Azyk krizisi: Maryda bir hepde bäri onlarça adam azyk nobatyna garaşyp, eli boş gaýdýar. Çörek pasport boýunça satylýar

Illýustrasiýa suraty.

Marynyň “Gök bazarynyň” ýerzemininde ýerleşýän bir söwda nokadynda mundan bir aý ozal hem döwlet nyrhyndan iýmit önümleri satylýardy. Ýöne soňky bir hepde bäri “ýerzeminiň” öňünde azyk nobatyna garaşýan adamlaryň nobaty köpelmese azalmaýar. Olar her gün öýlerine eli boş gidýär. “Şu gün nobata garaşýan adamlaryň sany 100-den geçdi” diýip, bir maryly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň anna güni azyk nobatyna garaşýan adamlaryň sany 70-80 töweregidi. Adamlar her gün umyt bilen söwda nokadyna barýar. Ýöne yzlaryna eli boş gaýdýar.

“Bir hepde gowrak wagt bäri, hiç hili azyk satylmasa-da adamlar gury nobata durýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar birden azyk satylaýsa, ony duşdan geçirmezlik üçin nobatdan el çekmeýär.

Degişli maglumat Daňdanyň alagaraňkysynda döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň çörek nobaty egsilmeýär

Türkmenistanda öňden bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar we azyk ýetmezçiligi pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Ýurt raýatlary çörek, un, ösümlik ýagy we şeker ýaly esasy azyk önümlerini satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde uly nobatlary emele getirýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, çörek şu günler Marynyň diňe käbir döwlet dükanlarynda satylýar. Ony satyn almak aňsat däl. Sebäbi, çörek döwlet dükanlarynda pasport boýunça satylýar. Adamlaryň diňe özleriniň bellige alnan dükanlaryndan azyk harytlaryny satyn almaklaryna rugsat berilýär.

“Pasport görkezmeli. Şol dükana degişli ýerde ýaşaýandygyňy tassyklamaly. Başga ýerden bolsaň, çörek ýok” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir adamlar döwlet dükanynyň edil gabadynda ýaşasalar-da, eger başga döwlet dükanynda hasaba alnan bolsalar, golaýdaky dükandan çörek satyn alyp bilmeýärler. Döwlet dükanynda adam başyna çäkli möçberde ikiden satylýan çöregiň bahasy 50 teňňe.

Marynyň “Gök bazarynyň” öňünde döreýän degişli nobatlara polisiýa gözegçilik edýär. Olar adamlaryň arasynda uruş-sögüş bolmaz ýaly özleriniň nobatlara gözegçilik edýändigini aýdýarlar. Ýöne adamlar ol ýere uruşmak üçin däl, iýmit satyn almak üçin barýandyklaryny polisiýa işgärlerine düşündirýärler.

“Adamlar bu ýere uruşmaga ýa-da sögüşmäge gelmeýär. Her kim çagasyna iýdirmek üçin arzan haryt satyn almaga gelýär” diýip, sişenbe güni dükanyň öňünde nobata garaşan adamlardan biri polisiýa işgärlerine seslendi.

2-nji fewral güni ir bilen “Gök bazaryň” öňünde nobata garaşýan adamlaryň sany 100 adamdan geçdi. Ýöne olaryň garaşan söwda nokadynda azyk harytlary satylmady.

Degişli maglumat Çörek satyn almak üçin kepilnama getirmeli, kepilnama almak üçin para bermeli

Habarçynyň maglumatlaryna görä, adamlar ir bilen sagat 4:00-de nobata durup başlaýarlar. “Şu gün polisiýa işgärleri adamlary kowmakçy boldy” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. “Ýöne adamlar polisiýa işgärlerine üns bermän, nobatlaryny saklamagyny dowam etdirdiler” diýip, ol sözüne goşdy.

Nobata garaşýan adamlardan biri beýlekileri polisiýa üns bermezligi, nobata dowam etdirmegi, kowsalar hem yza gaýdyp gelmegi maslahat berdi. Adamlar dargamady. Polisiýa işgäri azyk nobatyna garaşýan adamlara ol ýerde söwdanyň bolmajakdygyny düşündirdi.

“Adamlar, eger-de bir zat satyljak bolsa, ilki bize habar berýärler. ‘Pylan ýere baryň, azyk satylýar, nobatlara gözegçilik ediň!’ diýip, ilki bize habar berýärler. Bize häzire çenli pylan ýerde azyk satylýar diýip, habar gelenok” diýip, polisiýa işgäri adamlar bilen ylalaşdy we olaryň ýöne ýerden nobata garaşýandyklaryny ýene bir gezek gaýtalady. “Uruş-sögüş bolmasa bolýar” diýip, polisiýa işgärleri öz ulaglaryna münüp, nobata gyýadan seredip oturdylar.

Habarçynyň sözlerine görä, iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlaryň käbiri “şu gün hem azyk satylmasa”, häkimlige baryp arz etmek teklibini orta atdy. Ýöne beýlekiler munuň netije bermeýändigini, ozal özleriniň häkimlige baryp, netije alyp bilmändigini aýdyp teklip bilen ylalaşmady. Söwda nokadynda iýmit önümleri satylmansoň, irden sagat 7:00 töwereklerinde adamlar dargamaga başlady.

Döwlet mediasy ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, şol sanda azyk ýetmezçiligi barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.