«Meniň kakam Hytaý kanunyna ynanyp, oňa garşylyk görkezmedi». Gazaklar hem gyrgyzlar «täzeden terbiýeleýiş» lagerlerinde hem tussaglykda

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, 700 müňden gowrak etniki gazak we 50 müňden gowrak etniki gyrgyz Hytaýyň "täzeden terbiýeleýiş” lagerlerinde zor bilen saklanýar. "Häzirki zaman" kanalynyň habarçysy Alina Žetigenowa Gyrgyzystana we Gazagystana gidip, garyndaşlaryny "lagerlerden" halas etmäge synanyşanlar bilen gürrüňdeş boldy.

Material Azatlyk Radiosynyň "Nastoýaşeýe Wremýa" ("Häzirki zaman") kanaly tarapyndan taýýarlandy.

«KAKAM GOŇŞYMYZA PEKINE ARZA ÝAZMAGA KÖMEK ETDI»

– Bu gün kakamyň sadaka çäresi, ol Hytaýyň “Täzeden terbiýeleýiş” lagerinde aradan çykdy. Bu hasraty ejem ýa-da doganlarym bilenem paýlaşyp bilemok – olaryň dirimi ýa-da ölendiginden habarym ýok, olaryň "lagere" gaýtadan iberilen bolmagy, gynalýandygy barada hem habar alyp bilemok. Şeýle nämälim görgüçilik, hatda kakamyň şu gün ölendigini aýtmaýarlar, meniň pikirimçe ol awgust aýynda bolup geçendir. Ýarawsyz garry adamy gynaga sezewar etdiler – diýip, Akikat Kaliolla gürrüň berýär.

Hytaýyň Sinjiang welaýatynda, gazak maşgalasynda dünýä inen Akikat sazanda hem prodýuser. Pekinde aýdym-saz öwrenmek üçin, 19 ýaşynda ene-atasynyň öýünden çykdy. Ol ýerde we Şanhaýda belli halkara kompaniýalarda işläninden soň, döwlet aýdym-saz programmalaryna hem konsertlerine gatnaşyp, Urumçi şäherinäki aýdym-saz mekdebinde mugallymçylyk etdi. Ol ýerde Akikat geljekki aýaly bilen tanyşdy, ol gyz Gazagystanyň raýaty.

Akikat Kaliolla

– Meniň maşgalam gazak aýdym-sazlarynyň tanymal ýerine ýetirijisi, men onuň zehinine köpden bäri aşykdym – diýip, Akikat gürrüň berýär. – Biziň Hytaýda geçen toýumyzda, kakam gelnime iki kitaby – Hytaýyň Konstitusiýasyny hem Jenaýat kodeksini sowgat etdi: «Öz durmuşyňy Hytaýyň raýaty bilen baglanyşdyrýanyň üçin, sen bu ýurduň kanunlary bilen tanyş bolmaly» diýdi. Ine, kakam Hytaýdaky kanunçylyga we kazyýet ulgamyna şeýle ynanýardy.

Akikat aýaly bilen 2015-nji ýyldan bäri Gazagystanda ýaşaýar; 2018-nji ýylda Gazagystanyň graždanlygyny aldy. Ene-atasy we doganlary Hytaýda galdylar.

Akikatyň kakasy Tursynula Kaliolla şu ýyl 70 ýaşamalydy. Ol bilimli adamdy, hytaý dilini bilýärdi, soňky ýyllarda basyş astynda galan gazaklara hytaý dilinde arza ýa-da haýyşnama ýazmaga kömek edýärdi. “Kakam goňşusyna adamsyny öldüren garawullar barada Pekine arza ýazmaga kömek edensoň, kakamy hem iki doganymy alyp gitdiler. Tussag etmek barada hiç hili order, sülçi-derňew ýa-da kazyýet işi ýok. Olary ýöne alyp gitdiler. Ýerli häkimiýetler tarapyndan goňşymyzyň adamsynyň öldürilendigi baradaky arza merkeze ýetmändir, ýerli häkimiýetlerde galyp, olar ar alyp başladylar. Soň kakam azatlykdan mahrum edildi. Medeniýet ministrliginde işleýän, çagalaryna hytaý dilini öwreden we Hytaýyň kanunlaryna ynanýan garry hem ýarawsyz adama 20 ýyl iş kesdiler" diýip gürrüňdeşimiz aýdýar.

