Polisiýa ýokary klas okuwçylarynyň telefonlaryny ýygnady

Illýustrasiýa suraty.

18-nji ýanwar güni paýtagtyň 15-nji orta mekdebiniň 10-11-nji synp okuwçylary garaşylmadyk bir waka şaýat boldy. Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa işgärleri ýokary klaslara aýlanyp, mekdebe telefon getiren okuwçylaryň telefonlaryny ýygnap aldy.

Aradan iki gün geçenden soň, birnäçe ene-ata heniz hem öz çagalarynyň telefonlaryny polisiýadan yzyna alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Polisiýa ýönekeý telefonlary şol gün yzyna gaýtaryp berdi, ýöne okuwçylardan ýygnalan smart telefonlary öz ýanlary bilen alyp gitdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Aşgabatly habarçynyň sözlerine görä, duşenbe güni mekdepde üçünji sapak dowam edýän wagty polisiýa uniformaly bir aýal adam klaslara girip, oglan-gyz tapawudy ýok, okuwçylaryň ählisiniň ýeke-ýekeden sumkalaryny barlap başlaýar; kitaplaryň sahypalaryny barlaýar; telefonly okuwçylaryň telefonlaryny ýygnap alýar.

Degişli maglumat Lebabyň mekdeplerinde barlag geçirilip, mugallymlara jerime salyndy

Polisiýa az salymdan adaty telefonlary eýelerine gaýtaryp berýär, diňe smart telefonlary saklap galýar.

“Ýöne bellemeli ýeri, foto we wideo ýazgy etmäge ukypsyz telefonlary yzyna, okuwçylara gaýtaryp berdiler” diýip, wakadan habarly bir aşgabatly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Kimde akylly telefon bar bolsa olary ýygnap alyp gitdiler” diýip, ol sözüne goşdy.

Halkara hukuk goraýjy toparlar türkmen hökümetini maglumata berk gözegçilikde tankyt edýärler.

Akylly telefonlar ulanyjylara, beýleki mümkinçilikler bilen bir hatarda, Internete baglanmaga, şeýle-de isleg bildirýän raýatlara ýurtda dowam edýän uçdantutma senzuranyň daşyna çykmaga rugsat berýär. Galyberse-de, smart telefonlar ulanyjynyň töwereginde bolup geçýän wakalary ýazgy etmegine, onuň maglumatlary birek-birek bilen paýlaşmagyna mümkinçilik berýär.

Ýöne paýtagtyň 15-nji mekdebinde ýokary klas okuwçylardan akylly telefonlaryň polisiýa tarapyndan ýygnalyp alynmagynyň sebäpleri aýdylmaýar.

Polisiýa işgäri okuwçylardan ýygnalan telefonlaryň Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikler işi baradaky bölümçesinde öýlän sagat 4:00-den soň yzyna gaýtarylyp beriljekdigini aýdýar.

Bu bölümçe Aşgabatda döwlet sirkiniň golaýynda ýerleşýär.

Ýokary klaslarda okaýan çagalarynyň akylly telefonlary ellerinden alnan ene-atalar telefonlaryny yzyna almak üçin Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa bölümine barýar. Ýöne telefonlaryny yzyna gaýtaryp alyp bilmeýärler.

Degişli maglumat Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan mugallymlar meýletin-mejbury işden çykaryldy

“Biz şol gün (18-nji ýanwarda) bellenen wagtda polisiýa bölümine bardyk. Ýöne bölümde oturan zenan maşgala bize ertir mekdepde uly ýygnak boljakdygyny, şonda 100 manat jerime töläp, telefonlary yzyna gaýtaryp alyp biljekdigimizi aýtdy” diýip, bir ene-ata Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. “Häzir telefonlar yzyna berilmez” diýip, polisiýa bölümindäki aýal aýdypdyr.

Habarçy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan bir polisiýa işgäri ýokary klas okuwçylaryň smart telefonlaryny ýygnap almak işleriniň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň tabşyrygy bilen ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Anonim polisiýa işgäri telefonlaryň ýadyndaky maglumatlary, şol sanda wideolary we suratlary barlamagyň maksat edinilýändigini sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler ýygnalan akylly telefonlarda haýsy saýtlara girilendigini hem barlaýar.

20-nji ýanwarda Azatlygyň habarçysy bu waka barada goşmaça maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, çarşenbe güni irden 8:45 töwereklerinde ene-atalar çagalarynyň telefonlaryny polisiýadan yzyna gaýtaryp almak üçin Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikler işi baradaky bölümçesiniň öňüne üýşdüler.

“Olar 10:30-a çenli garaşdylar, soňra polisiýa bölümçesiniň başlygyna jaň etdiler. Ol öýlän sagat 3-den soň geljekdigini aýtdy. Öýlän näme diýer, göreris!” diýip, bir ene-ata aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda habarçy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ene-ata özüniň 51 manat möçberinde jerime töläp, çagasynyň telefonyny polisiýadan yzyna gaýtaryp alandygyny aýtdy. Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, bu jerime Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrap Maliýe we ykdysadyýet bölüminde "administratiw jerime" hökmünde hasaba alnypdyr.

Türkmen mekdeplerinde okuwçylara we mugallymlara mekdebe telefon getirmezlik barada wagtal-wagtal duýduryş berilýär. Bu gadagançylyk ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine-de degişli bolýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow kompýuteriň, telefonyň we planşetiň ‘zyýanlary’ barada ilkinji gezek aç-açan çykyş etdi. Indi näme bolar?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär