saklaýyş we ilatyň sosial goragy ministrliginiň epidemiologlary dindarlary şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny, sosial aralygyň düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyrdylar. Şeýle hem metjitlerde medisina maskalaryny dakynmagyň hökmanydygyny, aýratyn-da juma namazy wagtynda şol düzgünleri berk berjaý etmegi tabşyrdylar.

Şeýle çagyryş bilen ýerli metjitleriň ymamlary-da dindarlara ýüzlendiler. Metjide baranlarynda, ýanlary bilen öz şahsy namazlygyny almalydygyny aýtdylar. Ymamlar özüni oňat duýmaýanlara "ýokanç çeşmesi bolmazlygy üçin", metjide barmakdan saklanmagy maslahat berdiler.

Şeýle arassaçylyk düzgünlerine we çäklendirmelere garamazdan, dindarlar metjitleriň ýaňadan açylmagyndan diýseň hoşal. "Biz metjide barmagy küýsäp başladyk" diýip, Duşenbäniň ýaşaýjysy Abdunabi Nabiýew aýdýar. Beýlekiler, Oýatullo Holnazarow ýaly, epidemiologlaryň ähli görkezmelerini ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny aýdýarlar. 1-nji fewralda, duşenbe güni dindarlaryň ählisi diýen ýaly paýtagtyň juma metjidine medisina maskalaryny dakynyp geldiler, ýöne namaz wagtynda käbirleri sosial aralygy saklamagy başarmady.

Koronawirusyň öňüni almak boýunça respublikan ştab koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen geçen ýylyň aprel aýynda ýapylan metjitleriň 1-nji fewraldan ýaňadan açyljakdygyny habar berdi. Ministrlik sanitariýa we epidemiologiki talaplaryň berjaý edilmegi şerti bilen ýurduň metjitlerinde köpçülikleýin namaz okamaga rugsat etdi. Häkimiýetler ýokanç keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän metjitleriň işiniň gadagan ediljekdigini-de duýdurdy.

Täjigistanyň Dini we däp-dessurlar komitetiniň metbugat sekretary Afşin Mukim Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda koronawirusyň öňüni almak boýunça respublikan ştabyň kararyna laýyklykda, sanitariýa standartlaryny bozan ähli guramalar we edaralar bilen deň hatarda metjitleriň hem jogapkärçilik çekjekdigini aýtdy. «Bu meselede metjitler üçin aýratyn geçirimlilik bolmaz. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän metjitler şol kemçilikleri doly ýok edilýänçä ýapylar» diýip, Afşin Mukim aýdýar.

Şeýle-de bolsa, ýaşaýjylaryň köpüsi soňky döwürde bazarlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda sanitariýa düzgünleriniň ýerine ýetirilişine häkimiýetleriň ýeterlik gözegçilik etmeýändigini aýdýarlar.

Täjigistandaky metjitler 2020-nji ýylyň mart aýynda iki hepdelik wagtlaýyn ýapylypdy, ýöne 18-nji aprelden başlap, olara doly karantin girizildi. Ýagdaý gowulaşýança dindarlara öýde namaz okamak maslahat berildi.

Täjigistanda 4 müň çemesi metjit hasaba alyndy.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.