"Täzeden terbiýeleýiş” lagerleriniň öňki bendileri hem-de olaryň garyndaşlary ynsan hukuklaryny goraýjylara ol ýere atylýanlaryň hemişe kazyýetiň karary bilen geçirilmeýändigini aýdýarlar. Seniň yzyňdan polisiýa işgärleri, lager sakçylary ýa-da özüni tanatmaýan raýat eşikli adamlar gelip bilerler, olar hiç bir dokument görkezmeýärler. Aýyplanýan tussag edilýär ýa-da lagere iberilýär. Şeýle halatlar bolupdyr, saklanan adama görkezilen sanawdan bir jenaýat işini özüne saýlap almagy tabşyrýarlar. Şoňa laýyklykda-da derrew alty aý ýa-da on ýyl möhleti "oýlap tapmaga" mejbur edilendiginiň subutnamasy bar. Kazyýete eltenlerinde, günäkärlenýänlere aklawçy berilmeýär we özlerini goramaga rugsat edilmeýär.

Beýle jeza çäresine hytaý häkimiýetleri tarapyndan resmi düşündiriş berlenok: olar lagerlere “täzeden terbiýeleýiş merkezi” diýýärler hem ol ýerde adamlaryň täze hünär öwrenýändigini, bilim hem dil öwrenýändigini aýdýarlar. Pekin beýle merkezleriň dini ekstremizme garşy netijeli göreşdigini öňe sürýär.

Akikatyň ejesi adamsyny we ogullaryny sorap polisiýa baranda, ony edil beýlekiler ýaly "hünär öwredýän merkeze" basypdyrlar. BMG we halkara ynsan hukuklary guramalarynyň maglumatyna görä, bu merkezlerde öz isleglerine garşy milliondan gowrak adam tussag edilipdir: esasan uýgurlar, gazaklar, gyrgyzlar we hytaý musulmanlary – hueýler. Žurnalist derňewleri hem ol ýerlere baryp gören adamlar ‘syýasy taýdan täzeden bilim berýär’ diýilýän lagerleriň aslynda türme derejesinde işleýändigini we ol ýerde adamlaryň gynamalara sezewar edilýändigini aýdýarlar.

Akikat Kaliolla Nur-Sultan şäherindäki Hytaý ilçihanasynyň alnynda. 2020-nji ýylyň 26-njy iýuny.

2020-nji ýylyň iýun aýynda Akikat elini-aýagyny zynjyrlap, Nur-Sultanda Hytaýyň ilçihanasynyň öňünde bir adamlyk pikete çykdy. “Iýul aýynda ejeme hem doganlaryna hytaý messenjeri WeChat arkaly habarlaşmaga rugsat berdiler. Ýöne 16-njy awgustda baglanyşyk kesildi. Lagerden çykansoň, ejem we doganlarym öý tussaglygynda oturypdylar, soňra ýene-de ýitirim boldular. Hytaýdaky dostlarym ene-atamyň öýüni barlap, ol ýerde hiç kimiň ýaşamaýandygyny aýtdylar. Olaryň ýene lagere salnanyndan, asla diridiklerinden habarymyz ýok. Dürli çeşmelerden alnan maglumatlara esaslanyp, men doganlarymy we ejemi awgust aýynda alyp gidendirler diýip çaklaýan, sebäbi kakam şol wagtlarda ölüpdir. Häkimiýetler öz jenaýatyny ýaşyrmak isleýärler" diýip, Akikat gürrüň berýär.

«ÇAGALARA ATA-MAMASYNYŇ NIREDEDIGINI DÜŞÜNDIRMEK KYN»

Hytaýdaky türki dilli halklara we musulmanlara garşy repressiýa çäreleriniň güýçlendirilmegi 2016-njy ýylda Sinjiang Kommunistik partiýasynyň lideri wezipesine Çen Sýuangonyň bellenmegi bilen baglanyşykly. Ol Tibetiň ýolbaşçysy wagtynda ýowuz administratiw çäreleri bilen tanalypdy. 2020-nji ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary «Sinjiangda etnik azlyklaryň hukuklaryny düýpli bozmak, köpçülikleýin esassyz tussag etmeler we agyr fiziki zorluk» sebäpli Sýuango garşy sanksiýa girizdi.

Sýuango tutuş sebiti polisiýa ýurduna öwürdi, şäherleriň we etraplaryň arasynda barlag nokatlaryny goýdy, adamyň ýüzi tanalýan kameralar ulgamy we jaýlara, söwda merkezlerine girmek üçin hökmany ID skaneri bolan polisiýa nokatlaryny döretdi. Her ýerde polisiýa eşikli dikmeleri goýdy.

