Lebapda polisiýa we howpsuzlyk gulluklary yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän raýatlary yzarlamak, olara mejbury alkogol içirtmek, şeýle-de sakgal goýberen adamlaryň sakgallaryny syrdyrmak çärelerini ýene güýçlendirýärler.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçysy bu görnüşli reýd çäreleriniň ýylyň dowamynda ençeme gezek geçirilýändigini, ozalky gezeklerden tapawutlylykda indi howpsuzlyk güýçleriniň, yslam dini adatlaryny berjaý edýänleri ýüze çykarmak üçin, şugullary hem işjeň ulanyp başlandyklaryny belleýär.
Habarçymyzyň 22-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, häzir bu reýd çäreleri Lebabyň esasan Farap we Çärjew etraplarynda geçirilýär.
“Şu hepdäniň ortalaryndan bäri ýaşy 55-den geçmedik, yslam adatlaryny berjaý edýän, günde namaz okaýan raýatlary ýerli jaý ulanyş edarasyna we arçynlyklara çagyryp, düşündiriş işlerini geçirýärler. Howpsuzlyk güýçleri bu adamlary ýüze çykarmakda ilat arasyndaky şugullaryň maglumatlaryna hem bil baglaýarlar” diýip, efirde adynyň Didar diýlip tutulmagyny soran Farabyň 30 ýaşly ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy saklanan raýatlary sakgally we sakgalsyz surata düşürýärHabarçymyz polisiýanyň köçede sakgaly sähel ösen adamlary saklap, polisiýa bölümine eltýändigini, olara "dini ekstremist" we "wahabist" diýlip şübhe bildirýändigini hem belledi. Polisiýa edarasynda kanun goraýjy we howpsuzlyk işgärleriniň paýyş sözleri ulanyp, adamlaryň mertebesini kemsidýändigi hem nygtalýar.
“Iş-alada bilen bir hepde töweregi sakgallymy syrmandym. Gorag maskasy sähel aşak düşse, sakgallymyň bardygyny görse bolýardy. Çarşenbe güni Farabyň köçesinden barýarkam, polisiýa işgärleri ylgap gelip, ‘sakgallyň bar’ diýip, polisiýa bölümine äkitdiler. Dini däp-dessurlary berjaý edip-etmeýändigim, arak içip-içmeýändigim bilen gyzyklandylar. Iki sagat çemesi sorag etdiler” diýip, Didar başdan geçirenlerini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol sözüni dowam etdirip: “Tanyşlarymyň arasynda dini adatlary berjaý edýänler bilen gyzyklandylar. Men beýle tanyşlarymyň ýokdugyny aýtdym. Polisiýa çala ösen sakgally ýüzümiň pasportdaky suratyma gabat gelmeýändigini öňe sürüp, elime päki berip sakgalymy syrdyrtdy. Soňra-da, ‘wahabist bolmaýan bolsaň, iç” diýip arak içirtdiler we sebäbini düşündirmezden, hiç hili kwitansiýa doldurmazdan, 50 manat möçberinde jerime töletdiler. Şol gün polisiýa bölüminde meniň ýaly ýene 10 töweregi adam bardy” diýip, Didar sözüne goşdy.
Mundan başga-da, habarçymyz geçen anna güni Farapda 10 töweregi adamyň bir öýde jemlenip juma namazyny okaýan pursady, polisiýanyň kürsäp girip, olaryň ählisini tussag edendigini hem anyklamagy başardy. Ýatlatsak, ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri, beýleki çäklendirmeler bilen birlikde, metjitleri hem ýapypdylar.
Degişli maglumat Lebapda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlerden ‘Arkadagyňky ýaly’ çal saçly bolmak talap edilýär“Saklanan adamlary ‘karantin düzgünlerini bozmakda’ aýyplap, wagtlaýyn tussaghana äkitdiler. Olaryň ykbaly barada häzirlikçe maglumat alyp bolmady” diýip, bu ýagdaýlary yzarlaýan faraply ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, şeýle-de Çärjew we Farap etrap häkimliklerinden, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Lebapdaky bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleriniň dil üsti bilen berýän görkezmeleri esasynda amal edilýändigi aýdylýan raýatlaryň sakgal goýbermegine girizilen gadagançylyklar indi ençeme ýyl bäri dowam edýär.
Türkmen resmileri bu gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.