Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň saýlawlaryna milli gözegçiler hasaba alyndy

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna milli gözegçiler hasaba alyndy. Bu barada ýarym-resmi turkmenistan.ru internet neşiri habar berýär.

Maglumata görä, 28-nji martda geçiriljek saýlawlara gözegçilik etmek üçin ýurtda hasaba alnan syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de raýatlaryň toparynyň hataryndan 436 gözegçi hasaba alnypdyr.

Geçen sentýabrda Türkmenistanyň baş kanunyna girizilen soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Täze parlament “Milli Geňeş” atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat edildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Azat Adalga: Konstitusion üýtgetmeler

Şeýle-de, soňky konstitusion üýtgetmelere görä, parlamentiň ýokary palatasyna, Halk Maslahatyna her welaýatdan we Aşgabatdan sekiz, jemi 48 agza saýlanar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bellener.

Synçylar parlamenti iki palataly ulgama geçirip, Halk Maslahatyny Mejlis bilen birikdirmek teklibiniň ýurtda mirasdüşerlik ugrunda atylan ädimdigini aýdýarlar. Täze üýtgetmelere görä, eger prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary täze Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny günbatar saýlaw synçylary erkin we adalatly hasaplamady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýet wekilleriniň saýlaw resmilerine saýlawlarda surat alýan adamlary tutmak, ýerli saýlaw toparlarynyň agzalaryna netijeler barada dil ýarmazlyk ýaly tabşyryklary berýändiklerini aýdýarlar.