– Daşary ýurda gitmek has kynlaşdy. Ondan öň garyndaşlarymyzy görmek üçin Gazagystana-da, Gyrgyzystana-da giderdik, ýaşlar bu ýerdäki uniwersitetlerde okaýardylar. Soňra bu okuwçylaryň hemmesi ýitip başlady – diýip, gyrgyz gyzy Žanyl gürrüň berýär. – Agamyň aýaly hytaýly, meniň adamym uýgur. Doganym öýlenenden soň, maşgalasy bilen Taýwana göçüp gitdi, biz Bişkege gaýtdyk, uýam Ýewropada okamaga gitdi-de, şol ýerde galdy. Ene-atalarymyz biziň nikalarymyza, ne-de göçmegimize garşy bolmadylar. Olar özlerine repressiýa çäresiniň ýetjekdigine ynanmaýardylar: sebäbi biz halkara maşgalasydyk, hytaý dilinde gürleýärdik, dine uýmaýardyk.

Žanylyň ene-atasy Sinjiangda biznes işini ýola goýupdyrlar. Onuň ejesi Hytaýdan daşary ýurda, hatda uzak wagtlap gidip bilipdir, mysal üçin, Žanylyň gyzy doglanda. «Eger pasportyň polisiýanyň elinde bolsa, onda näme üçin, kimiň ýanyna we nirä gitmek isleýändigiňi düşündirýäň ýa-da para berýärsiň. Emma 2013 - 2014-nji ýyllarda ýagdaý gowudy, adamlaryň pasporty elindedi. Biziň üçimizem işe gowy ýerleşdik, ene-atamyzyň ýanyna baryp gelýärdik. Käşgä olaryň biz sebäpli garranlarynda jebir-süteme döz geljegini bilmesedik! Näme üçin biz olary ol ýerden hemişelik çykarmadyk?» diýip, Žanyl gynanýar.

Žanylyň tanyşlarynyň aýtmagyna görä, 2017-nji ýylyň başynda onuň ejesiniň, şol ýylyň aýagynda hem kakasynyň tussag edilmeginiň sebäbi salgyt tölemezlik we häkimiýetlere garşylyk görkezmegi bolupdyr.

«Çagalara ata-mamasynyň nirededigini düşündirmek kyn – diýip, Žanylyň adamsy Adilžan gürrüň berýär: – Olaryň diri galjagy gaty gümana. Garrylaryň köpüsi ol ýere baky gidýärler. Her niçik ýagdaýda-da, Gyrgyzystanyň häkimiýetlerine ýüz tutmagyň peýdasy ýok».

«BIZIŇ TÜRMELERIMIZDE-DE HYTAÝLYLAR OTYR, ÝÖNE HYTAÝ HÖKÜMETI BIZE GYGYRMAÝAR»

Gyrgyzystanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we adam hukuklary babatynda Hytaýdaky etniki gyrgyzlara sütem edilýändigi giň seslenme tapanok; sebit we dünýä habar beriş serişdelerinde köplenç diňe uýgurlar ýa-da uýgurlar bilen gazaklar hakda gürrüň gidýär. Gazagystanyň «Атажұрт еріктілері» guramasynyň maglumatyna görä, bir milliondan gowrak uýgur, 700 müňden gowrak etniki gazak we 50 müňden gowrak etniki gyrgyz şol lagerlerden geçipdir. Tussaglaryň arasynda beýleki türki dilli halklaryň wekillerinden özbekler, tatarlar, hytaý dilli musulman – hueýler, şeýle hem yslam ýa-da prawoslaw dinini kabul eden Hytaý graždanlary bar. Umumylykda, "Hytaýyň Sinjiang-Uýgur awtonom sebitinde iş orunlary we zähmet hukuklary baradaky hasabatda" görkezilişine görä, ‘ekstremizme we terrorçylyga garşy göreş merkezleri’ diýilýäninden 7,7 million adam geçdi.

Öz ildeşleriniň hukuklarynyň bozulýandygy baradaky habarlara garamazdan, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň häkimiýetleri ykdysady taýdan Hytaýa garaşly bolansoň, olar üçin töwellaçylyk etmek islemeýärler. Hökümetler bu hakykaty açmaga synanyşýan aktiwistlere hem ynsan hukuklaryny goraýjylara-da basyş edýärler.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 2017-nji ýylda geçen gazaklaryň Bütindünýä gurultaýynda eden çykyşynda, Hytaýda ýaşaýan etniki gazaklaryň kynçylyklaryndan habarynyň bardygyny boýun aldy. Soňra Gazagystanyň häkimiýetleri öz ildeşleriniň tussag edilmegi sebäpli Hytaýa birnäçe gezek närazylyk notasyny iberdi. Gazagystanda Sinjiangda tussag edilen etniki gazaklaryň garyndaşlarynyň metbugat konferensiýalary we mitingleri yzygiderli geçirilýär.

