Türkmen goşunyndaky ‘açlyk’ dowam edýär, harby bölümde ‘ýoddan we zelýonkadan başga derman ýok’

Türkmen esgerleri

“Bir ýyldan soň, yzlaryndan ýaş esgerler gelende, eger telefonyma ýigrimi manat saldyrsaň, öýüň bilen gürleşdireýin diýýän ekenler” diýip, Meret aga aýtdy.  Ol ozal beýleki adamlardan esger ogullarynyň aç bolýarys diýip jaň edýänini eşitse-de, öz ogly jaň etmänsoň, bu barada pikir etmändir. 

Türkmenistanda hökmany harby gulluga çagyrylan esgerleriň goşundaky horluklary, şol sanda azyk, derman ýetmezçilikleri dowam edýär, kyn ýagdaýda galan ýaş esgerler başga alaç tapman, ene-atalaryna telefon edýärler, emma olaryň hem elinden gelýän zat ýok, sebäbi elleri ýuka diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşliginde ýaşaýan maşgala türkmen paýtagtyndaky harby bölümleriň birinde gulluk edýän esger oglundan jaň geldi, esger bäş gün bäri ýaraman ýatan eken diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Esgerler: Harby gullukdan wagtynda boşamak üçin para bermeli

“Oglum Aşgabatdaky 10-njy goradokda gulluk edýär, gulluga alnanyna bir ýyl boldy, emma yzyndan bir gezegem gidip bilmedim, pul ýagdaýymyz ýok” diýip, Meret aga habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ogly dümewländigini, harby bölümde ýod bilen zelýonkadan başga dermanyň ýokdugyny gürrüň beripdir.

Ofiserleri “näme, mamaňlara geldiňmi, tur, ýatma!” diýýärmiş. Paýtagtda gulluk edýär, gowy seredýändirler diýip umyt edýärdik, ýalňyşan ekenim. “Iýmitiň nähili?” diýip soradym. “Ozal irden mesgeli çörek, şekerli çaý berýärdiler, häzir çörek berýärler, ýöne üstündäki mesgesi ýok, çaý berýärler, ýöne ol adaty çaý däl, dermanlyk otdan demlenen çaý, şekeri bolsa ýok” diýip, oglum aýtdy. Günortan, agşamlaryna ýarma berýärler, garnym doýanok diýýär” diýip, ata oglunyň gullukdaky ýagdaýynyň kyndygyny aýtdy.

Esger kakasyndan telefon eden nomerine 100 manat geçirmegini haýyş edipdir. “Bu nomer bölümde medik bolup gulluk edýän oglanyňky, şuňa pul geçse, men alyp bilýän” diýipdir. Emma kakasy häzir öýde artyk zat, bu gün-ertir iberjek bolaryn diýip, oglunyň soran puluny iberip bilmändir.

“Berlen zatdan, işdäň almasa-da, iýjek bol, özüňe gowy seret” diýip, oglum bilen gürrüňi soňlap, dost-ýarlaryma, garyndaşlaryma ýagdaýymy aýtdym, pul soradym, emma kömek eden tapylmady” diýip, ol häzir beýleki adamlaryň hem özünden gowy ýaşamaýandygyny belledi.

Meret aganyň pikiriçe, häzirki günde adamlaryň köpüsinde dogrudanam karz bermäge pul ýok ýa-da adamlar karz berseň, soň yzyna alyp bolmaz diýip gorkýar.

Degişli maglumat Ýene bir esger, maşgalanyň ýeke ogly urlup öldürildi. Hiç kim jogapkärçilik çekmeýär

Bu ýagdaý, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda süýthorlygyň, prosentine pul almagyň giň ýaýramagyna alyp geldi. Esger atasy hem ahyry şu çykalga ýüz urýar we goňşusyndan prosentine 100 manat alyp, hususy dükanlaryň birinden oglunyň jaň eden telefonyna 100 manat ugradýar.

Azatlyk bilen gürleşen esger atalarynyň beren maglumatlaryna görä, köp adam oglunyň gullukdaky ýagdaýyny, onuň aç bolýandygyny hem bir ýyl geçýänçä bilip bilenok. Sebäbi ýaş esgerlere köplenç bir ýyllap öýlerine telefon etmäge rugsat bermeýärler.

“Bir ýyldan soň, yzlaryndan ýaş esgerler gelende, eger telefonyma ýigrimi manat saldyrsaň, öýüň bilen gürleşdireýin diýýän ekenler” diýip, Meret aga aýtdy. Ol ozal beýleki adamlardan esger ogullarynyň aç bolýarys diýip jaň edýänini eşitse-de, öz ogly jaň etmänsoň, bu barada pikir etmändir.

“Şu oglumyň birinji gezek jaň edişi. Öň kösenýän diýip jaň etmänsoň, harby bölümde gowy seredýändirler öýdýärdim” diýip, ýaşuly başyny ýaýkady.

Meret aga beýleki adamlar näme pikirde diýip, ogly harby gulluga giden obadaşlarynyň öýlerine aýlandy. Emma kimiň işigine baryp, bolan işi gürrüň berse, “Sen ýaňy başlapsyň, biz eýýäm 6-7 aý bäri pul ugradyp otyrys, sag-aman gelse bolýar” diýen sözleri eşitdi.

Degişli maglumat Prezident Döwlet serhet gullugynyň başlygyny wezipeden boşatdy, harby tehnikalary aýawly saklamagy tabşyrdy

Ozal oglum gelse, janly soýup, adam çagyrmaly bolaryn diýip gaýgy edýärdim, indi ýagdaýyny aýdansoň, gözüm bilen görmesem ynjalmaryn. Ýa ýene prosentine pul alyp, yzyndan gitsemmikäm” diýip, ýaşuly Azatlyk radiosynyň habarçysyna ýagdaýyny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.