Türkmenistan dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran ýene bäş ýigide höküm çykardy

Illýustrasiýa suraty. Türme.

Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran ýene bäş ýehowa şaýadyna iki ýyl düzediş işlerinde işletmek jezasy berildi. Olara türkmen kazyýeti ikinji gezek şol bir aýyplaw bilen höküm çykarýar. Bu barada din azatlyklaryna syn edýän Forum 18 guramasy habar berýär.

Türkmen kazyýetleriniň çykaran soňky hökümi dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran beýleki bir ýehowa şaýadynyň, Ruslan Artykmyradowyň 11-nji ýanwarda ikinji gezek türme tussaglygyna höküm edilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Dänewiň etrap kazyýeti 18-nji ýanwarda Azamatjan Narkulyýewe, Maksat Jumadurdyýewe hem-de Artur Ýangibaýewe höküm çykardy. 19-njy ýanwarda Dänew we Gurbansoltan eje etraplarynyň kazyýetleri degişlilikde Weniamin Genjiýewe hem-de Ihlosbek Rozmetowa höküm çykardy. Üç ýigit 20 ýaşynda, soňky iki ýigit 23 ýaşynda.

Degişli maglumat Dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran raýat ikinji türme tussaglygyna höküm edildi

Munuň bilen, 2021-nji ýylda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyryp, türmä basylanlaryň bilinýän sany, Forum 18-e görä, alty adama ýetdi. Şol bir höküm bilen häzirki wagta türme möhleti dowam edýän raýatlaryň sany 14 adam ýetdi. “Olaryň ählisi ýehowa şaýatlary” diýip, Forum 18 ýazýar. 14 ýigidiň dokuzyna Jenaýat kodeksiniň şol bir maddasy bilen ikinji gezek höküm çykaryldy.

Türkmenistan dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun towlan raýatlara alternatiw raýat gullugyny hödürlemeýär. Jenaýat kodeksi kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda harby gullukdan boýun gaçyrana "iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek" ýa-da "iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek" jezasyny berýär. Muňa laýyklykda türkmen kanunçylygy “dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmagy” kanun taýdan “esassyz” hasaplaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistany adam hukuklary babatynda öz üstüne alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarlar.

Oktýabrda Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy guramasy Türkmenistanda ýehowa şaýatlarynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi we olaryň yzarlanmagy barada Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa Açyk hat ýollady. Gurama türkmen adalatçysyndan Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek tejribesiniň bes edilmegine ýardam bermegi sorady.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti we beýleki halkara guramalar türkmen häkimiýetlerine ynanjy sebäpli harby gulluga çagyrylyşdan ýüz öwrenleri türmä basmazlyk barada ençeme gezek çagyryş bilen ýüzlendi. Ýöne bu ugurda Aşgabat henize çenli hiç hili öňegidişlik wada bermeýär we alternatiw raýat gullugyny hödürlemeýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýene bir ýehowa şaýady türme tussaglygyna höküm edildi

Forum 18-iň habaryna görä, 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri, harby gullukdan ýüz öwren 30 ýehowa şaýadyna şol bir aýyplaw bilen iş gozgalyp, höküm çykaryldy. 2020-nji ýylda türme möhletini tamamlan alty ýehowa şaýady Seýdiniň zähmet-düzediş lagerinden azatlyga goýberildi.

“Din-wyždan azatlygy babatyndaky hukuklaryny ulanýan beýleki wyždan ýesirleri – olaryň köpüsi musulmanlar – has uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, din azatlygy boýunça gurama türkmen türmelerindäki wyždan ýesirlerine üns çekýär.

Türkmenistan 2020 ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan “dini azatlyklary sistematik görnüşde, yzygiderli we gödek bozýandygy” üçin aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna ýene bir gezek goşuldy.

Dünýewi Türkmenistanyň baş kanuny raýatlaryň azatlyklaryny, şol sanda olaryň islän dinine uýmak ýa-da uýmazlyk hukugyny kepillendirýär. Ýöne adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen häkimiýetlerini raýatlaryň azatlyklaryny, şol sanda din azatlyklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.