"Talyban" azyndan 13 esgeri öldüren hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar

Nangarhar. Tutulan ýarag gaçakçysy

"Talyban" Owganystanyň gündogarynda bolan awtoulag partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, resmiler Nangarhardaky harby bazany nyşana alan hüjümde 14 esgeriň öldürilendigini aýdýarlar.

Ýerli geňeş agzasy Ajmad Omar Pakistan bilen serhet ýakasyndaky Şrizad etrabynda edilen hüjümde başga-da dört esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.

Dpa “Talybanyň” metbugat sekretary Zabiullah Mujahidiň sözlerine salgylanyp, bu hüjümi söweşiji toparyň amala aşyrandygyny we ölenleriň sanynyň has ýokarydygyny aýtdy.

Şu aralykda, Owganystanyň Içeri işler ministrligi we bir kanun çykaryjy bir gün öň Wardak welaýatynyň merkezinde bolup geçen ganly çaknyşyk barada gapma-garşylykly maglumatlary berdi.

Ministrlik 29-njy ýanwarda Behsood etrabynda bolan çaknyşykda polisiýanyň ýerli milisiýa toparynyň ýedi agzasyny öldürendigini, dokuz adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. Şeýle-de, polisiýanyň tagallalaryna päsgel berendigi üçin 68 milisiýa agzasynyň tussag edilendigi aýdylýar.

Emma Wardagyň ýerli kanun çykaryjysy Mahdi Rasih polisiýanyň parahatçylykly demonstrasiýa ot açandygyny, netijede 11 adamyň ölendigini, 20 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Dowam edýän zorlukly wakalar Kabulyň ABŞ-a ýüzlenip, “Talybana” edilýän basyşy güýçlendirmegi we Owganystandan 2500-den gowrak esgeriň çykarylmagyna gyssanmazlyk barada edýän çagyryşlary bilen utgaşýar.