Türkmenistanyň prezidenti ýurtda geçiriljek ilkinji It baýramçylygynda alabaý itleriniň arasynda geçiriljek bäsleşikde ýeňiji bolan ite beriljek medalyň nusgasyny tassyklady.
Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde beren tabşyrgy esasynda, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäni alan ite gowşuruljak medalyň şekil taslamalaryny döwlet baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Şeýle-de mejlisde, TDH-nyň ýazmagyna görä, prezidentiň görkezmelerine laýyklykda, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde işlenilişi barada habar berildi.
Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, onuň örän guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryk berdi.
Türkmenistan ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramçylygyny we it gözelligi ýaryşyny geçirmäge taýýarlanýar.
Bu baýramçylyk Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde, apreliň soňky ýekşenbesinde bellener we onuň çäginde itleriň degişli päsgelçiliklerden geçmekleri boýunça hem ýaryş guralar.
TDH 25-nji ýanwarda döwlet baştutanynyň Aşgabada iş saparyny edip, "alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen" gyzyklanandygyny habar berdi.
It baýramyna görülýän taýýarlyklara prezidentiň ministr ogly, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde wise-premýerler Şamuhammet Durdylyýew, Esenmyrat Orazgeldiýew, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew dagy gözegçilik eder, hökümet başlygy biraz öň olara "alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur almagy” tabşyrypdy.