Gyrgyzystanda bolsa garyndaşlary Hytaýda ýitirim edilen adamlaryň ýa-da ol ýerden gaçyp çykan Hytaýyň etniki gyrgyz graždanlaryň ýagdaýy baradaky seslenmeler giňden ýaýranok. “Biziň türmelerimizde-de hytaýlylar otyr, ýöne hytaý häkimiýetleri bize gygyrmaýarlar. Hytaýda ýaşaýan gyrgyzlar Hytaýyň graždanlary, olar Hytaýyň kanunlaryna tabyn. Bu howply däl, diňe seresap bolmaly " diýip, öňki prezident Sooronbaý Žeenbekow hytaýly gyrgyzlaryň öz ýakynlaryny lagerlerden halas etmek baradaky haýyşyna jogap berdi.

Serikžan Bilaş ilkinji bolup, Hytaýdaky repressiýalar we ol ýerdäki "syýasy täzeden terbiýeleýiş” lagerleri barada aýdyp başlady. Ol Gazagystanda «Атажұрт» guramasyny esaslandyryp, hytaý lagerlerinden başyny alyp çykan etniki gazaklara, gyrgyzlara, uýgurlara we beýlekilere, şeýle hem olaryň garyndaşlaryna işjeň kömek berdi.

2019-njy ýylyň martynda Gazagystanyň häkimiýetleri Bilaşy "ýigrenji öjükdirmekde" aýyplap, oňa jerime saldylar, bäş aý öý tussaglygynda sakladylar we ýedi ýylyň çäginde jemgyýetçilik guramalaryna ýolbaşçylygy gadagan etdiler. Guramanyň wekilleriniň habaryna görä, onuň elektron dokumentlerini hem resminamalaryny elinden alypdyrlar.

Gazagystanda ýaşaýan Ýewgeniý Bunin uýgur dilini öwrenýär, terjimeçilik edýär hem shahit.biz web sahypasyny ýöredýär. Onuň web sahypasynda Hytaýyň "täzeden terbiýeleýiş” lagerlerinden çykan 7 müňden gowrak tussagyň aýdyp beren başdan geçirmeleri bar. Bunin köpçülikden pul ýygnap, Hytaýdan Gazagystana göçüp gelen bosgunlara kömek edýär.

«BU ÝERDE BIZ EDIL HYTAÝDAKY ÝALY, HUKUKSYZ ÝAŞAÝARYS»

Hytaýdan Gazagystan bilen Gyrgyzystana göçüp ýa-da gaçyp gelenleriň ählisi o ýurtlardan pasport almak we ýaşamak üçin howlugyp barmaýarlar, onuň bir sebäbi jemgyýete uýgunlaşmagyň kynlygy. Etnik gazaklara hem gyrgyzlara kiril ýazuwyna öwrenişmek kyn, rus dilini bilmezligi-de olary köseýär. Gazagystan bilen Gyrgyzystanda rus dilidöwlet dili derejesinde, aýratynam şäher ýerlerinde aktiw ulanylýar.

«Biz – hytaý gyrgyzy Gyrgyzystanda hem aýratyn diaspora, ýagny etnik azlyk. Bize bolan garaýyş hem "kesekilere" bolşy ýaly. Biz bu ýerde Hytaýda bolşy ýaly, örän çäkli hukukda ýaşaýarys, belki, ol ýerdäki hukugymyzdan birneme giňräkdir – diýip, Žanna aýdýar. Olaryň maşgalasy uzak wagtlap iki ýurduň arasynda söwda biznesini ýöredipdir. – Serhetden geçenimizde, olar bizden para aldylar, Bakiýewiň döwründe bolan bulam-bujarlyk bolsa biziň bar biznesimizi aldy. Polisiýamy, jenaýat toparymy – bary talap edip, ahyrynda bizi boş galdyrdylar».

Özleriniň Hytaýa gaýtarylyp berilmeginden howatyr edip, Gazagystanda ýa-da Gyrgyzystanda galmakdan gorkýan bosgunlar hem bar. 2011-nji ýylda Gazagystan uýgur bosguny Arşidin Ysraýyly Hytaýa ekstradisiýa etdi, ol terrorçylyk hereketlerine gatnaşmakda aýyplandy.